Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EKO HEPDELIGI: BIZ BIR HEPDEDE TEBIGATYMYZ WE ÖZÜMIZ ÜÇIN NÄME EDIP BILERIS?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

yer guniHer ýylyň aprel aýynyň 22-ne bellenilýän Ýer Gününiň (Earth Day) şanyna, men türkmenistanlylar we öz daşky gurşawy barada alada edýänler üçin eko maslahatlary öz içine alýan täze däp başladasym gelýär. Üstünlikleriňizi dost-ýarlaryňyz bilen paýlaşyň we şu heştegleri ulanyň:

▶  7DAYSECOTURKMEN (#7GÜNEKOTÜRKMEN)

▶  turkmengreenweek (#ýaşyltürkmenhepdeligi)

▶  turkmenecoweek (#türkmenekohepdeligi)

1

Bir gezek ulanylýan plastik – muňa plastik çüýşeler (baklaşka), plastik paketler, daşardan alynýan naharlaryň ýa-da konditer önümleriniň gaplary we ş.m degişlidir. Bir gezek ulanylyp zyňylýan bu plastik önümler eýýäm penjireleriň aşaklarynda, kanallarda, köçeleriň gyralarynda (ähli ýollarda köçe süpürijiler ýok ahyry) iň köp duş gelinýän hapalara öwrüldi. Aşgabat we welaýatlaryň arasyndaky ýollaryň gyralaryna seredip bolsa, syýahat edijileriň näme iýip-içýändigini aýdyp bolýar.

1 deniz flickr

Suratyň çeşmesi

 

2 culi 2015

Çüli, 2015. Çeşmeden zyňylan paket çykarýarlar.

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Ýurdumyzda plastik hapaçylygyny azaltmak üçin: dükana gideňde ol ýerden paket satyn alman, öýden öz sumkaňy alyp git ýa-da köp gezek ulandyrýan sumkalary ulan. Her gezek baklaşkaly agyz suwuny satyn almaga derek, köp ulandyrýan aýna ýa-da metal çüýşe edin we ony suwdan dolduryp ýanyňda sakla. Boşan wagty hem täzeden doldur. Indiki gezek günortanlyk naharyňy daşardan satyn alman, öýüňde saglykly we tagamly naharlary taýýarlap, olary köp ulandyrýan gaplarda sakla. Türkmenistanda her 7 adamdan 1 adam aşa semizlikden ejir çekýär, çünki bizde köçe naharlary zyýanly ýaglardan doly bolýar. Plastik çemçeleri we çarşaklary ulanmakdan saklan. Seniň birnäçe minutlyk ulanan bir gezeklik gap-gaçlaryň çüýräp, ýere siňmegi üçin birnäçe asyr gerek bolýar. Galyberse-de, plastik önümler dürli himiki serişdeleri özünde saklap bilýär. Olar zyňylan mahaly, topragyň üsti bilen ýeriň aşagyndaky suwa baryp ýetýär we suwy zäherleýär.

 

2

"Suw damjasy – altyn dänesi". Süýji suw ýyl-ýyldan azalyp barýan tebigy baýlykdyr. Klimatyň üýtgemegi we Merkezi Aziýada temperaturanyň ýokarlanmagy sebäpli, süýji suw ýetmezçiligi meselesi gitdigiçe ýaramazlaşýar. Biziň ýurdumyzda köpelip barýan ilatyň talabyny kanagatlandyrmak üçin, süýji suw esasan oba-hojalygynda ekinleri suwarmak üçin (80-90%) ulanylýar. Biz suwy aýawly ulanmaga başlamak arkaly, onuň zaýalanmazlygyna çynlakaý goşant goşup bileris.

3 kocede suw

Daşoguz, 2019

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Dişleriňi ýuwýan wagtyň, duş alaňda sabynlanýan wagtyň we saçyňy ýuwaňda şampunlanýan wagtyň suwy öçür. Şeýle pikiri nähili görýäň: 5 minutda duş aljak bolup gör. Eger-de köpçülik ýerinde ýa-da töweregiňde suw turbasynyň ýarylanyny görseň, haýal etmän Ýaşaýyş Jaý Abatlaýyş edarasyna jaň et (rus. ŽEK).

 

3

Tok öndürmek üçin birtopar gaýtadan ulanyp bolmaýan tebigy baýlyklar (nebit, gaz) sarp edilýär. Türkmenistanda gaz esasan gaz turbinasy bilen işleýän elektrik stansiýalarynda ulanylýar. Elektrik stansiýalary bolsa kömürturşy gazyny bölüp çykaryp, atmosferany hapalaýar. Eger biziň her birimiz elektrigi tygşytly ulansak, elektrik stansiýalarynyň işi azalar we howamyz has arassa bolar.

4 asgabat agsamy

Suratyň çeşmesi

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Eşikleriňi sowuk suwda ýuw. Gyzgyn suw diňe birgiden tok talap etmän, eýsem eşikleri hem zaýalaýar. Toga birikdirilen elektrik enjamlaryny öçürip goý, çünki elektrik enjamlar olary ulanmaýan wagtymyz hem tok ulanmaklaryny dowam edýärler. Adaty lampalara derek, togy tygşytly ulanýan lampalary ulan.

 

4

Oduň tüssesiniň zyýany zawodlaryň tüssesiniň şäherlere berýän zyýany bilen deňdir. Ýapraklar we otlar ýakylanda, tüssäniň mikrobölejikleri howa ýaýraýarlar. Ol mikrobölejikleriň düzüminde tozan we ulaglaryň turbalaryndan çykýan agyr metallar saklanýar. Olaň içinde adamlarda rak kesellerini döretmäge ukyply benzopren hem bolýar.

5 duzly toprak

Aşgabat – Daşoguz gara ýoly, 2019. Mart, duzly toprak.

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Ýowar günlerinde ýerdäki ýapraklary üýşürip göm. Ýapraklar toprakda çüýräp, ajaýyp döküne öwrülýärler. Zyýanly maddalar bolsa toprakda bölekleýin güýçden gaçýarlar. Guran otlary ýakma. Köp adam gurap galan otlary ýaksaň täze otlaryň çykmagyny tizleşdirýär we tebigata peýda berýär diýip pikir edýär. Bu düşünje ýalňyşdyr.

 

5

Eti öndürmek we satmak daşky gurşawa agyr zyýan ýetirýär. Sygyrlar metan gazyny döredijileriň sanawynda birinjidir. Metan gazynyň atmosfera berýän zyýany kömürturşy gazynyňkydan hem köpdür. Şeýle-de, 1 kilogram eti öndürmek üçin 15.5 müň litr suw sarp edilýär. Bir kilogram miwe öndürmek üçin bolsa diňe 1 müň töweregi litr suw gerek bolýar. Gök-önümleriň 1 kilogramy üçin diňe 3000 litrden gowrak suw ulanylýar. Biz iýmitleniş endiklerimizi üýtgetmek bilen metan gazynyň we suwuň ulanylyşynyň azalmagyna uly goşant goşup bileris. Ortaça, Türkiýede adamlar ýylda 30kg et iýýärler, Kazagystanda 44kg, Russiýada 61kg, Hindistanda 3kg. Türkmenistanda bu möçber näçekä? 2019-njy ýylyň fewralynda Saglygyň Twitter hasabynda geçirilen pikirsoraşma gatnaşan 26 adamdan 62%-i Türkmenistanda ýylda ortaça 40-50kg et iýilýär diýip pikir edýändiklerini aýtdylar.

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň iýýän iýmitleri saglyklylygy we ekologiýa zyýansyzlygy bilen meşhurdyr. Ol iýmitler köp mukdarda gök-önümleri öz içine alýar we et kiçi mukdarlarda iýilýär. Sygyr etini hepdede diňe bir ýa-da iki gezek iý.

6 gok onumler

@sng.today

 

6

Öz ulagyňy ulanmak diňe howany kömürturşy gazy bilen hapalaman, eýsem seniň semremegiňe hem sebäp bolýar. Türkmenistanda başlangyç mekdeplerde her 10 oglandan we gyzdan 1 sanysy aşa semizdir. Şeýle-de, çagalar sport bilen meşgullanmakda we hereket talap ediji oýunlary oýnamakda az wagt sarp edýärler. Halkara Iýmit Düzgünnamalary Ylmy Institutyna (International Food Policy Research Institute) görä, biziň ýurdumyzda aýallaryň 55.7%-i aşa semiz we 23.1%-i semiz; erkekleriň 54.6%-i aşa semiz we 17.1%-i semiz.

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Howa goýberilýän kömürturşy gazynyň möçberini azaltmak we horlanmak üçin ýöre, ylga, tigir sür. Has bolmasa, awtobus ulan. Agaç ekmäni endik edin. Agaçlar howanyň düzümindäki kömürturşy gazy sorup alýarlar we kislorod bölüp çykarýarlar.

7 orient tm tigir

@Orient.tm

 

7

Import edilýän önümleriň transporty hem atmosfera zyýan ýetirýär. Ýurtlaryň aralygynda müňlerçe kilometr ýol ýöreýän ýük daşaýjy ulaglar parnik gazlaryny bölüp çykarýarlar. Parnik gazlarynyň köpelmegi bolsa howa maýylganlygyna sebäp bolýar.

SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

Türkmenistanda ýerli önümçiligi golda we ýerli öndürijileriň önümlerini satyn al.

8 turkmen onumleri

(Mahabat üçin däl) Suratyň çeşmesi

Ekologik betbagtçylyklar kiçijek ekologik meseleler bilen başlanýar. Bularyň esasy howply tarapy bolsa, bu meseleleriň getirjek azabyny tebigatymyz, şol bir sanda biziň özümiz ýyllar boýy çekmeli bolarys. Biziň her birimiz, şübhesiz, bu meseleleriň çözülmegine goşant goşup bileris. Muny her kim bu gün özünden başlap biler!

#7DAYSECOTURKMEN #7GÜNEKOTÜRKMEN

Awtor: Aygul Narowa

Makala rus dilinde

Çeşmeler:

Livingasia

Suw: 1 / 2 / 3

Elektroenergiýa: 1 / 2

Ýapraklar

Howanyň üýtgemegi

  • 3407 gezek okalan