• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÜRKMENISTANDA METAN ZYŇYNDYLARY AZALÝAR, EMMA ÖSÜŞ HAÝAL DEPGINDE

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA METAN ZYŇYNDYLARY AZALÝAR, EMMA ÖSÜŞ HAÝAL DEPGINDE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkmda metan zynyndylary2023-nji ýylda Türkmenistan dünýäde iň köp metan gazyny howa goýberýän ýurda öwrüldi. 2026-njy ýylda bolsa, ýurt gaz ýataklarynda bejeriş we abatlaýyş işlerini geçirmek arkaly metan zyňyndylaryny uly möçberde azaltmagy başardy. Emma, hünärmenler ösüşiň depgininiň örän haýaldygyny belleýärler.

Bu nireden başlady?

Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we tebigy gazyň eksporty ýurduň 2024-nji ýylky girdejisiniň 66.9%-ini düzdi. 2023-nji ýylda emeli hemralaryň hasabatlary Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan başga ýurtlaryňkydan has köp metan gazynyň bölünip çykýandygyny ýüze çykardy. 

Kuwwatly parnik gazy bolan metan bütindünýä maýylganlygyny çaltlaşdyrýar we ýere ýakyn ozonyň emele gelmegine goşant goşmak arkaly howanyň hem hilini ýaramazlaşdyrýar. Metanyň ýany bilen howa zyňylýan hapalaýjylar bolsa, adamlara zerur bolan howany, suwy we topragy haraplaýarlar.

Bu wakalardan soňra Türkmenistanyň hökümeti BMG, Ýewropa Bileleşigi we ösüş banklary ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip başlady. 2023-nji ýylyň dekabrynda ýurt Ählimumy metan borçnamasyna goşulyp, 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% azaltmagy maksat edindi. Soňra, halkara hyzmatdaşlyklary berkitmek boýunça 2025-2026 "Ýol kartasyny" kabul etdi. Bu hyzmatdaşlyklardyr maksatnamalar barada metbugatda umumy habarlar çap edilse-de, olaryň jikme-jikleri ýa-da doly görnüşleri köpçülige ýetirilmedi.

Häzirki ýagdaýy

2024-nji ýylda Türkmenistan könelen turbalary, näsaz guýulary we ýakyjy ulgamlary bejermek arkaly zyňyndy çeşmeleriniň sekiz sanysyny duruzmagy başardy. Emma, 2025-nji ýylda BMG-nyň Metan duýduryş we jogap beriş ulgamy (MARS) Türkmenistanda 192 gezek zyýanly metan zyňyndylaryny anyklap, ýurda duýduryş iberdi. Ýurt bolsa bu duýduryşlaryň diňe 20%-ne jogap berdi - bu BMG-nyň öňe sürýän 80% jogap beriş derejesinden has azdyr.

Edilmeli işler

2026-njy ýylyň oktýabrynda çap edilen BMG-nyň analitiki brifi zyňyndylary azaltmagy, şol bir sanda nebit-gaz pudagynda zähmet çekýän 200 müňe golaý işgäri goramagy maksat edinýär.

Brife görä, ýurt metan zyňyndylaryny azaltmakda örän az ösüş gazandy. Zyňyndylar yzygiderli azalman, azalyp-köpelip durýarlar. 2023-nji ýyldan bäri, emeli hemralar 248 sany zyňyndy çeşmelerini anykladylar. 2025-nji ýylda anyklanylan 162 zyňyndy çeşmeleriniň 38 sanysy dowamly zyňyndy çykarýar.

Jikme-jik ölçegler we anyk hasabatlar uly kemçilik bolmagyna galýar. Ýurduň gaz önümçiliginiň diňe 9%-mi OGMP 2.0 (nebit-gaz metany üçin global hasabat standarty) tarapyndan üpjün edilýär we 2030-njy ýyla çenli önümçiligiň diňe 1%-niň ýokary halkara standartlara görä hasaba alynmagyna garaşylýar. Başga söz bilen aýdylanda, hatda bu onýyllygyň soňunda hem ýurduň gaz önümçiliginde döreýän zyňyndylar barada tassyklanylan we ygtybarly maglumatlar juda az bolar. Munuň bolsa ähmiýeti uludyr. Çünki, ygtybarly sanlar we maglumatlar bolmasa, Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny diňe emeli hemralaryň üsti bilen synlap bolýar – emeli hemralar bolsa, diňe uly göwrümli zyňyndylary saýgaryp, her bir bolup geçýän zady hasaba alyp bilmeýärler. Bu zyňyndylary başga ýurtlaryňky bilen deňeşdirmegi hem kynlaşdyrýar we maýa goýujylarda ýurda bolan ynamy pese düşürýär.

Brifde berilýän maslahatlar

↪ Nebit-gaz infrastrukturalarynda zyňyndy anyklaýan ulgamlary artdyrmak we güýçlendirmek.

↪ Emeli hemralaryň maglumatlaryny we ýerli ölçegleri birikdirýän milli metan gözegçilik, hasabat we anyklaýyş ulgamyny döretmek.

↪ Milli nebit we gaz kompaniýalaryna OGMP 2.0 hyzmatdaşlygyna goşulyp, iň ýokary derejeli (5-nji dereje) hasabat standartlaryny ýola goýmaga kömek etmek.

↪ Operatorlary MARS duýduryşlaryna jogap bermäge we Durnukly energiýa boýunça UNECE komitetine we onuň ekspert toparlaryna goşulmaga höweslendirmek.

↪ Azaldylan metan zyňyndylary üçin uglerod kreditlerini satmak – bu 2026-2030 ýyllar arasynda $50-300 milliona çenli gazandyryp biler.

↪ Aşgabatdaky Sebitleýin klimat tehnologiýalar merkezini tizlendirmek.

↪ BMG bilen hyzmatdaşlykdaky 5 ýyllyk metan maksatnamasyny tassyklamak we durmuşa geçirmek.

  • 13 gezek okalan