BÜTINDÜNÝÄ EŞIDIŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

butindunya esidis guniHer ýylyň 3-nji martynda Bütindünýä Eşidiş Güni bellenilip geçilýär. BSGG bu günde ähli ýurtlary kerligiň we eşidişiň peselmeginiň öňüni almaga we eşidiş idegini ilkinji lukmançylyk kömeginiň aýrylmaz bölegine öwürmegi öňe sürmäge çagyrýar.

Eşidişi pes adamlar daş-töweregindäki sesleri we gürrüňleri sähelçe eşidip bilýärler, kerler bolsa asla eşidip bilmeýärler ýa-da çala eşitseler-de dile düşünmeýärler.

Kerlik we eşidişiň pesligi dünýäniň ähli sebitine öz täsirini ýetirýär:

↪ Dünýäde 1.5 milliard adam eşidişiň pesliginden ejir çekýär;

↪ 34 million çaga kerlikde ýa-da pes eşidişli ýaşaýar;

↪ 60 ýaşdan geçenleriň 30%-e golaýynda eşidişi peslik bar;

↪ Kerlik we eşidişi peslik pes we orta-girdejili döwletlere has uly agram salýar;

↪ Ilkinji lukmançylyk kömeginiň üsti bilen, dünýäde gulak we eşidiş meseleleriniň 60%-den köpüsiniň öňüni alyp bolýar.

Türkmenistanda hem görüş we eşidiş taýdan maýyplygy bolan adamlar üçin Körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) döredilen. Jemgyýet 18 ýaşdan ululary kabul edýär we agzalygyndaky adamlaryň hukuklaryny we bähbitlerini gorap, olar üçin durmuş taýdan dikeldiş işlerini, zähmete, bilime, medeniýete we sporta çekilmekligi ýola goýmaga hem-de durmuşy ýeňilleşdiriji şertleri döretmäge çalyşýar.

BSGG bu ýyl Bütündünýä eşidiş gününe bagyşlap okuw gollanmasyny taýýarlady. Gollanmada gulak we eşidiş idegini ilkinji lukmançylyk kömeginiň bölegine öwürmegiň zerurlygyna we muny durmuşa geçiriş çärelerine karar çykaryjylaryň, raýat jemgyýetleriniň we saglygy goraýyş işgärleriniň ünsi çekilýär. Şeýle-de, BSGG ilata gulaga we eşidişe aýawly çemeleşmäniň ähmiýeti barada düşündirip, her bir adamy gulak we eşidiş hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

GULAKLARYŇY SAGDYN SAKLAMAK ÜÇIN:

Näme Etmeli?

↪ Gohly ýerlerde gulak dykylaryny geý.

↪ Eşidişiňi wagtly-wagtynda barladyp dur.

↪ Eşidiş enjamlaryny görkezmeler boýunça ulan.

↪ Gulak we eşidiş meseleleri ýüze çyksa lukmana görün.

Näme Etmeli Däl?

↪ Gulak pagtajyklaryny, ýaglary, çöpjagazlary ýa-da iňňebagjyklary gulagyňa salma.

↪ Hapa suwda suwa düşme we gulaklaryňy ýuwma.

↪ Gulak dykylaryňy we nauşnikleriňi başgalar bilen paýlaşma.

↪ Gaty ýaňlanýan sesleri we sazlary diňleme.

  • 425 gezek okalan