GAZAGYSTANDA STALKING MESELESINI NÄDIP ÇÖZMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

gazagystanda stalking meselesini nadip cozmeliGazagystanda soňky wagtlarda ilat içinde stalking hadysalary barada aç-açan gürrüňler edilip başlandy. Meselem, Instagramda Gazagystanly aýal-gyzlaryň birnäçesi erkek adamlar tarapyndan hem onlaýn hem oflaýn haýbatlara we zuluma duçar bolandyklaryny we kazyýetiň jenaýatkärlere beren jezasy bilen kanagatlanmaýandyklaryny gürrüň berdiler.

Stalking – bu biriniň seni dowamly synlamak, irizmek, ýa-da yzarlamak arkaly hakyky durmuşda ýa-da internetde (kiberstalking) biynjalyk etmegidir. Bu hereket köplenç gorkuzmalary we haýbatlary hem öz içine alýar – bu hem pidanyň özüni howp astynda duýmagyna sebäp bolýar. Köp halatlarda stalking jenaýat bilen tamamlanýar.

Gazagystanda adamy stalking üçin kanuny jogapkärçilige çekip bolýarmy?

Häzirki wagtda Gazagystanda "stalking" ýa-da "harassment" düşünjeleri kanuna girizilmedik, şonuň üçin adamy ýörite bu meseleler esasynda kanuny jogapkärçilige çekip bolmaýar. Emma, stalking edýän adamy Administratiw hukuk bozulma kodeksine görä adama göwnedegijilikli azar bermekde günäkärläp bolýar. Şeýle-de bolsa, bu görnüşli jenaýat üçin ýeňil jeza kesilýär (duýduryş berme, jerime ýa-da 10 gije-gündize çenli tussag etme).

Sebitde beýleki ýurtlar stalkinge garşy nähili göreşýärler?

2023-nji ýylda Özbegistan Merkezi Aziýada "stalkingi" jenaýat diýip kabul eden ilkinji ýurt boldy. Ýurtda "Aýallary ezilmeden we zorlukdan goramak hakyndaky" kanuna stalking düşünjesi girizildi, ýagny ol adamyň islegine garşy gidip ony gözlemek, onuň bilen aragatnaşyk etmek (şol sanda internetde ýa-da telefonda), onuň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerine barmak, onuň gorkmagyna sebäp bolmak ýaly hereketler bilen düşündirilýär.

Gazagystan näme edip biler?

Ýurist we gender ykdysadyýeti boýunça ylmy barlagçy Aýgerim Kusaýynkyzynyň bellemegine görä, häzirkizaman Gyrgyzystanda stalking we kiberstalking aýal-gyzlaryň şahsy howpsuzlygyna çynlakaý zyýan ýetirýän meseleleriň biridir. Ýurtda ýuristler hem "stalking" sözüni ýat görüp, ony ulanmakdan gaça durýarlar, emma stalking gender-esasly zorlugyň bir görnüşidir we Gazagystanda aýallaryň howpsuzlygyny dikeltmek üçin onuň kanuna girizilmesi wajypdyr. Ýurist aýallaryň gender-esasly zorluga, şol sanda stalkinge günde-günaşa duçar bolýandyklaryny we munuň depressiýa hem-de beýleki psihiki saglyk bozulmalaryna alyp barýandygyny aýdýar. Stalkingi kanun taýdan jezalandyrmak bu hereketiň azalmagyna we aýallaryň psihiki saglygynyň gowulaşmagyna ýol açar. Emma, stalking meselesi bilen göreşmek üçin diňe kanunçylygy täzelemek ýeterlik däl. Ol ilatyň stalking we sagdyn tehnologiýa ulanma endikleri barada bilimini artdyrmagy, adamlara psihologik we sosial goldawy üpjün etmegi, hukuk goraýjy edaralaryň işini pugtalandyrmagy we hökümet bilen raýat jemgyýetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini talap edýär.

Çeşme

  • 64 gezek okalan