GAZAGYSTANDA WAGTYNDAN ÖŇ DOGUMYŇ SOSIAL-YKDYSADY KESGITLEÝJILERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kz wagtyndan on dogumGazagystanda 3000 sany göwreli aýalyň gatnaşmagynda ylmy derňew işi geçirilip, sosial-ykdysady ýagdaýyň çaganyň ir dogulmagyna täsir edip etmeýänligi öwrenildi. Derňew kliniki hasabatlaryň we soragnamalaryň üsti bilen geçirildi.

Netijeler

Öňki çagalaryňy wagtyndan ir dogurmak, enäniň beden agramynyň indeksi, geçmişde ýetginjeklikde dörän göwrelilikler, deňsizlik we enäniň saglygynyň ýaramazlygy wagtyndan öň dogum bilen baglanyşykly bolup çykdy. Aýrylyşan, dul galan ýa-da aýralanan aýallarda, şeýle-de ilkinji gezek göwreli bolan we göwrelilikde döreýän süýji keseline uçranlarda çagalarynyň wagtyndan aşa öň dogma we örän öň dogma töwekgelçiligi ýokary bolýar. Beden agramynyň indeksi pes we ýetginjeklikde göwreli bolup gören aýallaryň bolsa wagtyndan ir dogurma we wagtyndan biraz ir dogurma töwekgelçiligi ýokary bolýar.

Awtorlarynyň aýtmagyna görä, bu barlagyň netijeleri Gazagystanda wagtyndan öň dogumyň kesgitleýjilerine has içgin düşünmäge we aýallaryň sagdyn göwreliligi geçirmegi üçin hemmetaraplaýyn enäniň saglygyny goraýyş maksatnamalarynyň zerurdygyny açyp görkezýär.

Çeşme

  • 38 gezek okalan