UGANDANYŇ GEÝLERE GARŞY KANUNY ADAM HUKUKLARYNA HOWP SALÝAR
29-njy maýda Uganda resmi taýdan LGBTQ adamlara garşy dünýäde iň berk kanuny kabul eden ýurtlaryň biri boldy. Kanun gomoseksualizm üçin ömürlik tussaglygy we AIW keselliler, çagalar we ilatyň beýleki ejiz toparlary bilen birmeňzeş jynsly gatnaşyk saklanlara ölüm jezasyny bermegi hem öz içine alýar.
Bu kanuny global saglyk we adam hukuklary jemgyýetleri dessine ýazgardylar:
↪ Yzygiderli gomoseksual gatnaşykda bolýan we gomoseksual gatnaşyklar arkaly AIW, AIDS ýaly bejerip bolmaýan keselleri ýokuşdyran (jynsy gatnaşyk AIW statusyndan habarly geçirilse-de) jenaýatkärlere ölüm jezasy berler.
AIW-e garşy göreş howp astynda: Global Fund, UNAIDS we PEPFAR ýaly global saglyk toparlary bilelikdäki beýannamasynda Ugandada stigmanyň we diskriminasiýanyň möwjemegi sebäpli AIW-iň öňüni alyş we bejeriş çärelerine çynlakaý howp abanýandygyny duýdurdylar.
Kanuna garşy global reaksiýalar:
↪ "Şu gün Ugandanyň prezidenti döwlet tarapyndan maliýeleşdirilen gomofobiýany we transfobiýany kanunlaşdyrdy" – diýip Ugandanyň adam hukuklary aktiwisti Klare Byarugaba belleýär.
↪ Birleşen Patyşalygyň, Norwegiýanyň we Kanadanyň liderleri hem kanuny ýazgardylar. ABŞ-nyň prezidenti Joe Baýden kanuny "ählumumy adam hukuklarynyň elhenç bozulmagy" diýip atlandyrdy we Uganda berilýän kömegi bes etmek bilen haýbat atdy.
Indiki howp Tanzaniýa we Keniýa abanýarmy?
Aprelde LGBTQ adamlara garşy kanunyň taslamasyny hödürlän keniýaly deputat George Kaluma, Ugandanyň kanunyny gutlap, "Keniýa adamzady halas etmek ugrunda sizi yzarlaýar" – diýip belledi. Reuters habarlar agentligine görä, Tanzaniýa hem şuňa meňzeş kanuny taýýarlamagy göz öňünde tutýar.