TÄJIGISTANDA RAK KESELLILER HÖKÜMETDEN KÖMEK SORAÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tajigistanda rak kesellilerTäjigistanda onkologiýa pasiýentleri bejergi çykdajylarynyň gymmatlamagy we rak keseliniň her ýyl artmagy bilen göreşýärler. Saglyk resmileriniň ýurtda rak keselini anyklamagyň we bejermegiň mugtdugyny aýdýandyklaryna garamazdan, pasiýentleriň aglabasy olaryň töleglidigini nygtaýarlar. Ýurtda her ýyl 2,500 töweregi adam rakdan ölýär we 2022-nji ýylda täze hadysalaryň möwjemesi hasaba alyndy.

Täjigistanda aýallarda göwüs ragy we ýatgynyň boýunjygynyň ragy, erkeklerde bolsa aşgazanyň we içegäniň rak keseli köp duşýar.

Pasiýentler rak keselini bejermegiň çykdajylary we keseli anyklamak bilen bagly kynçylyklary belleýärler. Öýken rak keselli Mamura Abdusalomowa dermanlaryň bahasynyň elýetersizdigi sebäpli bejergisini doly alyp bilmän aradan çykypdyr. Başga bir pasiýent Rahima Boboýewa ragyň simptomlary ýüze çykandan 1 ýyl soň dogry diagnoz berlipdir. Boboýewa anyklaýyş we bejergi çykdajylarynyň azaldylmagyny, hatda olaryň mugt berilmegini isleýär.

Respublikan rak keselini öwreniş ylmy merkeziniň müdiriniň orunbasary Murod Akbarow rak keselli pasiýentleriň döwlet çeşmelerine baglylykda mugt bejerilýändigini belleýär. Akbarowyň aýtmagyna görä, rak keseliniň köpelmegine belli bir derejede keseliň döreme töwekgelçiligini artdyrýan halk lukmançylygy sebäp bolýar.

Moskwaly doktor Abdullo Dawlatow rak keseliniň ýokarlanmagyny gigiýenanyň pesligi, çilim çekmegiň we alkogol sarp edişiň artmagy bilen baglanyşdyrýar. Dawlatow irki anyklaýyş programmalarynyň kemçiligi we zyýanly endikleriň agdyklygy zerarly rak hadysalarynyň has-da ýokarlanjakdygyny duýdurýar.

Çeşme

  • 269 gezek okalan