ÝOKANÇLYKLARYŇ TÄSIRI NÄME ÜÇIN KÄTE UZAK DOWAM EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yokanclyklaryn tasiriAdatça, patogen (kesel dörediji bakteriýa, wirus ýa-da başga bir mikroorganizm) bedenimize aralaşanda immunitetimiz oňa jogap berip, mikroskopik parazitleri ýok edýär.

Emma, käbir adamlarda beýni dumanlamasy, nerwi duýgurlygy we demgysma ýaly bozulmalar ýokançlykdan gutulansoňlar hem uzak dowam edip bilýär.

COVID ýa-da laýma keseli (sakyrtgalardan ýokuşýan infeksiýa) ýaly ýokançlykdan soňra döreýän näsaglyk ylaýta-da aýallara täsir edýär we şol sanda aýallary sosial-ykdysady ýagdaýy, milleti, etniki ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça dandamaýar. Ýagny, ol dünýäde islendik ýerdäki we ýaşdaky aýalda ýüze çykyp bilýär.

Näme üçin infeksiýanyň uzak möhletli täsirleri ýüze çykýar? Käbir teoriýalar:

↪ Immun ulgamynyň wirusy ýa-da bakteriýalary böwetleýän çişme reaksiýasy patogen aýrylansoň hem dowam edýär.

↪ Ilkibaşda bedende köp mukdarda öndürilýän antibedenler soňra bedene hüjüm edýän autoantibedenleriň döremegine sebäp bolýar.

↪ Anyklap bolmajak derejede az sanly patogenleriň bedende saklanyp galmagy simptomlary dowam etdirýär.

2021-nji ýylyň fewralynda epidemiologiýa boýunça professorlar Duggal, Lau we Mehta bilelikde Uzak dowam edýän COVID-19 barlagyny ýola goýdular. Topar barlagda COVID-19 ýokuşandan hepdeler we aýlar soňra adamlaryň başdan geçirýän saglyk meseleleriniň ýitiligi we görnüşleri, keseliň adamlaryň öňki işjeňligini nä derejede çäklendirýändigi barada bütin dünýä boýunça maglumat ýygnaýarlar.

Aslynda, professorlar pandemiýanyň ilkinji günlerinde kesel ýokuşmadyk adamlaryň toparyny kesgitläp, olara uzak wagtyň dowamynda gözegçilik etmek isleýärdiler. Gözegçiligiň netijesinde hem, bedeniň COVID infeksiýasyndan soňky biologiýasyny bedeniň keselden öňki ýagdaýy bilen deňeşdirmek arkaly SARS-CoV-2 ýokançlygy sebäpli dörän üýtgeşmelere düşünip bilerdiler.

Emma, häzirki wagtda juda köp adamyň COVID ýokançlygyny geçirendigi we/ýa-da oňa garşy waksina alandygy zerarly, wirus ýokuşmadyk adam tapmak mümkin däl diýen ýaly. Indi, professorlar COVID-19-dan soňky simptomlaryň adamyň umumy saglygyna nähili täsir edýändigi we daşarda ýöremek, basgançaklara münmek, biş-düş we arassaçylyk etmek ýaly, ýönekeý işleri ýerine ýetirmek ukyby barada jikme-jik maglumat ýygnamaga synanyşýarlar.

Häzire çenli, professorlaryň geçiren sowalnamasy 17,500-den gowrak jogap toplady. Olar deslapky derňew üçin 25,000 jogap ýygnamagy umyt edinýärler. Topar uzak dowam edýän COVID bilen bagly maýyplyga, ýagny köp halatlarda adamlaryň gündelik işleri ýerine ýetirmek ukybynyň biçak çäklenmegine ünsi jemlediler. "Bir wirusyň muny edip biljekdigini bilmek haýran galdyryjy. Biziň ähli edip biljek zadymyz [kesele] has gowy düşünmek üçin öwrenmegi dowam etmegi umyt edinmekdir" – diýip, Duggal belleýär.

Çeşme

  • 247 gezek okalan