YZDA GALAN ÇAGALARYŇ TÖTÄNLEÝIN ŞIKESLENMESI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

cagalaryn totanleyin sikeslenmesiÇagalaryň we ýetginjekleriň tötänleýin şikeslenmesi bütin dünýäde esasy saglyk meselesidir. Bu şikesler diňe bir çaganyň fiziologiýasyna we psihologiýasyna ýaramaz täsir etmän, eýsem maşgalalar we jemgyýet üçin uly ykdysady ýitgi we sosial ýük bolýar.

Hytaýda geçirilen barlag çagalaryň we ýetginjekleriň, esasanam yzda galan çagalaryň (başga ýere işlemäge giden ene-atalaryň yzlarynda goýup giden çagalary) arasynda bilkastlaýyn däl şikeslenmeleriň ýokary derejededigini ýüze çykardy. Barlaga gatnaşanlaryň 64.8%-i azyndan bir gezek şikeslenipdir.

Barlagda Hytaýyň Liaoning welaýatyndan 10-19 ýaş aralygyndaky 2,786 gatnaşyjy sowalnama doldurdylar. Çagalaryň jogaplaryna görä, iň köp ýaýran şikesler ýykylmalary (29.7%), gypjynmalary (27.2%), ýanmalary we ýanyklary (20.3%) öz içine alýar.

Yzda galan çagalarda ýanyk, kesik we haýwanlaryň dişlemegi ýaly şikeslenmeler hossarlarynyň gözegçiligindäki çagalara garanyňda has ýygy duş gelýär. Orta synp okuwçylary başlangyç synp okuwçylaryna garanyňda şikeslenmäni 1,296 esse, gyzlar bolsa 1,252 esse kän habar berýärler.

Şeýle hem, barlag bu şikesleriň ýüze çykmagyna täsir edýän birnäçe faktorlary kesgitledi. Tötänleýin şikeslenme barada düşünjesi pes, akyl saglygynyň bozulmasynyň alamatlary bolan, tertip-düzgüni pes, ýakymsyz durmuş wakalary we kemsidilmeleri köp başdan geçiren çagalaryň we ýetginjekleriň birnäçe şikeslenmäni habar berme ähtimallygy ýokary çykdy. Bu töwekgelçilik faktorlary gözegçilik edilýän çagalar bilen deňeşdirilende yzda galan çagalara ägirt uly täsir edýär. Barlag töwekgelçilik astyndaky bu toparyň şikeslenmesiniň öňüni almak meselesine has köp üns berilmelidigini görkezýär.

Çeşme

  • 287 gezek okalan