MERKEZİ AZİÝADA AZYK ULGAMLARYNY GORAMAK WE GELEJEKKİ PANDEMİÝALARYŇ ÖŇÜNİ ALMAK - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

MERKEZİ AZİÝADA AZYK ULGAMLARYNY GORAMAK WE GELEJEKKİ PANDEMİÝALARYŇ ÖŇÜNİ ALMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ma azyk ulgamlaryny goramakSoňky 20 ýylda Merkezi Aziýa (MA) ilatyň we haýwanlaryň saglygy babatda uly ösüş gazandy. Emma, MA dünýäniň beýleki sebitleri ýaly COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmäge taýyn däldi. Sebit täze keseller, gaýtalanýan keseller we klimatyň üýtgemegi bilen bagly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bütindünýä bankynyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda çap eden hasabaty bilim we institusional mümkinçilikleri, pandemiýanyň öňüni alyş we taýýarlyk çärelerini, zoonozlaryň we mikroblara garşy durnuklylygyň (MGD) öňüni alyş we gözegçilik, azyk howpsuzlygyny gowulandyrmak, ekosistemanyň saglygy, milli we sebit derejede pudagara hyzmatdaşlyk boýunça boşluklary bahalandyrdy. Bahalandyrma barlaglara synlary, ýurt boýunça barlaglary we ýerli paýdarlar bilen gepleşikleri, şol sanda oba hojalyk, saglyk we daşky gurşaw ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, hyzmatdaş halkara guramalaryň wekilleri bilen ýokary derejeli duşuşyklary öz içine alýar.

Esasy meseleler

Merkezi Aziýa ýurtlary haýwan, ekosistema we adam saglygy babatda birmeňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ilatyň ýarysyna golaýy oba ýerlerinde ýaşaýar we iri hem ownuk şahly mallara ykdysady taýdan garaşly bolup durýar. Şol sebäpli zoonozlara we pandemiýalara, azyk hapalanmalaryna we MGD-a sezewar bolýar. 2021-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistanyň ilat sanynyň (6,341,855) sebit boýunça iň azdygyny çaklady. Emma, ýurduň adam başyna düşýän jemi içerki önümi ($7,344.6) Gazagystandan soň ($10,373.8) ikinji ýeri eýeleýär. Hasabatda Türkmenistanyň adam kapitalynyň görkezijisi we garyplykda ýaşaýan ilaty barada maglumatlar berilmeýär. Şeýle hem, Türkmenistan oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň azlygy (47%) boýunça sebitde ikinji ýerde durýar. Ýurduň umumy iş üpjünçiliginde oba hojalygynyň paýy 22% bolup, JIÖ-niň 10.8%-i oba hojalygyndan, tokaýçylykdan we balykçylykdan gelýär.

Soňky 20 ýylda çalt ykdysady ösüş millionlarça adamyň garyplykdan çykmagyna, deň baýamagyna we hereket çäklendirmeleriniň aýrylmagyna getirdi. Topragyň ýaramazlaşmagy bolsa gülläp ösýän we kynçylyk çekýän sebitleriň arasynda täze bir boşluk döretdi.

Merkezi Aziýada oba-hojalygy klimatyň üýtgemegine örän gowşak taýýarlyklydyr. Öri meýdanlara, esasan hem obalaryň töweregindäki meýdanlara yzygiderli basyş edilmegi (meselem, ýerlerde aşa köp mal bakmak ýa ekin ekmek) we durgun, pes öndürijilikli maldarçylyk pudagyň netijesizligini ýitileşdirdi. MA-nyň oba hojalyk we maldarçylyk önümleri bilen üpjün ediji hökmünde gelejegi aşakdakylara baglydyr:

↪ sarp edijileriň hile we howpsuzlyga bolan artýan isleglerini azyk öndürijileriň we gaýtadan işleýjileriň nähili kanagatlandyrjakdygyna;

↪ döwletleriň standartlary gowulandyrmak, ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak we raýatlaryň ýaşaýyş hilini ösdürmek üçin biri-biri bilen nä derejede gowy hyzmatdaşlyk etjekdigine.

Merkezi Aziýa maldarçylyk pudagynyň ösüşinde uly mümkinçiliklere eýedir. Emma, sebitde haýwan önümleriniň önümçiligi pesligine galýar. Merkezi Aziýa ýurtlary özlerinde önümçilik potensialy bolsa-da, haýwan önümlerini we janly haýwanlary daşardan import edýärler. Sebitiň netijesiz önümçilik usullary, haýwanlaryň genetikasynyň (meselem, haýwanyň syrkaw ýa fiziki taýdan ejiz bolmagy) we haýwan saglygyny dolandyryşyň gowşaklygy öndürijilige esasy päsgelçilik döredýär. Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň janly haýwanlary we haýwan önümlerini eksport etmek üçin potensialy we meýli bar. Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bolsa haýwanlary we haýwan önümlerini import etmeli bolýarlar. Ýöne, ýurtlar janly haýwanlary we haýwan önümlerini howpsuz import etmekde kynçylyklara duçar bolýarlar.

Beýleki meseleler bilen bir hatarda, daşky gurşawyň zaýalanmagy global ünsi Merkezi Aziýa çekdi. Bu meseleleriň köpüsi tokaýlaryň çapylmagyny çäklendirmek we magdan çykarylýan ýerlerde daşky gurşawy dolandyrmak boýunça kadalaşdyryjy syýasatyň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar. Klimatyň üýtgemegi gelejekde ortaça temperaturanyň has ýokarlanmagyna we temperaturanyň aşa gyzmagyna getirer. Oba hojalygy we maldarçylyk önümçiligine täsir etjek, şeýle hem azyk howpsuzlygy töwekgelçiliklerini ýokarlandyrjak ýagyn möwsüminiň üýtgemegine garaşylýar. Doňaklyklaryň we buzluklaryň eremegi howanyň maýyl aýlarynda suw üpjünçiligini we elýeterliligini azaldýar. Bu kesel sporalarynyň topragyň ýüzüne çykmagyna we täze ýerlere ýaýramagyna sebäp bolup biler.

Saglyk ýagdaýyna görä ömür dowamlylygy (ilat arasynda ýaýbaňlanan keselçilik ýa saglyk ýagdaýy sebäpli maýyplyk ýa-da wagtyndan ir ölme zerarly ýitirilen ömrüň jemi) esasynda ölçenilende Merkezi Aziýada ýokanç keseller, neonatal, enelik we iýmit sebäpli döreýän keselleriň her 100,000 adama düşýän paýy Ýewropa Bileleşigi bilen deňeşdirilende 3-6 esse ýokarydyr. Gepatit B we C, AIW/AIDS we köp dermanlara garşy durnuklylyk görkezýän inçekesel ýaly hroniki ýokanç keseller sebitdäki keselleriň, saglygy goraýşyň we çykdajylaryň agramly bölegini emele getirmegini dowam edýär. Şeýle-de, sebitde COVID-19 we beýleki zoonozlar ýaly täze keseller ýaýraýar. Türkmenistanda we Täjigistanda ömrüň dowamlylygy MA-da iň pes bolup, degişlilikde 69.75 we 69.50 ýaşdyr. Sebitiň beýleki ýurtlarynyň ählisinde bu görkeziji 70 ýaşdan ýokary. Türkmenistan eneleriň ölümçiliginiň iň az ýurdy bolsa-da (100,000 dogrumdan 5 ölüm), 5 ýaşadan kiçi çagalaryň ölümçiligi boýunça sebitde iň ýokary görkezijili ýurtdur (her 1000 diri doglan çaganyň 41.42-si 5 ýaşa ýetmän ölýär). 2014-nji ýylda Türkmenistanda her 10,000 adam başyna 21.47 lukman bardy.

Häzire çenli COVID-19 pandemiýasy Merkezi Aziýada 18,000-den gowrak adamyň ölümine we 2 milliona golaý hadysa sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, doly waksina berlen ilatyň sany 50%-den pesligine galýar. Hasabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe Türkmenistan boýunça Covid bilen bagly sanlar berilmeýär.

Sarybaş keseli, brusellýoz, ehinokok, ýokary patogenli guş gribi (ÝPGG) we guduzlama ýaly zoonozalar Merkezi Aziýadaky haýwanlaryň arasynda, brusellýoz we ehinokok hadysalary bolsa adamlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. 2019-2022-nji ýyllarda Bütindünýä haýwan saglygy guramasyna Gazagystanda (24), Gyrgyzystanda (25), Täjigistanda (83), Türkmenistanda (3) we Özbegistanda (2) 137 sany sarybaş keseli, brusellýoz, ehinokok, ÝPGG we guduzlama hadysalary habar berildi. Emma, maglumat ýygnamagyň yzygidersizligi we zoonoz kesellere gözegçiligiň hiliniň pesligi sebäpli her ýyl habar berilýän zoonoz hadysalarynyň sany üýtgeýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iýmitden döreýän keseller barada maglumatlary we azyk howpsuzlygy hadysalary barada berýän halkara bildirişleri çäkli. Bu azyk howsuzlygynyň takyk ýagdaýyny bilmäge mümkinçilik bermeýär. Ýöne, azyk we suw howpsuzlygyny dolandyryşyň we gözegçiligiň çäklidigi zerarly ýerli ilat azyk howpsuzlygy töwekgelçiliklerine sezewar bolýarlar. Sebitiň döwletleri haýwan önümlerini halkara ülňülere, haýwanlary identifikasiýa etmek ulgamlaryna eýermek we "fermadan-tabaga çenli" gözegçilik meýilnamalaryny (iýmitiň ilkibaşda fermada öndürilip başlanyndan tä sarp edijiniň eline gelýänçä iýmitiň howpsuzlygyny we organikligini, hiliniň ýokarylygyny yzarlamaga mümkinçilik berýän strategiýa) we azyk howpsuzlygy düzgünlerini ýerine ýetirmegi güýçlendirmek arkaly daşary ýurtlara eksport edip biler.

Merkezi Aziýada MGD-nyň ýokarlanmagy maldarçylyk önümçiliginiň artmagy, bio howpsuzlygyň (iýmit we oba-hojalyk önümleriniň howpsuzlygy) we haýwanlaryň saglyk standartlarynyň ýaramazlygy, mikroblara garşy serişdeleri we ösüş gormonlaryny nädogry ulanmak, azyk arassaçylygynyň standartlardan pesligi bilen baglydyr. Mallaryň we ilatyň saglygyna gözegçilik ulgamlarynyň ýetersizligi zerarly sebitdäki MGD derejesine baha bermek kyn. Ýurtlaryň hiç biri Merkezi Aziýada we Ýewropada mikroba garşy durnuklylyga gözegçilik guramasyna (CAESAR) maglumat bermedi ýa-da Mikroplara garşy serişdeleriň ulanylşyna we durnuklylygyna global gözegçilik ulgamyna (GLASS) agza bolmady. Türkmenistandan başga ähli MA ýurtlarynda haýwanlarda antibiotikleri ulanmak üçin dermannama talap edýän kanunlar bar.

Maslahatlar

Saglygy goraýşy we ykdysadyýeti gowulandyrmak zerur:

↪ MA ýurtlarynda iri we ownuk şahly mallaryň önümçiliginiň we söwdasynyň ykdysady we saglyk çäklendirmelerini öwrenmeli;

↪ Içerki söwda päsgelçiliklerini azaltmaly we harytlaryň we önümleriň MA ýurtlarynyň sebit serhetlerinden Hytaýa, Ýakyn Gündogara we Ýewropa Bileleşigine geçirmegi üçin proseduralaryň sazlaşyklylygyny üpjün etmeli;

↪ Bazaryň göwrümini ulaltmak we sebite daşary ýurt maýadarlaryny çekmek üçin harytlaryň we hyzmatlaryň serhetaşa akymyny ýeňilleşdirmeli;

↪ Söwda, haýwanlar, daşky gurşaw we jemgyýetçilik saglygy bilen baglanyşykly syýasatlary, düzgünleri, maglumatlary sazlaşdyrmaly we utgaşdyrmaly hem-de infrastruktura bilelikde maýa goýmaly.

Çeşme

  • 217 gezek okalan