AÝALLARDA RAGYŇ 4 GÖRNÜŞINI ANYKLAÝAN TÄK TEST

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

rak anyklayys testiAlymlar ýatgynyň boýunjygynyň barlagy geçirilende alynýan nusga bilen aýalda 4 görnüşli ragyň töwekgelçiligini ölçeýän testiň üstünde işleýärler. Ýatgynyň boýunjygynyň öýjüklerini barlamak arkaly, ýumurtgalygyň ragyny, göwüs ragyny, ýatgynyň boýunjygynyň ragyny we ýatgynyň ragyny ýüze çykmazyndan öňürti anyklamak mümkin bolar diýlip çaklanylýar.

Bu test ähli 4 görnüşli raklary irgözin anyklamaga we rak heniz ýüze çykmanka ony duruzmaga ýol açar. Bu aýallaryň saglygyny goraýyşda ýetiljek ýene bir uly üstünlikdir.

 

Häzirki wagtda ýumurtgalygyň ragy ginekologik raklaryň içinde iň köp ölüme sebäp bolýan rak bolup durýar. Ýumurtgalygyň raklarynyň 75%-i giçki etapda (çişler ýaýranyndan soňra) anyklanylýar. Keseli irgözin anyklamak bejergileriň üstünlikli geçmegine mümkinçilik döreder.

Göwüs ragy bolsa, aýallaryň arasynda iň köp ýaýran ragyň görnüşi bolup, häzire çenli diňe mammografiýa we biopsiýa barlaglary arkaly anyklanylyp gelinýär.

  • 689 gezek okalan