HOWANYŇ INSULT ÖLÜMLERINE TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

howanyn insult olumlerine tasiriAşa gyzgyn ýa-da sowuk howa insult ölümlerini köpeldip biler, esasan-da pes girdejili ýurtlarda.

Maý aýynda Garward uniwersiteti tarapyndan çap edilen ylmy barlagyň netijeleri howanyň çakdanaşa temperaturalary bilen insult ölümleriniň artma töwekgelçiliginiň arasynda baglanyşyk görkezýär. Bu baglanyşyk hem ýokary girdejili ýurtlara garanyňda pes girdejili ýurtlarda has berk.

Çakdanaşa howa temperaturalary bilen insult ölümçiliginiň arabaglanyşygyny öwrenmäge synanyşan öňki barlaglar garyşyk ýa-da gutarnykly däl netijeleri beripdi. Olaryň aglabasy esasan ýokary girdejili bir şäherde ýa-da ýurtda geçirilipdi we insultyň görnüşlerini hasaba almandy. Bu kemçilikleriň öwezini dolmak üçin, täze barlagyň awtorlary dünýäniň 25 ýurdunda we 522 şäherinde 1979-2019 ýyllar aralygynda hasaba alnan 3.4 milliondan köp işemik insult ölümlerini we 2.4 milliondan köp gemorragik insult ölümlerini derňediler.

Barlagyň netijelerine görä, işemik ýa-da gemorragik insult ölümleriniň her müňden 11 sanysy aşa yssy ýa-da aşa sowuk howa sebäpli ýüze çykan diýip hasaplanylýar. Şeýle-de, ýokary girdejili ýurtlar bilen deňeşdireniňde, pes girdejili döwletlerde yssy howa sebäpli gemorragik insultdan ölýänleriň sany has ýokary bolup çykýar. Ylmy barlagçylaryň çaklamalaryna görä, ýokary girdejili ýurtlarda içerki howanyň temperaturasyny sazlaýan ulgamlaryň ýokary üpjünçiligi we daşarlarda işleýänleriň az bolmagy, pes girdejili ýurtlarda bolsa, saglyk hyzmatlarynyň pesligi ýurtlaryň ölümçiligindäki aratapawudy düşündirip biler.

"Biziň tapan netijelerimiz klimatyň üýtgemeginiň insult hadysalaryna ýetirýän täsirine düşünmekde ýene bir ädim öňegidişlikdir. Howanyň temperaturasy çakdanaşa derejelere çykdygyça, pes girdejili ýurtlarda ölümli insultlaryň köpeljekdigini aýdyp bileris. Biz insult boýunça iş alyp barýan professional jemgyýetleri şeýle ylmy barlaglaryň artmagyna goşant goşmaga we dünýäde eýýäm ölümçiligiň esasy sebäpleriniň biri bolan insulty has-da ölüm howply edýän daşky gurşaw faktorlaryny öwrenmäge çagyrýarys" diýip, barlagyň awtorlary belleýärler.

Ýatlatsak, insulty hem öz içine alýan ýürek-damar kesellerinden ölýänler soňky 3 onýyllykda bütin dünýäde 60%-den gowrak artdy. Bu ölümleriň 80%-i pes we orta girdejili ýurtlarda ýüze çykýar. Türkmenistanda hem 2016-njy ýylda hasaba alnan ölümleriň sebäbiniň 47% -ini ýürek-damar keselleri düzdi.

Çeşme

  • 238 gezek okalan