Biziň döwrümiziň jemgyýetinde zenanlaryň orny mese-mälim özgerendir. Zenanlar köp asyrlaryň dowamynda öz hukuklary ugrunda göreşip, deňhukuklygy aldylar. Indi zenanlar diňe öý hojalykçy däl, eýsem işewür zenanyň işlerini hem başarýandyr. Emma ol işewür zenana öwrülmek bilen, ýanýoldaşy, çagalary, öýi baradaky alada-hysyrdalary heniz-de onuň gerdenindedir. Şeýle agyr ýük eýsem zenan saglygyna täsir etmezmi? Elbetde eder!
Ýöne zenanyň döwrebap gadam urup, bu ýüküň astynda maýrylman, ýegşerilmän, gara gözüniň röwşenligini ýitirmez ýaly näme etmeli?
Dowamy
Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri (ÝBHTD), jyns agzalarynyň täze döremeleriniň içinde iň kän duş gelýän görnüşidir. Onuň ýüze çykmagyna abortdan, dogrumdan soň ýatgynyň boýunjygynyň şikeslenmegi, raga getirýän keselleriň (ýatgy boýunjygynyň eroziýasy, leýkoplakiýa, polip, eritroplakiýa) wagtynga bejerilmezligi, abortdan soňky endokrin bozulmalar, jyns agzalaryň ýokançlyklary sebäp bolup biler.
Ýönekeý uçugyň wirusynyň we adamyň papilloma wirusynyň 10 we 16 görnüşleriniň ýatgy boýunjygynyň rak keseline getirip bilýänligi barada ylmy maglumatlar bardyr.
Soňky ýyllarda, dünýä boýunça kadaly geçirilýän öňüni alyş barlaglaryň we ýatgy boýunjygyndan alynýan çyrşagyň Papanikolau (pap-çyrşak) usuly bilen barlanmagy netijesinde, ýatgy boýunjygynyň HTD-i ir möhletde ýüze çykaryp, netijeli bejergi geçirmek gazanyldy.
Dowamy

Maňa uzak ýollar kyn bolsa bolsun,
Ýöne gülki bilen dogsun gün-aýym.
Goý, ýüzlerden gülki yzy ýitmesin!
Gükli ýygmak kesbim bolsun ylaýym.
Gurbannazar Ezizow
Biz ýaňy-ýakynda 1-nji aprel degişmeler gününi belläp geçdik. 1-nji aprel resmi taýdan bellenilmese-de, ýer ýüzündäki adamlaryň bary bu güni biri-biri bilen degişýärler. Ýöne siz gülküniň adam saglygy üçin ýaramlydygyny bilýäňizmi?
Dowamy
Meniň pikirimçe şu ýagdaý köp gelin-gyzlara tanyş: sen iş günüň ahyrynda aýaklaryň ýadawlygyny duýýarsyň. Sen tizräk öýe ýetmegi, köwşüňi çykaryp, aýaklaryňy uzatmak isleýärsiň. Ýöne aýaklaryň ýadawlygy we agyrysy şonda-da aýrylmaýar. Eýsem aýaklaryň ýadawlygyny nähili aýryp bolar? Ynha bu mesele boýunça käbir maslahatlar.
Dowamy
Medisina jähtinden, maşgalany meýilleşdirmegiň soraglarynda, kontrasepsiýa meseleleri möhüm orny eýeleýändir. Abortlaryň aýal bedenine ýetirýän zyýany ikiuçsyzdyr. Ondan soňky ýüze çykýan irki we giçki gaýraüzülmeler, diňe beden saglygyna täsir etmän, jyns agzalarynyň ýagdaýyna hem zyýan ýetirýändir.
Häzirki döwürde, göwreliligiň öňüni almak üçin dürli kontrasepsiýa serişdeleri we usullary ulanmak dogry hasaplanýar. Olaryň dürlüligine garamazdan, usullaryň hersiniň öz ulanmaga garşy görkezmeleri,peydalylyk derejesi, kemçilikleri bardyr.
Dowamy
«Eger adam sagdyn bolmagy isleýän bolsa,
ilki bilen keseliň sebäplerinden dynmaga taýyn
bolmalydyr. Oňa diňe şonda kömek edip bolar».
Gippokrat
1. PSIHOLOGIÝA. Biziň bedenimiz biziň bilen keselleriň, ýarawsyzlyklaryň we beýleki fiziki kynçylykllaryň üsti bilen gürleşende, ol öz ýagdaýyna üns bermegimizi isleýär. Ol bize durmuşymyzy, hereketlerimizi, pikir edişimizi üýgetmelidigimizi habar berýär. Eger adam öz-özüni ýigrenýän bolsa, ony hiç kim halamaýan bolsa, ol hem adamlary halamaýan bolsa, bu onuň saglyk ýagdaýyna täsir etmezmi? Elbetde eder! Ol öýke-kine, bahyllyk, gorky, gahar-gazap ýaly heläkleýji duýgularyň girdabyna düşer. Eger adam şeýle duýgulardan saplanmak islemese, onuň sagdyn bolmaga asla-da mümkinçiligi bolmaz. Psihologiýa – güýçli sebäpdir. Şonuň üçin-de, ilki bilen şondan başlamaly. Durmuşda ileri tutulmaly zatlary saýgarmaly. Özüňi söýmegi öwrenmeli. Öz ýakynlaryňy söýmeli, olaryň gadyryny bilmeli. Durmuşyň her pursatyna şatlanmaly. Çünki geçen gün hiç haçan gaýdyp gelmez. Her bir ýaşan günüňe şükürli bolup, gelejege umyt bilen garamaly. Hiç haçan hiç bir ýagdaýda umytdan düşmeli däl.
Dowamy
Häzir biziň durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Kompýuterde biz işleýäris, öz gerekli maglumatlarymyzy rejeläp saklaýarys, onuň kömegi bilen aýdym diňleýäris, kino görýäris, oýunlar oýnap, işden boş wagtymyz dynç alýarys.
Biz kompýuter bilen işläp, belli bir kada-düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize uly agram düşýänligini ýatdan çykarmaly däldiris.
Kompýuterde uzak wagt işlemek netijesinde, ýüze çykýan görüş ýadawlylygy, medisina edebiýatynda “kompýuter görüş sindromy“ diýip atlandyryldy. (mundan beýläk gysgaça KGS diýeris).
Dowamy

Beden saglygy hemmelere gerek, gymmatly, satyn alyp bolmajak baýlyk bolup durýar. Ýöne aýallara saglyk has hem gerekdir. Erkekler bilen deňeşdirlende, aýal maşgalanyň bedeni dürli faktorlara durnukly bolsa-da, ol öz ömründe uly fiziologiki üýtgeşmelere sezewar bolýandyr. Şol fiziologiki üýtgeşmelere, daşky gurşawyň ýaramaz faktorlary ýa-da sosial kynçylyklar goşulsa, aýal saglygy peselip ugraýar.
Aşakdaky maglumatlar aýallaryň saglyk ýagdaýynyň peselýänliginden habar berýär:
Dowamy
Dişler barada alada etmegi we olary arassalap durmagy ýaşlykdan başlamaly. Dogrusy, dünýä inilenden soň ilkinji günleri başlamaly. Munuň üçin bäbegi her gezek emdireniňizden soň, çygly esgini alyp (esgi hökman örän arassa bolmalydyr), bäbegiň kentlewüklerini süpürmeli. Bu çäre bäbegiň öz ilkinji günlerinden başlap, agyz boşlugynyň arassalygyny duýmagy üçin geçirilýär. Soňra bu çagany diş arassalamaga öwrenişdirmek aňsat bolar. Çaganyň ilkinji dişleriniň peýda bolandan soň, pamyk bölejigi bilen olardaky örtügi süpürip aýyrmalydyr.
Dowamy
Ýylyň islendik paslynda her bir erkek adama ynamlylyk berýän zat nämedir öýdýärsiňiz? Elbetde, gujur-gaýrat!
Söýgüli aýalyny garraýança ellerinde götermek isleýän her bir erkek kişi hemişe gujur-gaýratda bolmagyň arzuwandydyr. Kimdir biriniň bu zatlar biderek diýip pikir etmegi hem ahmal. Ýöne onuň bu pikiri düýbünden nädogrudyr!
Adamyň ýaşyna garamazadan, her ýaşda-da berdaşly we çydamly myşsalary edinse bolýar. Alymlar gartaşan myşsalaryň gujur-gaýratyny, işjeňligini agram götermek arkaly saklap bolýar diýip hasaplaýarlar. Bu babatda daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan köpsanly barlag işleri geçirildi.
Dowamy