Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Soňky wagtlarda derman kabul edilenden soň allergiki täsire uçrap, lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan adamlaryň sany barha köpelýär. Adamlaryň köpüsi lukmanlara ýüz tutman, özlerini özleri bejermäge synanyşýar. Olar köplenç haýsydyr bir derman serişdesiniň reklamasyny görüp, dermanhana ylgaýarlar-da, şol dermany satyn alýarlar. Olar bu dermanyň özlerine ýarap-ýaramaýandygy bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar.
Biz derman serişdelerini dogry kabul etmek babatdaky käbir maglumatlary siziň dykgatyňyza hödürlemekçi.
Birinji we iň esasy kada: dermany satyn almazdan öň hökman lukman bilen maslahatlaşyň. Haýsydyr bir derman serişdelerini hünärmen lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak ulanmak örän howpludyr. Bu allergiki täsirleriň bolmagyna, käwagtlar bolsa, zäherlenmä uçradyp biler.
- 6345 gezek okalan