BSGG GEPATIT C BARLAGYNY ÖZ-ÖZÜŇDE GEÇIRMEK ÜÇIN ILKINJI EKSPRES-TESTI TASSYKLADY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hcv testIlkinji gepatit C ekspres-testi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hil, howpsuzlyk we netijelilik barlagyndan üstünlikli geçip, 2024-nji ýylyň iýulynda guramanyň prekwalifikasiýasyny gazandy. "OraQuick HCV self-test" atly bu önüm BSGG-nyň 2017-nji ýylda diňe hünärmenleriň ulanmagy üçin tassyklan "OraQuick® HCV Rapid Antibody Test" atly espres-testiň bir görnüşi bolup, OraSure Technologies kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Ekspres-testiň bu görnüşi ýörite adaty adamlaryň ulanyp bilmesi üçin taýýarlanylan we öz-özüňde barlag geçirmek üçin ähli gerekli zatlary özünde jemleýär.

Gepatit C bagra zyýan berýän ýokanç kesel bolup, ganyň üsti bilen adamdan-adama ýokuşýar. Gepatit C ölüm howply bolup bilýär. Häzirki wagtda bu ýokançlyga garşy waksina ýok, emma ony antiwirus derman serişdeleri bilen bejerip bolýar. Dünýäde gepatit ýokançlygyndan her gün 3500 adam ýogalýar. Gepatit C wirusy bilen ýaşaýan 50 million adamyň diňe 36%-iminde kesel anyklanylan we 2022-nji ýylyň soňuna çenli olaryň diňe 20%-imi bejergi kabul etdi. Bu ekspres-testiň esasan-da pes we orta-girdedijili ýurtlarda howpsuz we elýeterli barlaglaryň üpjün edilmegine kömek edip, gepatit C bilen ýaşaýan adamlaryň 90%-iniň diagnoz almagyny gazanmaga uly goşant goşmagyna garaşylýar.

2021-nji ýylda Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) Türkmenistany gepatit C wirusynyň ýygy duş gelýän ýurtlarynyň hatarynda goýdy we 2022-nji ýylda BSGG ýurtda gepatit C diagnozy goýlan adamlaryň 9145 sanydygyny habar berdi. Ýatlatsak, Türkmenistanda gepatit keselli syrkawlara, olar bilen galtaşykda bolan adamlara hem-de ýokanç keselleri göterijilere tölegsiz saglygy goraýyş kömegi berilýär.

Çeşme

  • 268 gezek okalan