SEBITIMIZDE ILAT WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÜSTÜNLIKLER WE KEMÇILIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ilat we osus2023-nji ýylyň oktýabrynda BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) we BMG-nyň Ilat gaznasy (UNFPA) Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýanyň hereketler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada sebitleýin hasabaty taýýarlady. Hasabatda UNECE sebitinde ilat we ösüş boýunça üstünlikler we kemçilikler bellenilýär. Biz hasabatyň Merkezi Aziýa barada gysga mazmunyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ilatyň dinamikasy we durnukly ösüş

UNECE sebitinde 1994-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň ilaty iň köp artyş görkezip, täze çagalaryň dogluş derejesi heniz hem häzirki nesliň ýerini tutjak derejeden ýokary (aýal başyna 2.1 çaga). Emma, 2015-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary migrasiýanyň artyşyny başdan geçirýärler. Merkezi Aziýada ömür dowamlylygy sebitiň beýleki ýerlerine garanyňda pes.

Jemi içerki önümiň birligi boýunça kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylary sebitleriň köpüsinde azalýar. Ýöne, 2017-nji ýyldan bäri täzelenýän energiýany ulanmakda käbir öňegidişliklere garamazdan, Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynda CO2 zyňyndylar artýar.

Merkezi Aziýada ene ölümçiliginiň howpy 1200 eneden 1 ene ölümine deň bolup, Günbatar Ýewropadakydan ep-esli ýokarydyr (9800 eneden 1-i ölýär). Merkezi Aziýada göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ulanylyşy iň pes derejededir. Ýagny, üç aýaldan biri göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň hiç bir görnüşini ulanmaýar. Merkezi Aziýada ýetginjeklik ýaşyndaky ýaşlaryň çaga dogurma derejesi sebitiň ortalama derejesinden ýokary.

Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgynyň rak keseli önelgelilik ýaşyndaky aýallaryň arasynda rak keseli bilen bagly ölümçiligiň ikinji sebäbi bolup durýar. Ýatgynyň rak keselini barlamak we bejermek Özbegistanda elýeterli. Gyrgyzystan ýaly ýurtlar adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksinanyň berilmegini artdyrýar.

AIW tendensiýalary: 2022-nji ýylda Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada 160,000 sany täze AIW hadysasy hasaba alnyp, bu 2010-njy ýyldaky sandan 49% köpdür. Bu görkeziji bellenilen döwür içinde dünýäniň islendik sebitiniň görkezijisinden ýokarydyr. 2022-nji ýylda sebitde AIDS ölümleriniň sany 2010-njy ýyldakydan 46% artdy. Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada antiretrowirus terapiýasyny (ART) AIW-lileriň ýarysyndan hem azy alýarlar.

Maşgala, jynsy we reproduktiw saglyk

Ene-atalyk rugsady: Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ähli 17 ýurdunda we sebitinde 16 hepdeden 52 hepde aralygynda çaga seretmek üçin enelik rugsady berilýär. Şeýle-de bolsa, diňe 8 ýurt enelere bu dynç alyş döwründe öňki gazançlarynyň 100%-ini berýär. Mundan başga-da, bu sebitdäki 11 ýurt hem ejelere hem kakalara ene-atalyk rugsadyny berýär. Emma, kakalyk rugsadynyň dowamlylygy enelik rugsadyna seredeniňde has gysga.

Gender-esasly zorluk: Gender-esasly zorluga UNECE sebitiniň ähli ýurtlaryndaky aýal-gyzlar sezewar bolýarlar. Soňky ýyllarda erkek adamyň aýalyny urmaga hukugynyň bardygyna ynanýan adamlaryň sany sebitdäki ýurtlaryň ýarysynda köpeldi – şol ýurtlaryň içine Russiýa, Gazagystan we Türkmenistan hem girýär (ýurdumyzda 15-49 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlaryň 58.4%-i adamsynyň özüne el galdyrmaga hakynyň bardygyny aýdýar). Emma, aýal-gyzlara edilýän zulum barada subutnamalar çäkliligine galýar, çünki zulum barada köplenç resmi şikaýat edilmeýär we edaralar tarapyndan ýeterlik hasabat ýygnalmaýar.

Adam söwdasy: Hasabatda Günbatar Ýewropada we Merkezi Aziýada adam söwdasynyň artýandygy bellenilýär. Sebitde adam söwdasynyň pidalary dürli milletlerden bolup, olaryň aglabasy jynsy ekspluatasiýa üçin satylýar.

Çeşme


  • 210 gezek okalan