Dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda iň giňden ulanylýanlaryň biri-de çopantelpekdir. Çopantelpek çaýy örän belli bolany sepäpli, ony dükanlarda-da, dermanhanalarda-da satyn almak mümkin.
Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiyete eye bolup, kiçi çagalar üçin, uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda bolanlar üçin hem peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriň biridir.
Dowamy
Ählimize belli bolşy ýaly, uky sagdynlygyň , şähdaçyklygyň we görmegeýligiň çeşmesidir.
Uky adam beýnisiniň sagdyn işi üçin hem wajypdyr. Ol rahat bolmalydyr. Munuň üçin biynjalyk ukynyň peýdasy ýokdur. Adamyň beýnisi dartgynly bolýar, dynç alyp bilmeýär. Biz bolsa özümizi ýadaw, asla ýatmadyk ýaly duýýarys.
Adamlaryň köpüsi ukusyzlykdan zeýrenýärler, uky dermanlaryny ulanýarlar. Derman serişdeleri az-kem haýyr edýärler. Emma olara öwrenişilse, olaryň täsiri peselýär, uky biynjalyk bolýar.
Dowamy
Ösen ýurtlarda çilim çekýän zenanlaryň sany ýylsaýyn azalýar, ösýän ýurtlarda bolsa şeýle zenanlaryň sany ýylsaýyn artýandyr.
Başgalaryň elindäki oýnawaç
Temmäki öndürýän kompaniýalar ozallar zenanlara öz müşderileri hökmünde garamaýardylar. Sebäbi ХХ asyra çenli zenanlaryň arasynda puluny temmäkä sarp edip bilýänleri sanlyjady. Maşgala girdejesi erkekleriň elindedi. Galyberse-de, ozallar çilim çekýän zenana azgyn, biedep aýal hökmünde garaýardylar. Ýöne ХХ asyrda zenanlar deňhukuklygy gazanmak bilen, işläp başladylar. Bu bolsa olaryň öz hususy pullarynyň bolmagyna mümkinçilik döretdi. Indi zenanlar puly öz islän zadyna harçlamaga ygytyýarlydylar. ХХ asyrda bolup geçen Birinji we Ikinji Jahan uruşlary erkekleriň sanyny diýseň azaltdy. Netijede, temmäki öndürýän kompaniýalar öz müşderilerileriniň köp bölegini ýitirdiler.
Dowamy
Biziň döwrümiziň jemgyýetinde zenanlaryň orny mese-mälim özgerendir. Zenanlar köp asyrlaryň dowamynda öz hukuklary ugrunda göreşip, deňhukuklygy aldylar. Indi zenanlar diňe öý hojalykçy däl, eýsem işewür zenanyň işlerini hem başarýandyr. Emma ol işewür zenana öwrülmek bilen, ýanýoldaşy, çagalary, öýi baradaky alada-hysyrdalary heniz-de onuň gerdenindedir. Şeýle agyr ýük eýsem zenan saglygyna täsir etmezmi? Elbetde eder!
Ýöne zenanyň döwrebap gadam urup, bu ýüküň astynda maýrylman, ýegşerilmän, gara gözüniň röwşenligini ýitirmez ýaly näme etmeli?
Dowamy
Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri (ÝBHTD), jyns agzalarynyň täze döremeleriniň içinde iň kän duş gelýän görnüşidir. Onuň ýüze çykmagyna abortdan, dogrumdan soň ýatgynyň boýunjygynyň şikeslenmegi, raga getirýän keselleriň (ýatgy boýunjygynyň eroziýasy, leýkoplakiýa, polip, eritroplakiýa) wagtynga bejerilmezligi, abortdan soňky endokrin bozulmalar, jyns agzalaryň ýokançlyklary sebäp bolup biler.
Ýönekeý uçugyň wirusynyň we adamyň papilloma wirusynyň 10 we 16 görnüşleriniň ýatgy boýunjygynyň rak keseline getirip bilýänligi barada ylmy maglumatlar bardyr.
Soňky ýyllarda, dünýä boýunça kadaly geçirilýän öňüni alyş barlaglaryň we ýatgy boýunjygyndan alynýan çyrşagyň Papanikolau (pap-çyrşak) usuly bilen barlanmagy netijesinde, ýatgy boýunjygynyň HTD-i ir möhletde ýüze çykaryp, netijeli bejergi geçirmek gazanyldy.
Dowamy

Maňa uzak ýollar kyn bolsa bolsun,
Ýöne gülki bilen dogsun gün-aýym.
Goý, ýüzlerden gülki yzy ýitmesin!
Gükli ýygmak kesbim bolsun ylaýym.
Gurbannazar Ezizow
Biz ýaňy-ýakynda 1-nji aprel degişmeler gününi belläp geçdik. 1-nji aprel resmi taýdan bellenilmese-de, ýer ýüzündäki adamlaryň bary bu güni biri-biri bilen degişýärler. Ýöne siz gülküniň adam saglygy üçin ýaramlydygyny bilýäňizmi?
Dowamy
Meniň pikirimçe şu ýagdaý köp gelin-gyzlara tanyş: sen iş günüň ahyrynda aýaklaryň ýadawlygyny duýýarsyň. Sen tizräk öýe ýetmegi, köwşüňi çykaryp, aýaklaryňy uzatmak isleýärsiň. Ýöne aýaklaryň ýadawlygy we agyrysy şonda-da aýrylmaýar. Eýsem aýaklaryň ýadawlygyny nähili aýryp bolar? Ynha bu mesele boýunça käbir maslahatlar.
Dowamy
Medisina jähtinden, maşgalany meýilleşdirmegiň soraglarynda, kontrasepsiýa meseleleri möhüm orny eýeleýändir. Abortlaryň aýal bedenine ýetirýän zyýany ikiuçsyzdyr. Ondan soňky ýüze çykýan irki we giçki gaýraüzülmeler, diňe beden saglygyna täsir etmän, jyns agzalarynyň ýagdaýyna hem zyýan ýetirýändir.
Häzirki döwürde, göwreliligiň öňüni almak üçin dürli kontrasepsiýa serişdeleri we usullary ulanmak dogry hasaplanýar. Olaryň dürlüligine garamazdan, usullaryň hersiniň öz ulanmaga garşy görkezmeleri,peydalylyk derejesi, kemçilikleri bardyr.
Dowamy
«Eger adam sagdyn bolmagy isleýän bolsa,
ilki bilen keseliň sebäplerinden dynmaga taýyn
bolmalydyr. Oňa diňe şonda kömek edip bolar».
Gippokrat
1. PSIHOLOGIÝA. Biziň bedenimiz biziň bilen keselleriň, ýarawsyzlyklaryň we beýleki fiziki kynçylykllaryň üsti bilen gürleşende, ol öz ýagdaýyna üns bermegimizi isleýär. Ol bize durmuşymyzy, hereketlerimizi, pikir edişimizi üýgetmelidigimizi habar berýär. Eger adam öz-özüni ýigrenýän bolsa, ony hiç kim halamaýan bolsa, ol hem adamlary halamaýan bolsa, bu onuň saglyk ýagdaýyna täsir etmezmi? Elbetde eder! Ol öýke-kine, bahyllyk, gorky, gahar-gazap ýaly heläkleýji duýgularyň girdabyna düşer. Eger adam şeýle duýgulardan saplanmak islemese, onuň sagdyn bolmaga asla-da mümkinçiligi bolmaz. Psihologiýa – güýçli sebäpdir. Şonuň üçin-de, ilki bilen şondan başlamaly. Durmuşda ileri tutulmaly zatlary saýgarmaly. Özüňi söýmegi öwrenmeli. Öz ýakynlaryňy söýmeli, olaryň gadyryny bilmeli. Durmuşyň her pursatyna şatlanmaly. Çünki geçen gün hiç haçan gaýdyp gelmez. Her bir ýaşan günüňe şükürli bolup, gelejege umyt bilen garamaly. Hiç haçan hiç bir ýagdaýda umytdan düşmeli däl.
Dowamy
Häzir biziň durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Kompýuterde biz işleýäris, öz gerekli maglumatlarymyzy rejeläp saklaýarys, onuň kömegi bilen aýdym diňleýäris, kino görýäris, oýunlar oýnap, işden boş wagtymyz dynç alýarys.
Biz kompýuter bilen işläp, belli bir kada-düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize uly agram düşýänligini ýatdan çykarmaly däldiris.
Kompýuterde uzak wagt işlemek netijesinde, ýüze çykýan görüş ýadawlylygy, medisina edebiýatynda “kompýuter görüş sindromy“ diýip atlandyryldy. (mundan beýläk gysgaça KGS diýeris).
Dowamy