ANTİBİOTİK DURNUKLYLYGY BARADA ALADALANDYRYJY DUÝDURYŞ - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

ANTİBİOTİK DURNUKLYLYGY BARADA ALADALANDYRYJY DUÝDURYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

antibiotik durnuklylygy baradaTäze barlaga görä, antibiotikler adaty çagalyk infeksiýalaryna garşy aladalandyryjy derejede durnuklylyk görkezýär. Bu täze bejergileri gyssagly oýlap tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar.

↪ The Lancet Regional Health – Southeast Asia žurnalynda çap edilen barlag Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki pes we orta girdejili 11 ýurtdan alnan maglumatlary seljer Barlag BSGG-nyň çagalar üçin maslahat berýän käbir antibiotikleriniň pnewmoniýa, sepsis we meningit ýaly ýokançlyklary bejermekde 50%-den hem az täsirlilik görkezýändigini anyklady.

↪ Indoneziýada we Filippinlerde her ýyl antibiotik durnuklylygy sebäpli müňlerçe çaga ölümi hasaba alynýar.

↪ Alymlar köp çagalaryň antibiotiklere garşy durnukly bakteriýalara örän ir ýaşlarda sezewar bolýandygyny

Alternatiwalar gutaryp barýar: Köplenç täze antibiotikler çagalarda iň soňunda synagdan geçirilýär. Pediatrlar bolsa antibiotiklere garşy durnuklylyk görkezýän bakteriýalary sanlyja ätiýaçlyk bejergiler bilen bejermeli bolýarlar. Alymlar çaga antibiotikleriniň has ösdürilmegine we BSGG-ny juda könelen, on ýyl öňki global antibiotik gollanmalaryny täzelemäge çagyrýarlar.

Diňe gelejegiň meselesi däl: "Munuň ýaly barlaglar hakykatdan-da howsala salyjy duýduryşlar bolup, mesele diňe şu asyryň meselesi däl. Ol häzirki wagtda hem bäbekleri we çagalary öldürýär" – diýip, barlagyň baş awtory belleýär.

"Mikroblara garşy dermanlara durnuklylyk" adynyň manysyna düşünýän az: Medical Xpress saglyk habarlary gullugynyň bellemegine görä, adamlaryň bakteriýalaryň antibiotiklere garşy durnuklylygyny çynlakaý kabul etmezliginiň bir sebäbi bu ýagdaý üçin ulanylýan adalgadyr. Adalga  "aýdyň däl, esassyz we sözlemesi kyn" – diýip başga bir täze barlagyň esasy awtory belleýär.

Gowurak alternatiwalar haýsylar? "Antibiotige garşy durnuklylyk" we "dermana durnukly ýokançlyklar" adalgalary has üstünlikli ulanylyp gelinýär. Ýöne, bu ýagdaýa başga bir at bermek üçin goşmaça gözlegler zerurdyr.

  • 185 gezek okalan