Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
REDAKSIÝA HAT
Gündiziňiz haýyrly bolsun, Saglyk.org topary! Siziň bilim maksatly websaýtyňyz bilen tanyşanyma örän şat. Siz barada dostlaryma-da gürrüň berýärin. Edýän örän wajyp işleriňiz üçin köp sag boluň! Men size öz teklibimi hödürläsim gelýär. Maňa ýalňyş düşünmezligiňizi haýyş edýärin.
Men daglyk ýerde, daýhanlaryň arasynda ýaşaýaryn. Biziň adamlarymyz saglygy saklamakda we keselleriň öňüni almakda bilimleriniň ýetmezçiligi zerarly saglyga degişli peýdaly maglumatlaryň köpüsini düýbünden inkär edýärler. Muňa adamlaryň köne düşünjeleri hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň täjirçilige öwrülenini kabul edip bilmeýändikleri sebäp bolýar. Olaryň köne, konserwatiw düşünjeleri din bilen hem baglanyşykly däl. Meniň özüm azda-kände saglyk barada bilýärin. Men lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün edýän guramada işledim we gije-gündiz saglygymyň aladasyny edýärin. Emma obadaky garyndaşlarymyň we tanyşlarymyň köpüsinde meniňki ýaly mümkinçilik ýok. Şonuň üçinem olar nädogry hasaplaýan zatlarynyň hatarynda käwagt durmuş ähmiýetli maglumatlary hem göre-bile ret edýärler. Maşgala däplerine zyýan ýetirýän her bir zat bolsa nädogry we biderek hasap edilýär. Şol sebäpli hem, haçanda siziň saýtyňyzy ýaşaýyş ähmiýetli maglumatlaryň çeşmesi hökmünde köpçülige hödürlemek barada oýlanamda kyn ýagdaýa düşdüm. Men köp adamyň saýtyňyzdan birgiden peýdaly maglumat öwrenibem, birdenkä "transgenderlik" ýaly öz düşünjelerine kybap gelmeýän maglumatlaryň hem bardygyna göz ýetiren mahaly tutuş saýtdan ýüz öwürjegini bilýärin... Maňa görä, şeýle ajaýyp maglumat çeşmesinden okyjylaryň agramly bölegi, iň esasam bilimi pesler ýüz öwürýäne meňzeýär... Meniň özüm hem liberallary we olaryň alyp barýan syýasatyny goldamaýynymy gizlemeýärin, emma gürrüň bu barada barmaýar. Men size öz teklibimi ýagdaýlaryň gowulaşmagynyň hatyrasyna ýazýaryn. Ýokarda mysal getiren mowzugymdaky ýaly makalalaryňyzy (men olary wajyp hasaplaýaryn) websaýtyňyzyň kän göze ilmeýän, "ikinji derejeli makalar" bölümine geçirip bilersiňizmi?
Siziň işleriňize uly hormat we guwanç bildirmek bilen,
Okyjyňyz
Mähriban okyjymyz,
Biziň bilim maksatly işlerimizi goldaýanyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirýäris. Döwrebap we ygtybarly maglumatlary köpçülige ýaýratmakda siz ýaly adamlaryň goldawy biz üçin örän möhümdir. Siz keselleriň öňüni almagyň hem-de türkmen dilinde sagdyn ýaşaýyş ýörelgeleri baradaky maglumatlaryň elýeter bolmagynyň möhümdigine gowy düşünýärsiňiz.
Siziň dogry belläp geçişiňiz ýaly, maglumata esasan internediň nähilidir bir sebäplere görä elýeter bolmaýan oba ýerlerindäki ýaşaýjylar mätäç. Şeýle ýagdaýda biz internedi bar bolan okyjylarymyza gerekli maglumatlary çapdan çykaryp, internedi ýok bolanlar bilen paýlaşmagy maslahat berýäris. Netijede, siziň obaly okyjyňyz saýtdaky transgenderler baradaky ýekeje makalany görmez. Şu ýerde biz saýtymyzdaky 1,900 sany makalanyň içinden bary-ýogy ýekejesiniň okyjylara transgenderlik we transgender adamlar barada bilim berýändigini nygtasymyz gelýär.
Saglyk sagdyn we meýilleşdirilen maşgala däplerini öňe sürýär. Şonuň üçin bu uly mowzuga iňňän köp maglumat bagyşlanýar. Siziň suratlandyrýan "maşgala däplerini iň öňde goýýan" okyjylaryňyz bärden köp peýdaly maglumat tapyp bilerler.
Hatyňyzda nygtap geçişiňiz ýaly, "liberal däl" hem bolsaňyz Saglygy okaýandygyňyz bizi diýseň begendirýär. Biz syýasy garaýyşlaryna garamazdan her bir adamyň Saglyk.org-dan peýdalanyp bilýändigine örän şat. Biz ünsümizi dine ýa syýasata däl-de, hut häzirkizaman ylmy barlaglara gönükdirýändigimiz üçin siziň gymmatly goldawyňyza mynasyp bolandygymyza ynanýarys. Internediň gowy taraby halamaýan zadyňy açman ýa okaman geçip bolýar. Şol bir wagtda-da, onuň başga okyja peýdaly bolup biljekdigine göz ýetirýärsiň. Diýmek her okyjy özi üçin haýsy maglumatyň "ikinji derejelidigini" özi kesgitläp bilýär.
Söhbetdeşiň (liberal bolsun ýa konserwatiw) pikirlerine hormatly we çydamly çemeleşmegi öňe sürmek hem biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Biz syýasy ýa dini işleri alyp barmaýandygymyz sebäpli, lukmançylyk ylmynyň habarlaryny gizlemek zerur diýip hasap etmeýäris. Lukmançylyk ylmy, sowatlylygy köpçülige elýeter bolup, onuň içine transseksuallar, ten söwdasyny edýänler, we LGBT adamlary hem girýär (siz soňky toparlary agzamansyňyz, ýöne biz siziň liberal däldigiňizi göz öňüne tutup, şol toparlar baradaky maglumatlary hem baş sahypadan aýyrtmak isleýänsiňiz diýip pikir edýäris).
Biz halkyň bu mowzuklar hakynda pikir alyşmagy üçin medeni we çydamly türkmen diliniň möhümdigine ynanýarys. LGBT adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine düşünmek olara ganym jemgyýetleriň ýigrenjini we gazabyny azaltýar. Jemgyýetimizde LGBT adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryna göz ýummagyň nähili netijelere (epidemiologik, sosial taýdan) eltýändigine düşünmek örän wajypdyr. Siziň teklip edişiňiz ýaly, olary aýry bir topara salyp, "kän göze ilmez ýaly" etsek, onda biziň okyja bu toparyň "ikinji derejeli" adamlardygyny ýaňzytdygymyz bolar. Biz hiç bir adamyň ikinji derejeli däldigine ynanýarys.
Redaksiýa
Hatyň asyl nusgasy rus dilinde
Terjime eden: Jemal Meredowa
- 2207 gezek okalan