Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Täsin zehinli çaga ir çagalykdan şahsyýet bolmak bilen, öz deň-duşlaryndan ösüşi taýdan tapawutlanýar. Ol ilkibaşdan adatdan daşary ajaýyp ukyplaryny ýüze çykaryp, öz ýaşyna mahsus bolmadyk aň-bilimi görkezýär. Şular ýaly çagalar mekdebe barmankalar döredijilige, oýlap tapyjylyga höwes bildirýärler. Maşgalada akylly çaganyň bolmagy onuň ene-atasyny diýseň begendirýär. Emma bu täsin zehinlilik diňe dogabitdi bolman, eýsem ony ösdürip-de bolýandyr. Çaganyň derejesini ösdürmekde onuň iýmitlendirilişi örän möhüm orny eýeleýändir. Muňa köpsanly ylmy-barlaglaryň netijeleri şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda iňlis alymlary şu ylmy synagy geçirip gördüler. Bu ylmy synaga 5 ýaşly ekiz oglanjyklar gatnaşdyryldy. Olaryň biri öňküsi ýaly naharlanmagy dowam etdi. Beýlekisini bolsa sagdyn iýmit bilen naharlap başladylar. Birnäçe gün geçenden soň, sagdyn iýmit iýýän oglanjyk özüni has asuda alyp baryp, urşuganlygynyň, dawaçyllygynyň kemelendigi aýdyň boldy. Ylmy synag tamamlananda bolsa, sagdyn iýmit bilen naharlanan oglanjygyň okuwa ýetişiginiň öz doganyndan 15% ýokary bolandygy tassyklanyldy.
Çaganyň akyl ukyplarynyň ösmegi we bekemegi üçin ol haýsy iýmitleri iýmeli?
- 7160 gezek okalan