Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN: INDIKI EKOLOGIK ÇÄRELERI NÄDIP KÖSENÇLIKSIZ GEÇIRIP BOLAR?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

ulag caklendirmeleriÝurdumyzda ekologiýa ünsli çemeleşmek we welosiped ulanmagy öňe sürmek maksady bilen, 10-25 maý aralygynda Aşgabat şäherinde şahsy ulaglaryň hereketine çäklendirme girizildi. Bu çäre bir tarapdan ilatyň fiziki işjeňligini, sagdyn durmuş babatda düşünjesini ösdürmek üçin peýdaly görünse-de, beýleki tarapdan jemgyýetimiziň ejiz toparlaryny – garry adamlary, çagalary, näsaglary – kösençlige sezewar etdi:

↪ Irdenlerine we agşamlaryna içi doly awtobuslara münmek örän kyn, aýak basmaga ýer ýok. Taksiler bolsa asla ýetişmeýär we bahalar birnäçe esse ýokarlandy.

↪ Hatda irden 7:00-9:00 we agşam 17:00-21:00 aralygynda ýollar ulaglaryň ähli görnüşleri üçin açyk bolsa-da, adamlar herekertlerini çäkledirmäne mejbur boldular. Olar ähli işlerini şol bellenilen wagtlarda etmeli boldular.

Hakykatdanam, ilatyň uly böleginiň fiziki taýdan işjeňligi pes. BSGG-nyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň ýarysy semiz bolup, her 7 adamdan 1 adam aşa semizlikden ejir çekýär. Ýurtda semizligiň ýaýgynlygy soňky 5 ýylyň içinde üýtgewsizligine galýar. Ilat saglygyny we ekologiýany goramak üçin dürli çäreleriň ähmiýeti uludyr, esasan hem olar oýlanyşykly gurnalanda. Häzirki ekologik çäräniň döreden kynçylyklaryny göz öňünde tutup, men indiki çäreleriň guramaçylaryna şeýleräk maslahatlary beresim gelýär:

↪ Pandemiýa döwründe awtobuslarda we jemgyýetçilik ulagarynda dyknyşyk döredip biljek, fiziki aralygy saklap bolmaýan çäreler ilatyň saglygyna howp salýar we geçirilmeli däl.

↪ Çäre maýyň 10-na başlady we köpçülikleýin habar beriş gulluklary bu barada ilkinji gezek maýyň 10-na bilip galdylar. Belli ýollaryň ýapylmagyny öz içine alýan çäreleri azyndan bir aý öňünden mediýada habar bermeli. Ýapylýan ýollaryň kartasy mediýada giňden paýlaşylmaly. Maglumatlaryň resmi taýdan bolmazlygy dürli myş-myşlary döredýär, bu bolsa adamlaryň hereketini çäklendirip, olary gaýgy-alada salýar. Gaýgy-alada bolsa adamyň ömrüni gysgaldyp, çäräniň asyl maksadyna – saglygy berkitmeklige ters gelýär.

↪ Şeýle çäreler pandemiýa däl döwürde geçirilende hem, adamlaryň awtobuslary arkaýyn ulanmaklary üçin, iş we okuw wagtlaryny deň gelmez ýaly üýtgedip, awtobuslarda dyknyşygyň döremeginiň öňüni alyp bolar.

↪ Howanyň hiliniň we benziniň ulanylyşynyň çäreden öňki we soňky görkezijileri çap edilse, ilatyň düşünjesiniň ösmegine itergi berer. Şeýle-de, howanyň hiliniň ölçegleri çäresiz günlerde hem ilata elýeter bolmaly. Ýapyk ýollarda ulag azalsada, olaryň sany "ýapylmadyk" köçelerde has hem ýokarlandy. Howa bolsa serhetlere, goýlan çäklere görä aýlananok.

↪ Biziň gelin-gyzlarymyzyň aglabasy uzyn köýnekli gezensoň, olara welosiped sürmek kyn düşýär. Bu bolsa olaryň hereketini çäklendirýär.

↪ Gynansakda, welosiped sürmek medeniýeti üçin infrastruktura ýeterlik derejede döredilmedik: welosiped üçin niýetlenen ýollar we duralgalar ýok. Welosiped sürmek medeniýetini meşhurlaşdyrmak üçin, ilki infrastruktura döredilse gowy netije berip biler.

↪ Türkmenistanda maý aýynda howanyň temperaturasynyň ýokary bolýandygy sebäpli, adamlarda welosiped sürmek islegi juda az bolýar. Şeýle çäre howanyň salkyn wagtynda geçirilmeli.

↪ Şeýle kampaniýalaryň "ruhlandyryjy we peýdaly" netije bermegi üçin, olar ylma we başga ýurtlaryň tejribelerine esaslanmaly we düşündiriş işleri bilen bilelikde geçirilmeli. Gynansakda, şu wagt ilatyň aglaba bölegi geçirilýän çäreleriň manysyna düşünmeýär.

Suratyň çeşmesi

  • 1046 gezek okalan