Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN HAT

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (12 Ses)

okyjydan hatSalam, Saglykgram!

"Ýaşlarda işsizlik we ruhy saglyk" postda kommentariýa goýmak isledim, ýöne bizde "totalny gorkyň" bardygy sebäpli kommentariýa goýup bilmedim.

Men şol 49,4% iş gözleýän 18-29 ýaşlylara degişli. Bilimim ýokary, kärimi halap saýladym. Gynansakda, käriňi söýseňem, ýurdumyzda käriňi ýigrener derejä ýetirdiler. Men daşary ýurtda okadym. Diplomymy tassykladanymdan soň iş tapmak gaty kyn boldy. 6 aýa golaý işsiz ýatdym, depressiýa girdim.

Ejem, kakam meni tölegli okatdylar. Ejemiň kakamyň eden zähmetini gaýtaryp, miwesini görkezmek isleýärdim. Ýene-de kynçylyk çekdirýän zatlaryň biri men etraplaryň birinde ýaşaýaryn we bärde meniň okan kärimden iş ýok. Öz obamda işlejek bolsam mugallym, doktor ýa-da kärendeçi bolmaly. Etrabyň "Zähmet iş üpjünçiligine" ýüz tutdum (öz kärim boýunça başga şähere ýa welaýata gidip işlemäne razydym, gyz maşgala bolsamam). Adymy, familiýamy, kärimiň adyny aldylar, elime bölek kagyz berdiler. Gaýtam “işe girseňiz bize jaň edip aýdyň” diýdiler. Netije bolmajagyny bilip, Aşgabatdaky biznes merkezlerine, firmalara rezýume tabşyryp başladym. Ol ýerde-de meniň iş tejribämiň ýoklugy we pasportymda ýaşaýan ýerim Aşgabat ş. diýip ýazyk däldigi işe almazlyga sebäpdi.

6 aýa golaý wagtdan soň, birine haýyş edemizde meni işe çagyrdylar. Ol ýere işe girdim, 2 ýyla golaý işledim. Müdirler “Işgärmi? Hmmm, hemme diýenimi etmeli” diýen pikirdediler. Kanun, bikanun bildirenok. Barlag gelse işgär günäkär. Müdirler hiç zat bilmediksirän bolup, akja jüýje maskasyny geýýärler. Eger-de diýenlerini etmeseň, “işden çykararyn” diýip, haýbat atýarlar. Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň hiç hili peýdasynyň ýokdugyny gördüm. Işiň stresi, nerwi sistemama, saglygyma zyýanyny ýetirdi. Aýbaşym kesildi, aşgazanym agyryp, der basyp ýatdym. Durnukly pensiýaly iş diýip saglygymy ýitirdim. Işden öz arzam bilen çykdym. Öz biznesimi gurmak üçin kiçi telekeçiler üçin kredit almak isledim. Banka ýüz tutdum. Onça dokument düzedeniňden soňam eliňe 30,000 manat gelenok, ondan az gelýär. Garaz, netijede "Gün güýçliňki, gowurga dişliňki".

Ýene-de "Ýaşlar näme üçin daşary ýurda gidip, gelesleri gelenok?" diýilýär. Bize kiçilikden “aýtma, diýme, goý, beý diýseň samsyk bolarsyň, ondan gorkmaly” we şoňa meňzeş sözleri köp eşitdirdiler. Şondan biziň ýaşlarymyzyň totalny gorkusy güýçli. Öz pikirimizi aýtmana gorkýarys. Daşary ýurda gidip, öz pikirimi aýtmany öwrendim. Yzyma gaýdanyma gynanýan. Entegem şansym bolsa giderdim, ýöne durmuşa çykdym. Indi gidip bilme şansym 100-den 5%.

Netije: Ýaşlaryň işe girip bilmezliginiň sebäpleri (diňe meniň pikirim boýunça):

1. Korrupsiýa, tanyş.

2. Müdirleriň ýaş işgärleri ezmegi.

3. Okan käriň boýunça iş ýerleriniň az, etrap-obalarda iş ýerleriniň ýok bolmagy.

4. Işleriň durnuksyzlygy.

5. Ýaşlaryň hyjuwynyň, energiýasynyň, bähbitli ideýalarynyň ýere siňmegi.

6. Ýaşlaryň halamaýan kärlerini saýlamaklygy.

7. Ýaşlarda totalny gorkyň öz bähbitlerindenem güýçli bolmagy.

8. Ýaşlary goldaýan guramanyň ýoklugy.

9. Ýaşy kiçi telekeçileri goldamaly diýip hat bar, emma netije ýok.

10. Işsizlik we puluň hümmetsizligi daşary ýurda gidýän ýaşlaryň sanyny artdyrýar. Durnukly işde işländen, daşary ýurtda gara işde işlänlerini gowy görmekleri.

Daşary ýurtdan gelýänleriň:

1-nji sebäbi – ene-atasyna seretmek üçin çäresizlikden.

2-nji sebäbi – moşenniklere aldanandyklary üçin.

Saglykgram, opros goýanyňyza begendim. Göni direktiňize ýazaýyn diýdim. Belki post edersiňiz, belki etmersiňiz, ýöne meniň ýaly az dälmikä diýýän. Gynançly we sustuňy basyjy zatlar. Siziň barlygyňyza begenýän.

#okyjydan #okyjynyňpikiri

MÖHÜM BELLIK!

Okyjylardan gelýän ýazgylar asyl nusgasynda çap edilýär. Gerek ýerinde, aýdyňlyk üçin grammatik we orfografik düzedişler girizilýär.

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Ähli okyjylardan we teswirçilerden internetde özüňi medeniýetli alyp barmagyň kadalaryny berjaý etmegi soraýarys. Kemsidiji, ýazgaryjy, göwne degiji teswirleri ýazmak teswirleriňiziň redaksiýa tarapyndan pozulmagyna we hasabyňyzyň bloklanmagyna eltip biler.

  • 1859 gezek okalan