2023-NJI ÝYLDA GLOBAL AIDS NÄHILI ÝAGDAÝDA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

2023 global aidsDiňe 20 ýyl mundan öň hem global AIDS pandemiýasy ýeňip boljaga meňzemeýärdi. Her ýyl 2.5 milliondan köp adama AIW ýokuşýardy we AIDS zerarly ýylda 2 million adam aradan çykýardy. Netijeli bejergiler we dermanlar oýlanyp tapylan hem bolsa, bahasynyň gymmatdygy sebäpli olardan sanlyja adam peýdalanyp bilýärdi. UNAIDS-iň ýakynda çap eden global AIDS baradaky soňky hasabaty häzirki wagtda dünýäde AIW bilen ýaşaýan 39 million adamyň 29.8 millionynyň ölümden halas ediji bejergileri alýandygyny görkezýär.

↪ 2004-nji ýyldan bäri AIDS bilen bagly ölümler 69% azaldy.

↪ 2022-nji ýylda dünýäde AIW bilen ýaşaýan adamlaryň 71%-inde bedendäki wirusyň mukdary basyp ýatyrylan derejä ýetdi – munuň netijesinde olar has uzak we has sagdyn ömür sürüp bilýärler we wirusyň başgalara ýokuşma töwekgelçiligi peselýär. Emma, AIW-li çagalaryň diňe 46%-i bu derejä ýetdi.

↪ 2022-nji ýylda iň az (1.3 mln) täze AIW hadysalary hasaba alyndy.

↪ Subutnama esaslanýan syýasatlary we ýörite öňüni alyş programmalaryny ornaşdyran Botswana, Kamboja, Kamerun, Nepal we Zimbabwe ýaly ýurtlar täze infeksiýalaryň we ölümleriň sanyny azaltmakda örän uly üstünliklere ýetdiler.

↪ AIW ýokuşmasynyň öňüni almak üçin antiretrowirus dermanlaryny ýokary töwekgelçilikli toparlara üpjün edýän ýurtlaryň sany 10-a ýetdi. 

Ençeme ýurtlar AIDS bilen göreşmekde dogry ädimleri ätýärler we hasylyny hem alýarlar, emma käbir ýurtlar we sebitler päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup, saldamly ösüş gazanyp bilmeýärler.

2010-njy ýyldan bäri Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde (49%), Orta Gündogarda we Demirgazyk Afrikada (61%) täze infeksiýalar aladalandyryjy derejelerde artyp gelýär. Munuň sebäbi bolsa öňüni alyş hyzmatlarynyň kemçiligi, jezalandyryjy kanunlar, zulum, köpçülikleýin biabraýçylyk we diskriminasiýa bilen düşündirilýär. Bu sebitlerdäki ýurtlaryň köpüsinde ýokary töwekgelçilikli toparlar üçin AIW we beýleki hyzmatlar örän az, elýetersiz ýa-da düýbünden ýok. Bu päsgelçilikler zerarly 2022-nji ýylda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde, Orta Gündogarda we Demirgazyk Afrikada AIW bilen ýaşaýan adamlaryň diňe ýarysyna golaýy antiretrowirus terapiýasyny alypdyr. Şeýle-de, biziň sebitimizde AIW bilen ýaşaýan aýallara garanyňda AIW bilen ýaşaýan erkekeriň has az sanlysynyň bejergi alýandygy aýdylýar. Antiretrowirus derman serişdeleri hem sebitimizde günbatar we merkezi Afrika bilen deňeşdireniňde 2.5 esse gymmat. 

Gynansakda, UNAIDS-iň Türkmenistan boýunça faktlar kagyzynda ýurtda AIW bilen bagly anyk sanlar we maglumatlar berilmeýär. Onda diňe 2019-njy ýylky we ondan öňdäki birnäçe görkezijileri görmek bolýar. Görkezijilere görä, ýurtda 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň 76.6 göterimi AIW bilen ýaşaýan adamdan gök-önüm satyn almajakdygyny we 60.9 göterimi AIW bilen ýaşaýan çagalaryň AIW negatiw çagalar bilen bir mekdepde okamaly däldigini aýdypdyrlar. Galyberse-de, 15-24 ýaşly ýaşlaryň diňe 3.4 göterimi AIW-iň öňüni alyş çärelerinden habarly eken. 

Ýurtlar AIW-e üstünlikli çäre görmek üçin näme etmeli?

↪ Elýeterli AIW-iň öňüni alyş we bejeriş hyzmatlaryny üpjün etmeli.

↪ Adam hukuklarynyň deňligini we goraglylygyny gazanmaly.

↪ AIW-e degişli hyzmatlary, resurslary we gurallary ulanmakda ähli deňsizlikleri aradan aýyrmaly.

↪ Ygtybarly, jikme-jik we özwagtynda ýygnalan sanlarydyr görkezijileri ulanmaly.

↪ AIW-e garşy göreşi syýasy borç edinmeli.

↪ AIW-iň täsir eden toparlaryny gatnaşdyrmaly.

↪ Gollanmalara, ylymda we tehnologiýada iň soňky üstünliklere esaslanyp, innowasion çemeleşmeleri ulanmaly.

↪ Derman serişdelerini we beýleki saglygy goraýyş tehnologiýalaryny hemmelere deň derejede elýeterli etmeli.

↪ Mäkäm, utgaşdyrylan we elýeterli jemgyýetçilik saglyk ulgamlaryny doly maliýeleşdirmeli.

  • 276 gezek okalan