INÇEKESEL ÝENE DÜNÝÄDE IŇ KÖP ÖLÜME SEBÄP BOLÝAN ÝOKANÇLYKLARYŇ BAŞYNA GEÇDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

incekesel dunyade2023-nji ýylda dünýä ýüzünde 8.2 million adamda inçekesel ýokanjy anyklanyldy – bu san BSGG 1995-nji ýylda kesel boýunça global gözegçilik işlerine başlaly bäri hasaba alnan iň ýokary san boldy. Şeýlelik bilen, inçekesel iň köp ölümçilige sebäp bolýan ýokançlyk hökmünde COVID-19-dan hem öňe geçip, ýene-de iň ýokary orna çykdy.

Özi bakteriýalar tarapyndan döredilýän ýokançlyk bolup, inçekesel onuň bilen kesellän adamyň üsgürende ýa-da asgyranda syçradýan suw damjalary arkaly ýokuşýar. Bu agyr kesel hem bolsa, ýerlikli bejergi bilen ondan gutulyp bolýar. Inçekesel esasan öýkenlere täsir edýär, emma bedeniň islendik bölegine, şol sanda mäzlere, süňklere we nerw ulgamyna hem ýaýrap bilýär.

Türkmenistan

BSGG-nyň hasabatlaryna görä, Türkmenistanda 2023-nji ýylda 100 müň adamdan 49 adama inçekesel ýokuşypdyr. Kesellänleriň sany 2014-nji ýyldakydan (88) ep-esli azalypdyr. Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnamany kabul etdi we 2017-nji ýyldan bäri derman serişdelerine duýgur inçekeseliň dermanlaryny mugt üpjün edip gelýär. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda heniz hem dermanlara durnukly inçekesel giňden ýaýran bolup, ýurt BSGG-nyň Ýewropa sebitinde inçekesele garşy göreş boýunça iň köp iş geçirilmeli ýurtlaryň biri bolmagyna galýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Türkmenistan inçekesel ölümçiligi boýunça hem ilkinji orunda durýar.

Inçekesel näme üçin ýene aýaga galýar?

"Keseliň öňüni almak, ony anyklamak we bejermek üçin gurallarymyz bar hem bolsa, inçekeseliň şeýle köp adamy hassa edýändigi we öldürýändigi örän bimaza ediji" diýip, BSGG-nyň baş müdiri Tedros Gebreýesus belleýär.

Iň agyr ýüküni çekýänler: Hytaý, Hindistan, Päkistan, Indoneziýa we Filippinler bilelikde dünýädäki inçekesel ýokançlyklaryn 56%-ni düzýärler.

Inçekeseliň möwjemeginiň esasy sebäpleri: iýmit ýetmezçiligi, AIW ýokanjy, süýji keseli, alkogol içmek bilen bagly bozulmalar we çilim çekmek. Inçekesele sezewar bolan hojalyklaryň ýarysy bolsa, bejergi almakda ägirt uly maddy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Pozitiw ädimler: Inçekesel ýokançlyklary köpelen hem bolsa, ondan ölýänleriň umumy sany 2022-nji ýylda 1.32 milliondan 2023-de 1.25 milliona düşdi. Bu bolsa bejeriş hyzmatlarynyň COVID döwründäki bökdençliklerden saplanandygynyň yşaraty bolup biler.

Ekspertleriň maslahatlary: Ýokuşma howpuny azaltmak üçin täze waksinalary işläp taýýarlamak; inçekesel ýokuşan adamlarda keseliň beterleme howpuny peseltmek üçin täze waksinalary ýa-da öňüni alyş dermanlaryny çykarmak; inçekeseli dogry we tiz anyklaýan testleri ulanmak; has ýönekeý we has tiz bejergileri üpjün etmek.

Çeşme

  • 70 gezek okalan