ÇILIM ÇEKMEGIŇ IMMUN ULGAMYNDA GALDYRÝAN TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cilim cekmek immun tasiriÝakynda Nature žurnalynda çap edilen ylmy barlag çilim çekmegiň adamyň immun ulgamynyň esasy böleginde uzak wagtlyk zyýanly täsirlerini görekezip, çilim çekmezlik üçin ýene bir uly sebäp hödürleýär.

Barlagda bir müň sany fransuz gatnaşyjylary bilen olaryň ýaşaýyş we iýmitleniş ýörelgeleri barada sorag-jogap geçirilipdir hem-de ganlary barlanylypdyr. Netije: Adam çilim çekmesini taşlansoň, immunitetiň öňden tanyş patogenlerden goranyp bilme ukyby ençeme ýyllap dikelmeýär.

Bu uzaga çekýän üýtgeşmelere näme sebäp bolýar?

↪ Çilim çekmek belli genleri işjeňleşdirýän ýa-da öçürýän DNK yzygiderliligini üýtgedýär.

↪ Bu üýtgeşme bedeniň immunitetiniň kesellere garşy göreşmeginde uly rol oýnaýan sitokin molekulasyna zyýan ýetirýär.

Ýene-de, taşlamak üçin hiçden giç ýagşy

Çilimi taşlaňsoň, immun ulgamynyň uzaga çekýän kemçiliklerine garamazdan, onuň adaty we tebigy işjeňligi dikelip, täze bakteriýalara we wiruslara garşy göreşme ukyby kadalaşýar. Şeýle-de, çilimi taşlan adamyň rak bilen keselleme töwekgelçiligi 10 ýyldan soňra peselip ugraýar. Şonuň üçin, ylmy barlagyň baş awtory Darragh Duffy şeýle belleýär: "Çilim çekmegi taşlamak üçin iň gowy wagt – bu ony iň tiz wagtyň içinde taşlamakdyr".

  • 166 gezek okalan