INÇEKESEL TÜRKMENISTANDA: DEGIŞLI STATISTIKA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

incekeselTürkmenistanda her 100 000 adamdan 43 adam inçekesel (tuberkulýoz) bilen keselleýär, 10 adam ýogalýar (2017 ýyl). Her 100 000 adamdan kesellän/ýogalan sanlar Gazagystanda 68/2, Gyrgyzstanda 110/6, Özbegistanda 67/5, Täjigistanda 83/8.

Sanlaryň elýeterli bolmagy durnukly we adamkärçilikli saglyk pudagynyň dolandyrylşynyň esasydyr.

Lukmanlara, ilata elýeterli bolmaly sanlar:

↪ Inçekesel bilen kesellänleriň sany we derejesi, her 100 000 adamdan näçe adam?

↪ Inçekeselden ýogalanlaryň sany we derejesi, her 100 000 näçe adam ýogaldy?

↪ Inçekeselden gutulan adamlaryň sany

↪ Kesellän, ýogalan, sagalan adamlaryň sanlary welaýatlar boýunça

↪ Näçe adam latent inçekeseli bilen gezip ýor? Inçekeseliň latent görnüşinde inçekesel taýajygy bedene düşen bolsa-da, hiç hili alamat ýüze çykmaýar, agzalaryň zeperlenmegi bolmaýar. Diňe geçirlen synaglary onuň bardygyny anyklap bilýär. Adam bu ýagdaýda ýokançly bolmaýar. Wagtyň geçmegi bilen latent inçekeseli keseliň aktiw (işjeň) görnüşine geçip bilýändir.

Inçekesel bilen kesellänleriň näçe % dermanlara durnukly görnüşine ýolugdylar? Dermanlara durnukly inçekesel- inçekesel taýajygynyň keseli bejerýän esasy dermanlaryň birnäçe görnüşine (meselem, izoniazid we rifampisin) durnukly bolmagydyr. Dermanlary ýerliksiz we ýalňyş ulanmak, bejergini soňuna çenli geçirmezlik dermanlara bolan durnuklylygyň döremegine getirip, inçekeselli näsaglara netijeli bejergini bellemekde kynçylyklar döredip biler.

↪ Inçekesel bilen kesellänleriň näçe % süýjüli diabetli, AIW-li näsaglar, alkogolizmden, neşekeşlikden ejir çekýänler, oýsüzler, türmede oturan adamlar? Bu sanlar töwekgellik toparlary anyklamana kömek berer.

↪ Inçekesele garşy ýörite bejergini alýanlaryň sanlary, almaýanlaryň sanlary. Bu san bejergini ähli inçekesel bilen kesellänlere elýeterli etmäge kömek berer.

↪ Ýudumyzda inçekeseliň ýaýramagynda sosial faktorlaryň täsirini öwrenýän ylmy işler.

↪ Ilat bilen yzygiderli we manyly düşündiriş işleri geçirip, inçekeseliň öňüni almak we töwekgelçilikli toparlara gözegçilik etmek – Türkmenistan üçin inçekeseliň derejesini peseltmekde möhüm çäreler bolup durýar.

Sanlaryň çeşmesi: WHO Tuberculosis data

SAGLYGYŇ DÖREDEN MAGLUMATLARY:

TÜRKMENISTANDA INÇEKESEL BILEN BAGLY FAKTLAR

INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ KAMPANIÝASYNYŇ MAKSATLARY WE ÖŇDE GOÝÝAN MESELELERI

INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR

24-nji MART – BÜTÜNDÜNÝÄ INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ GÜNÜDIR

INÇEKESELIŇ DÖREMEGINE GETIRÝÄN TÖWEKGELLIK FAKTORLARY

  • 922 gezek okalan