< < GAZAGYSTANDA MÜŇLERÇE GYZAMYK KESELİ HASABA ALYNDY - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

GAZAGYSTANDA MÜŇLERÇE GYZAMYK KESELİ HASABA ALYNDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kz gyzamyk keseli2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Gazagystanda 4306 sany gyzamyk keseli hasaba alyndy. Kesellänleriň 83%-i 14 ýaşa ýetmedik çagalardyr.

Epidemiologlaryň aýtmagyna görä, gyzamyk bilen kesellänleriň 70%-i waksina almadyk çagalardyr. Waksina berilmezliginiň sebäplerine waksina almakdan ýüz öwürmek, lukmançylyk garşy görkezmeleri, waksina ýaşyna ýetmezlik we beýleki sebäpler degişli. Waksina alandygy ýa almadygy näbelli ýagdaýlar bolsa hadysalaryň 18%-ini düzýär.

Şeýlelikde, gyzamyk keseliniň ýaýramagynyň esasy sebäbi gyzamyga garşy waksinanyň alynmazlygydyr.

Gyzamygyň beýin bardalarynyň çişmesi (ensefalit – 1-4%), öýkeniň (pnewmoniýa – 1-6%), gulagyň (otit – 7-9%) sowuklamasy we şuňa meňzeş gaýraüzülmeler sebäpli ölüm howpludygyny unutmaly däldiris. Gyzamyga garşy ýörite bejergi ýok.

Gyzamyk keseliniň öňüni almagyň ýeke-täk usuly wagtynda waksina almakdyr. Çagalar üçin gyzamyk immunizasiýasy 1 we 6 ýaşda amala aşyrylýar.

Gyzamyk waksinasiýasy üçin Hindistanyň Serum institutynyň öndüren gyzamyga, gyzylja we hapgyrtma garşy waksinalaryň utgaşmasy bolan waksina ulanylýar. Bu waksinanyň önümçiligi waksinalaryň hilini we howpsuzlygyny kepillendirýän BSGG-nyň irki kwalifikasiýasyna eýedir.

Çeşme

  • 293 gezek okalan