Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÜN ŞÖHLESINIŇ GARAŇKY TARAPY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gun sohlesinin garanky tarapyOzon gatlagy ýer şaryndaky ähli janly-jandarlary günden gelýän ultramelewşe şöhleleriniň zyýanlaryndan goraýar. Ozon gatlagynyň ýukalmagy ultramelewşe şöhleleriniň güýçlenmegine we umman suwlaryndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň ölmegine getirýär. Şeýle-de, ultramelewşe şöhleleri adamlaryň jan-saglygyna hem zyýanlydyr. Ol zyýanlardan hemmämiz habarly bolmalydyrys. Özüňizi we maşgalaňyzy birnäçe ýollar arkaly ultramelewşeden gorap bilersiňiz:

Günden goraýan äýnek geýmek. Günüň gözümize ýetirýän zeperi şol wagtyň özünde bildirmeýär. Birnäçe wagtdan soňra onuň zyýany bildirip başlaýar. Şonuň üçin hem, onuň öňüni almak möhümdir. Gün äýnekleri ýapyk reňkde bolup, yşygy saklaýan hem bolsa, olaryň ultramelewşeden goraýyş derejesi düzüw bolmasa, äýnek geýmezlikden hem beter zyýan getirip biler. Äýnek saýlanyňyzda onuň ultramelewşe derejesi azyndan UV400 bolmaly. Şonda 99-100 göterim ultramelewşe şöhlelerinden goranarsyňyz.

Endamyňa günden goraýan krem çalmak. Gün şöhlesiniň aşa köp bolmagy derä we gözlere zeper ýetirýär. Güneşli günler açyk howa çykanyňyzda ultramelewşeden gowy goraýan kremleri ulanmaly. Kremleriň goraýyş derejesi 30 (SPF-30) ýa-da ondan beýik bolmaly. Kremi güne çykmazdan 15-20 minut öňürti çalmaly. Eger açyk howada suwa düşýän bolsaňyz (deňizde, howdanlarda) ýa-da köp derleýän bolsaňyz, yzygiderli çalmagy unutmaň. Eger howanyň ultramelewşe indeksi (görkezijisi) ýokary bolsa, günüň aşagynda geçirýän wagtyňyzy çäklendiriň. Hökmany ýagdaýda ýeňli eşik we kelläňize baş gap geýiň. Eger siz ene-ata bolsaňyz, çagaňyzyň derisini hem günden goraň.

Ultramelewşe indeksini (UV index) barlap durmak. Ultramelewşe indeksine üns beriň. Onuň görkezijisi 1- (bir minus) we 11+ (on bir plýus) aralygynda bolup, belli bir ýerde we belli bir wagtda ultramelewşe şöhlesiniň güýjüniň nä derejededigini görkezýär. Ultramelewşe indeksiniň sany näçe uly bolsa, daşary çykmak şonça-da howpludyr. Ultramelewşe derini ýakyp, hatda deriniň rak keseline hem getirip bilýär. Ultramelewşe indeksi howa maglumatlarynyň bir bölegi bolup durýar. Heniz biziň teleýaýlymlarymyzdaky howa maglumatlarynda bu hakynda aýdylmaýar. Ýöne ultramelewşe indeksini internet maglumatlar sahypasynda ýa-da mobil programmalaryň kömegi bilen barlap bolýar.

Kölegäň bilen ultramelewşäniň derejesini ölçemek. Ultramelewşäniň size näçeräk mukdarda täsir edýändigini barlamagyň aňsat usuly, kölegäňize seretmekdir. Eger ýere düşüp duran kölegäňiziň uzynlygy boýuňyzdan uzyn bolsa (irden, günortana çenli), ultramelewşäniň täsiri pesdir. Eger kölegäňiziň uzynlygy boýuňyzdan kiçi bolsa (günortan töweregi), ultramelewşäniň derejesi örän ýokary diýmekdir.

Ozon gatlagy bilen öýümdäki sowadyjynyň näme arabaglanyşygy bar?

Geçen asyryň ikinji ýarymynda ilkinji gezek planetamyzyň atmosferasynda sowadyjy maddalaryň (sowadyjylarda ulanylýan freon) galdyrýan yzynyň bardygy hasaba alyndy. Hlor atomlary we sowadyjy maddalaryň düzümindäki gidrohlorftoruglerod molekulalarynyň galyndylary ozona täsir edýär we onuň molekulalaryny ýok edýär. Şeýlelik bilen planetamyz öz gorag gatlagyny ýitirýär.

Biz hem ozon gatlagynyň ýukalma hadysasynyň öňüni almakda öz goşandymyzy goşup bileris. Onuň üçin sowadyjy enjamlarymyzy jogapkärçilikli ulanmagymyz gerek.

↪ Öýlerimizdäki freonly enjamlary (sowadyjy, kondisioner) zyňanymyzda, ýörite hünärmen ilki onuň sowadyjy maddasyny – freony ýygnap aýyrmaly. Çünki freon adaty atmosfera basyşynda çalt ereýär we gaz görnüşinde ýokary uçup, ozon gatlagyna zyýan ýetirýär.

↪ Sowadyjyňyzy we doňduryjyňyzy has pes temperaturada goýjak bolmaň. Olary dogry, ýeterlik temperaturada goýuň. Sebäbi olar aralyk temperaturada dursa energiýany tygşytlar. Ulanmaýan sowadyjy enjamlaryňyzy öçüriň.

↪ Sowadyjyňyzyň ýerleşýän ýerine hem üns bermeli. Onuň arka tarapyndan howa aňsatlyk bilen aýlanyp durar ýaly bolmaly we sowadyjyny gap-gaç ýuwulýan enjamyň we tok ýa-da gaz plitanyň ýanynda goýmaly däl.

↪ Kondisioner alanyňyzda zerurlygyňyza laýyk ululykda alyň. Kondisioneriň daşky blogyny kölege ýerde oturtmaly we ony yzygiderli arassalap durmaly. Gijelerine kondisioneri sowadyjy däl-de wentilýator tertibinde goýuň. Eger salkynrak bolanyny isleseňiz, onda kondisioneriň termostatyny gündizkiden ýokary temperatura düzüň. Bu usullary berjaý etseňiz, ençeme elektrik energiýasyny tygşytlarsyňyz.

↪ Ulaglaryňyzy kölege ýerlerde goýuň. Eger ulagyňyz gyzyp giden bolsa, kondisioneri şolbada işletmän, ulagy biraz açyk aýnaly sürüp sowatmaly.

↪ Täze enjam satyn alanyňyzda, "ozone friendly" (ozona zyýansyz), "HCFC free" (gidrokloroflorokarbonlarsyz) ýa-da "energy efficient" (energiýa tygşytlaýjy) bolanlaryny gözläň. Energiýa tygşytlaýan enjamlar diňe bir daşky gurşawy goraman, eýsem elektrik tölegiňizi hem azaldar.

Çeşme: Siziň edip biljek zadyňyz

Makalany terjime eden: Batyr Bäşimow

Şeýle-de:

Ozon gatlagyndaky deşikler we ylym

Energonetijelilik bize näme berip biler

16-njy sentýabr – ozon gatlagyny goramagyň halkara günüdir

  • 185 gezek okalan