TÜRKMENISTANA INSULINIŇ ÝENE BIR TAPGYRY GELIP GOWUŞDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm insulin gelip gowusdyBMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň hökümetiniň ýokanç däl keselleri gözegçilikde saklamak boýunça hyzmatdaşlygynyň netijesinde, 2024-nji ýylyň 19-njy noýabrynda ýurtda Lantus insulininiň täze tapgyrynyň kabul edilendigi habar berilýär.

2021-nji ýyldan bäri BMGÖM we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin dermanlar bilen üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. Umumy býujeti 92 million ABŞ dollaryndan geçýän bu taslamalar bütinleý Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Gelen insuliniň möçberi, paýlanyljak ýerleri, elýeterliligi we ýurtda umumy insuline bolan zerurlygyň derejesi dogrusynda maglumatlar berilmeýär.

Insulin näme?

Örän ähmiýetli ynsan gormony insulin bedene iýmiti energiýa öwürmäge hem-de gandaky şekeriň mukdaryny sazlamaga kömek edýär. Süýji keselli adamyň bedeni ýeterlik insulin gormonyny bölüp çykaryp bilmeýär ýa-da ony ýerlikli ulanyp bilmeýär. Şonuň üçin süýjülikli adamlaryň köpüsi insulini derman görnüşinde kabul etmeli bolýarlar.

  • 40 gezek okalan