WWW.SAGLYK.INFO SAÝTY 3 ÝAŞADY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (16 Ses)

Şu gün www.saglyk.org saýtynyň öz işini başlanyna 3 ýyl boldy. Biz, saýtyň iş topary, bu saýty lukmançylyk ulgamyna degişli mowzuklar bilen tanyşdyrmak, möhüm lukmançylyk we sosial meselelere degişli soraglary beýan edip, okyjylarymyzy habardar etmek maksady bilen açmaga meýilleşdiripdik. Ýene bir esasy maksat – her bir mesele babatda biziň okyjylarymyzyň pikirlerini, garaýyşlaryny bilip, özara pikir alyşmalary, ýagny göni dialogy ýola goýmakdy. Saýt, Türkmen jemgyýetiniň saglyga degişli meselelerini galdyrýan we öwrenýän, jemgyýetçilik forumyna owürler diýip umyt edipdik.

Edilen işlere seredip, bu maksatlara ýetmek üçin ummasyz uly işleriň ýerine ýetirilendigini syn etseň bolýar. Geçen döwrüň içinde saýtda 360-a golaý makala taýynlanyp ýerleşdirildi, okyjylarymyzdan gelen dürli soraglaryň 343-ne lukmanlar tarapyndan jogap berildi, makalalarda galdyrylýan mesele barada öz pikirlerini we teswirlerini biziň okyjylarymyzyň 428 sanysy beýan etdiler. Şu döwrüň içinde işgärler topary "Maşgala saglygy", "Daşky gurşaw we adam saglygy" kitaplaryny, "Çagaňyzy neşe belasyndan halas ediň", "Inçekeselden goranmagy başar", "Prezerwatiw: saglygyň barada alada", "Arassa suw-sagdynlygyň gözbaşy" atly kitapçalary taýynlap okyjylarymyza ýetirmekde ägirt uly işi amala aşyrdylar.

Iň esasy, bizi begendiriji sebäp – biziň okyjylarymyz bilen aragatnaşyk etme, özara çynlakaý pikir alyşmalary alyp barma başartdy. Ol ýa-da başga sorag, mesele barada siziň beýan edýän öz pikirleriňiz, teswirleriňiz biz üçin diýseň gymmatlydyr. Çünki siziň manyly teswirleriňiz, seslenmeleriňiz biziň işimiziň hilini görkeziji indikator bolup durýandyr.

Ýöne biz, meýilleşdirilýän maksatlary durmuşa geçirmek üçin ýene köp işleriň bize öňde garaşýandygyny, käbir ýetmezçilikleriň üstünde işlemelidigini bilýäris. Durmuş, hadysalar bir ýerde duranok, hemme zat kämilleşme ugruna ymtylýar. Biz hem şol hyýaly göz öňüne tutup, biziň işimize baha berýän size, öz okyjylarymyza ýüzlenýäris:

Geljekde saýtyň işini kämilleşdirmek üçin nähili çäreleri geçirmeli?

Siz bizden nähili täzeliklere we haysy meselelerden söz açýan makalalara garaşýarsyňyz?

Siziň teklipleriňize, teswirleriňize, pikirleriňize biz sabyrsyzlyk bilen garaşyp, siz bilen aragatnaşygyň biz üçin gymmatlydygyny ýene bir gezek nygtasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 5135 gezek okalan