• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • 31-NJI MAÝ – BÜTINDÜNÝÄ TEMMÄKÄ GARŞY GÖREŞ GÜNI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

31-NJI MAÝ – BÜTINDÜNÝÄ TEMMÄKÄ GARŞY GÖREŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

temmaka garsySen çilimi taşlap gördüňmi ýa-da taşlan tanaýarsyňmy? Şahsy hekaýaňy paýlaş!

Temmäkiniň howplaryndan habarly çilimkeşleriň köpüsi bu endigi taşlamak isleýär. Konsultasiýanyň we dermanlaryň kömegi bilen, ulanyjylar temmäkini iki esse üstünlikli taşlap bilýärler. Emma welin, häzirki wagtda dünýäde diňe 23 döwlet ilatyna doly ýa-da ýarpy tölegine kömek edýän, hemmetaraplaýyn "temmäkiden el üzme" hyzmatyny üpjün edýär. Bu ýurtlarda dünýäniň ilatynyň diňe 32% ýaşaýar.

Islendik jemgyýetde temmäki ulanmany azaltmakda saglyk hünärmenleri iň ähmiýetli rol oýnaýar. Ylmy barlaglar temmäkiniň saglyga ýetirýän zyýanlaryndan (öýken ragy, ýürek keselleri, insult) örän az sanly adamyň habarlydygyny görkezýär. Saglyk hünärmenleriniň gysgaça maslahatlary temmäkini taşlama mümkinçiligini 30% artdyrýar. Intensiw lukmançylyk kömegi bilen bolsa, bu endikden 84% üstünlik bilen el üzmek mümkin.

Temmäkini Taşlamagyň Saglyga Peýdalary:

↪ 20 minudyň içinde ýüregiň urmasy we ganyň basyşy peselýär;

↪ 12 sagatdan soňra ganyňdaky uglerod monoksidi kadalaşýar;

↪ 2-12 hepdede gan aýlanyşygyň we öýkeniň işleýşi gowulaşýar;

↪ 1-9 aýda üsgülewükler we dem ýetmezçiligi azalýar;

↪ 1 ýylda ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligi çilimkeşiňkiden 2 esse azalýar;

↪ 5-15 ýylda insult töwekgelçiligi çilim çekmeýän adamyňka deňleşýär;

↪ 10 ýylda öýken ragynyň töwekgelçiligi çilimkeşiňkiden 2 esse azalýar; agyz, bokurdak, gyzylödek, peşew haltasy, ýatgynyň boýunjygy, aşgazanasty mäz raklarynyň töwekgelçiligi peselýär;

↪ 15 ýylda ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligi çilim çekmeýäniňkä deňleşýär.

Eýýäm çilimkeşlik bilen bagly kesellerden ejir çekýän islendik ýaşdaky adamlara hem çilimden el üzmek peýda edip bilýärmi?

↪ 30 ýaşda ömrüň 10 ýyl uzaýar;

↪ 40 ýaşda ömrüň 9 ýyl uzaýar;

↪ 50 ýaşda ömrüň 6 ýyl uzaýar;

↪ 60 ýaşda ömrüň 3 ýyl uzaýar;

↪ Infarkt bolansoň çilimi taşlan adamlaryň ýene infarkt geçirme ähtimallygy 50% peselýär.

Çilimi taşlamak çilimkeşiň töweregindäki çagalara nähili täsir edýär?

Çilimi taşlamak çilimkeşiň töweregindäki çagalary çilimiň tüssesinden dem almak arkaly döreýän kesellerden (respirator keselleri we gulak infeksiýalary) goraýar.

Çilimi taşlamagyň başga peýdalary barmy?

Çilimi taşlamak impotensiýanyň (ereksiýa ýa orgazm kynçylyklary), göwreli bolmak kynçylyklarynyň, çaganyň wagtyndan ir dogulmagynyň, çaganyň agramy pes dogulmagynyň, we çaga aýrylmasynyň ähtimallygyny peseldýär.

Ýakynda şeýle habar çykdy: Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde hereket edýän "Ynam" merkezlerinde temmäki baglylygyndan ejir çekýän raýatlar bejergi we mugt konsultasiýa alyp bilýärler. Şeýle-de, adyny gizlin saklap, telefon arkaly maslahat almak isleýänler üçin gyzgyn liniýa bar – 118.

Sen bu hyzmatlardan peýdalanyp gördüňmi?

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň temmäkä degişli maglumatlary.

Goşmaça maglumatlar:

COVID-19 ÇILIMKEŞLERE WE TEMMÄKI ULANÝANLARA HAS ULY HOWP SALÝARMY?

GÖWRELILIK DÖWRÜNDÄKI PASSIW ÇILIMKEŞLIK: ONUŇ TÄSIRI WE NETIJESI

ALYMLAR ÇILIMKEŞLIK BILEN BAGLY KESELLER SEBÄPLI ÖLÜMÇILIGIŇ ÝOKARLANJAKDYGYNY BELLEÝÄRLER.

SÜÝJI KESELI WE ÇILIMKEŞLIK

"ÇILIMSIZLIK" DEREJESINI GAZANMAGYŇ NETIJELI USULLARY

ÇILIMI NÄDIP GOÝMALY?

ÇILIMKEŞLIGIŇ ZENAN SAGLYGYNA ÝETIRÝÄN ZYÝANY

ERKEKLER ÇILIM ZERARLY AÝALLARDAN IR ÖLÝÄRLER

ÇILIMKEŞLIK

  • 1571 gezek okalan