ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ RAK KESELINI ANYKLAMAK ÜÇIN TÄZE TEST

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniňyat boyun rak anyklamak testi esasy sebäbi bolan adamyň papillomawirusyny (APW) barlamak üçin arzan, ulanmasy aňsat, täze DNA testi taýýarlanyldy. Bu test APW infeksiýalarynyň köplenç anyklanylman galýan ýerleri bolan az resursly ýurtlarda skrining barlaglaryny mazaly artdyryp biler.

Irki synagyň netijesine görä, Rice uniwersitetiniň oýlap tapan testi 45 minutda netije berýär we bahasy bary-ýogy $5.

Häzire çenli ulanylyp gelinýän testiň bahasy welin $17 we ony geçirmek üçin $17,000 dollarlyk ulgam gerek bolýar. "[Test etmek üçin] tokly, kondisionerli we internetli barlaghanalar gerek – bu şertler bolsa, dünýäde lukmançylyk idegi berilýän ençeme ýerde ýok" – diýip, ýazyjy Rebekka Riçards-Kortum belleýär.

Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňi alynmaýar

Ýatgynyň boýunjygynyň ragy ylmyň şowsuzlygy we üstünligidir. Bu görnüşli ragyň öňüni alyp bolýandygyna garamazdan, her ýyl 600,000 aýal oňa duçar bolýar we 350,000 aýal ondan ýogalýar. BSGG görä, bu aýallaryň 90% -i pes girdejili ýurtlarda ýaşaýarlar.

Häzirki wagtda, APW-ny bejermek we öňüni almak üçin birnäçe usullar bar: APW ýokançlygyna garşy waksinalar, APW-ny takyk ýüze çykaryş ýollary we APW siňňillerini doňdurmak ýa-da lazer bejergileri. Ýöne, APW testi üçin zerur bolan çykdajylar we infrastruktura ýetmezçiligi ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini azaltmakda esasy päsgelçiliklerden biridir.

Testiň synagy: Test ABŞ-da synag edilenden soň, alymlar Mozambigiň paýtagty Maputuda gelejegi uly netijeleri gazandylar. Testler ABŞ-nyň laboratoriýasyndaky synaglara garanyňda, has az dogry netije berdi we kän ýalňyş negatiw netijeleri görkezdi. Ýöne, bu üýtgeşmeler barlaghana şertlerinden daşarda garaşylýan zatdy.

Häzirki wagtda test rak keseline sebäp bolýan APW-nyň diňe APW16 we APW18 görnüşlerini ýüze çykarýar. Barlag topary ýene-de 6 sany howply APW ştamyny kesgitlemek üçin testiň hilini ýokarlandyrmak isleýär.

  • 293 gezek okalan