ALSGEÝMERI GAN BARLAGY BILEN ANYKLAP BOLJAKDYGYNY EKSPERTLER AÝDÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

alsgeymer gan barlagyGandaky belogyň derejesini ölçemekligiň Alsgeýmer keselini anyklamakda tas oňurgadan suwuklyk almak we beýnini surata düşürmek bilen deň netije berip biljekdigini soňky ylmy barlag görkezdi.

Ylmy barlagda ABŞ-dan, Kanadadan we Ispaniýadan jemi 786 gatnaşyjyny öz içine alan dürli synaglaryň derňewleri öwrenildi. P-tau217 belogynyň tapylmagy Alsgeýmeriň ýüze çykmagy bilen berk baglanyşdyrylýar. Bu belogyň gandaky möçberini ölçemek arkaly keseliň alamatlaryny anyk kesgitläp boljakdygyny ylmy barlagçylar bellediler.

Bu gan barlagy Alsgeýmeri anyklamakda we bejermekde nämeleri üýtgeder?

↪ Adamlaryň 80%-inde diňe gan barlagy arkaly keseliň bardygyny anyklap bolar.

↪ Gan barlagy Alsgeýmerden ejir çekýänler üçin goşmaça barlaglary aradan aýryp, keseli anyklamagy we bejergini başlamagy tizleşdirip biler.

↪ Alsgeýmer kesellilerde kognitiw ukybyň peselmegini haýalladýan donanemab we lecanemab dermanlaryny almak üçin özüňde keseliň bardygyna subutnama görkezmeli, emma dünýäde bu dermanlara mätäç bolan her bir adamyň oňurgasynda ýa beýnisinde barlag geçirip çykmak mümkin däl. Şonuň üçin, gan barlaglarynyň uly potensialy bar.

↪ Hatda ýaşaýan ýeriňde bu dermanlar ýok hem bolsa, gan barlagy arkaly Alsgeýmer däl-de, demensiýanyň başga bir görnüşiniň dörändigini anyklap, özwagtynda bejergä başlap bolar.

University College London-yň Genetika Institutynyň professory Dawid Kurtis 50 ýaşdan ýokary adamlarda demensiýanyň alamatlaryna gözegçilik etmek üçin gan barlaglaryny her birnäçe ýyldan (edil holesteriniň barlagy ýaly) geçirip durmagy teklip etdi.

The Guardian

  • 142 gezek okalan