DÜNÝÄDE 50 ÝAŞDAN KIÇILERIŇ ARASYNDA RAK KESELI 80% ÝOKARLANDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kicilerin arasynda rakÖňki barlaglar soňky onýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde 50 ýaşa ýetmedik ulularyň arasynda rak keseliniň köpelýändigini görkezdi. Şotlandiýanyň Edinburg uniwersitetiniň we Hytaýyň Hangzhou şäherindäki Zhejiang uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň ýolbaşçylygyndaky täze barlag bu meseläni global derejede gözden geçiren we ýaşrak ulular üçin töwekgelçilik faktorlaryny öwrenen ilkinji barlag boldy.

Alymlar bu global barlagda rak keseliniň 29 görnüşini öz içine alýan 204 ýurtdan maglumatlary seljerdiler. 2019-njy ýylda 50 ýaşa ýetmedikleriň arasynda täze rak keseli ýüze çykarylanlaryň sany 3,26 million bolup, 1990-njy ýyldaky görkezijiden 79% köpelipdir. Hadysalaryň we ölümleriň agramly bölegini göwüs ragy düzýär. Göwüs ragyndan soň ölümçiligiň aglabasy traheýanyň, öýkeniň, aşgazanyň we içegäniň rak keseli bilen baglanyşdyrylýar. Ölümçiligiň aşa ýokarlanmasy böwrek ýa-da ýumurtgalygyň rak keseli bilen kesellänleriň arasynda ýüze çykaryldy.

2019-njy ýylda irki rak keseliniň (50 ýaşdan kiçilerde döreýän rak) döremesiniň iň ýokary derejesi Demirgazyk Amerika, Okeaniýa we Günbatar Ýewropa sebitleri eken. Pes we orta girdejili ýurtlar hem mundan täsirlenip, 50 ýaşa ýetmedikleriň arasynda ölüm derejesiniň iň ýokary sebitleri – Okeaniýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa.

Pes we orta girdejili ýurtlarda ýaramaz saglyk ýagdaýy we ölüm derejesi taýdan irki rak keseliniň ýüze çykmasy erkeklere garanyňda aýallara has köp täsir edýär.

Soňky üç onýyllygyň dowamynda geçirilen syna esaslanyp, ylmy barlagçylar 2030-njy ýyla çenli dünýäde irki rak keseliniň 31% we onuň bilen bagly ölümleriň 21% artjakdygyny çaklaýarlar. 40 ýaşlaryndaky adamlaryň rak bilen keselleme töwekgeçiligi has uly.

Ylmy barlagçylar genetiki faktorlaryň keseliň döremeginde rol oýnap biljekdigini aýdýarlar. Emma, barlaga görä, gyzyl etiň we duzly iýmitleriň köp sarp edilmegi, miweleriň we süýdüň az mukdarda iýmilmegi, şeýle hem alkogol we temmäki önümleriň ulanylmagy 50 ýaşa ýetmedikleriň arasynda ragyň döremeginiň esasy töwekgelçilik faktorlarydyr. Fiziki hereketsizlik, süýji keseli we aşa semizlik rak keseliniň ýüze çykmasyna goşant goşýan sebäplerdir.

"Eger adamlar rak keseliniň döremeginden howatyrlanýan bolsalar, çilim çekmezlik, deňagramly iýmitlenmek, köp maşk etmek we günden goranmak ýaly töwekgelçiligi azaltmagyň ençeme usuly bar" – diýip, Birleşen Patyşalygyň Rak barlaglary boýunça saglyk maglumatlarynyň uly dolandyryjysy Dr. Claire Knight aýdýar.

  • 288 gezek okalan