GLOBAL DUÝDURYŞ: INSULT ÖLÜMÇILIGI ARTAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Lancet Newrologiýa komissiýasynyň hasabatynainsult olumciligi artar görä, bütin dünýäde ölümçiligiň ikinji sebäbi insult bolup, kesel 2050-nji ýyla çenli 50% ýokarlanar we insult ölümleriniň sany 9.7 milliona ýeter.

Insult (beýnä gan inme) beýnide gan aýlanyşyň güýçli bozulmasy bilen bagly bolan, örän agyr we howply keseldir.

Ýatlatsak, BSSG-nyň 2016-njy ýyldaky hasabaty Türkmenistanda ölümçiligiň esasy sebäpleriniň 47%-niň ýürek-damar kesellerdigini görkezýär. Şeýle-de, Türkmenistanda her 100.000 adamdan 76.1 adam beýin-damar kesellerinden ölýär.

Esasy meseleler:

↪ 2050-nji ýyla çenli insult ölümleriniň 90%-niň pes we orta girdejili ýurtlarda, diňe 9%-niň ýokary girdejili ýurtlarda bolmagyna garaşylýar;

↪ Bütin dünýäde ýaşlarda we orta ýaşlylarda (55 ýaşdan kiçiler) insult artýar;

↪ 2050-nji ýyla çenli insultyň ykdysady çykdajysy iki esse artyp, $2 trillion bolar.

Keseliň artmagynyň sebäbi näme? Insultyň möhüm töwekgelçilik faktory bolan ýokary gan basyş dünýäde ýeterlik bejerilmeýär. Süýji keseliň we semizligiň ýokarlanmagy ýaşlaryň arasynda insult keselini artdyryp biler.

Bütindünýä Insult guramasy – Lancet Newrologiýa komissiýasy esasy 4 ugra ünsi jemlemegi maslahat berýär:

↪ Insulta we onuň töwekgelçilik faktorlaryna gözegçilik;

↪ Öňüni alyş çäreleri;

↪ Tiz bejergi bermek;

↪ Insulty başdan geçiren adamlara reabilitasiýa hyzmatlaryny üpjün etmek.

  • 254 gezek okalan