• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • IÇEGÄNIŇ MIKROFLORASY BARADA SEN NÄMELERI BILMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÇEGÄNIŇ MIKROFLORASY BARADA SEN NÄMELERI BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

iceganin mikroflorasySeniň içegäniň mikroflorasy (mikrobiomy) seniň bedeniň içindäki özbaşdak bir dünýädir. Ol ýerde ýaşaýan trillionlarça mikroorganizmler bir-biri we ýaşaýan gurşawy bilen ýakyn gatnaşykda bolýarlar. Şonuň üçin-de olar diňe bir seniň iýmit siňdiriş ulgamyňa däl, eýsem onuň daşyndan saglygyň dürli böleklerine uly täsir ýetirýärler.

Içegäniň mikroflorasy näme?

Seniň garyn-içegäňde trillionlarça mikroskopik organizmler ýaşaýarlar – olar müňden köp görnüşli bakteriýalardan, wiruslardan, kömeleklerden we parazitlerden düzülen. Seniň içege mikrofloraň başga hiç kimiňkä meňzemeýär. Bäbekler ilkinji içege mikroflorasyny waginal dogumyň we ene süýdi bilen iýmitlendirilmäniň üsti bilen kabul edýärler. Soňra, olaryň iýmitleri we daşky gurşawlary içegä täze mikrobiomlary tanyşdyryp durýar. Bu mikrobiomlaryň käbiri içegäniň mikroflorasyna zeper ýetirip ýa-da ony ýok edip hem bilýär.

Içegämizdäki mikroorganizmler bizden, biz hem olardan peýdalanýarys. Biz olara iýmit we ýaşar ýaly ýer üpjün edýäris, olar bolsa biziň bedenimize möhüm hyzmat berýärler. Seniň içege mikrofloraň bedeniň ençeme ulgamlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar we bedeniňdäki köp funksiýalara kömek edýär. Onuň bedendäki ähmiýetiniň şeýle uludygy sebäpli käbir hünärmenler içege mikroflorasyny özbaşdak bir organa hem meňzedýärler. Biz içege florasynyň edýän işleriniň käbirini anyk bilsek hem, heniz ol barada bilmeýän zatlarymyz-da kän.

Iýmit siňdiriş ulgamy: Garyn-içegedäki bakteriýalar iýmitden barýan çylşyrymly uglewodlary we kletçatkalary dargatmaga kömek edýärler, gysga zynjyrly ýagly turşulyklary bölüp çykarýarlar, belli witaminleri birleşdiriji fermentleri üpjün edýärler. Bu ujypsyz iş ýaly görünse-de, bu ýokumlaryň ýetmezçiligi saglyga uly zyýan ýetirip bilýär. Esasan-da, gysga zynjyrly ýagly turşulyklar garyn-içegäniň içki örtügini düzýän öýjükleri iýmitlendirýärler we bu gurşawy sagdyn saklaýarlar. Içegedäki bakteriýalar içegelerde öt kislotasyny hem dargatmaga işjeň gatnaşýar. Seniň bagryň ýaglary siňdirmek üçin içegäňe öt kislotasyny iberýär – bu kislota işini bitirensoň, bakteriýalar we fermentler ony dargadyp, bagryň ony gaýtadan işlemesini sazlaýarlar. Eger bu funksiýa işlemesedi, iýmit siňdiriş ulgamyň ýaglary ýerlikli siňdirip bilmän, ganyňda zyýanly holesterin ýaglary üýşerdi.

Immun ulgamy: Seniň garyn-içegäň bedeniň immun öýjükleriniň 80%-ni düzýär. Bu öýjükler bedeni günde-günaşa gelip-geçýän patogenlerden (kesel dörediji organizmler) arassalap durýarlar. Içege mikroflorasynyň bölüp çykarýan gysga zynjyrly ýagly turşulyklary garyn-içegäniň örtügini aýawly saklap, içerdäki zyýanly bakteriýalary gana geçmekden saklaýar. Bu turşulyklar garyn-içegede alawlamany azaltmaga hem kömek edýärler. Alawlama immun ulgamynyň ýumuşlarynyň biri bolsa-da, ol kadadan çykyp, hroniki alawlama we autoimmun kesellerine eltip, rak ýaly beýleki keselleriň döremeginde hem rol oýnap bilýär.

Nerw ulgamy: Seniň garyn-içegäňden nerwleriň, neýronlaryň we neýrotransmitterleriň birleşen tory geçip gidýär – olaryň üsti bilen garyn mikroflorasy nerw ulgamyna öz täsirini ýetirip bilýär. Käbir bakteriýalar serotonin ýaly neýrotransmitterleriň bölünip çykmagyna goşant goşýar.

Endokrin ulgamy: Seniň garyn-içege örtügiň endokrin öýjükleriniň hem esasy öýi bolup, olar metabolizmaňy, gan şekeriňi, açlygyňy we doklugyňy sazlamaga gatnaşýan gormonlary bölüp çykarýarlar.

Içege mikroflorasyna haýsy daşky faktorlar täsir edýär?

Iýmitleniş endikleriň

Içegeleriňdäki dürli görnüşli mikroorganizmleriň öz işini ýokary derejede ýerine ýetirmegi üçin baý ösümlik kletçatkalary möhümdir. Düzüminde şeker we doýgun ýaglar köp bolan iýmitler bolsa, peýdasy az bolan mikroorganizmleri artdyrýar. Işlenilen iýmit önümlerinde diňe bir kletçatka we mikronutrientler (witaminler we minerallar) ýetmezçilik etmän, eýsem olarda mikrofloraňa zyýanly goşundylar we konserwantlar hem saklanýar.

Himikatlar

Mikrofloraňy zäherleýän himikatlara alkogol, temmäki tüssesi we howa hapalaýjy maddalar bilen birlikde antibiotikler (pestisidler) we birnäçe başga dürli derman serişdeleri hem degişlidir. Içege mikroflorasy köplenç wagtlaýyn kabul edilýän dermanlardan soňra öňki kaddyna dikelip bilýär, emma yzygiderli kabul edilýän käbir dermanlar ýa-da alkogol ýaly serişdeler belli peýdaly mikroblaryň köpelmeginiň öňüni alyp bilýär.

Mikroblaryň dürlüligi

Edil bagly bakja ýaly, içegeleriňde hem peýdaly mikroblaryň köp görnüşli bolmasy olaryň hyzmatdaşlykda has önjeýli işlemegine mümkinçilik berýär. Meselem, käbir mikroblar çylşyrymly iýmit goşundylaryny dagytmak bilen beýleki mikroblary iýmitlendirýärler. Şeýle-de, mikroflorada dürlülik ýetmezçilik edende, ol ejizläp, zyýanly mikroblaryň basyp almasy aňsatlaşýar.

Haýsy keseller içegäniň mikroflorasy bilen baglanyşykly?

Gönümel baglanyşykly: Infeksiýalar (ýokançlyklar), kiçi içegede bakteriýalaryň aşa köpelmegi, içegäniň çişme keseli, ateroskleroz.

Gytaklaýyn baglanyşykly: Allergiýalar, ynjalyksyzlyk, demgysma, autizm, hroniki ýadawlyk sindromy, ýogyn içege ragy, süýjülik, depressiýa, bagryň ýag ýygnama keseli, bagyr ragy, iregen içege sindromy, beýniniň işjeňligini gowşadýan keseller, ýaýraň skleroz, semizlik, aşgazanasty mäziň rak keseli, rewmatoid artrit.

Garyn-içege mikroflorasynyň bozulmagynyň esasy alamatlary: Içiň ýellenmegi we içiň agyryly ýellenmegi, garnyň çişmegi, iýmit siňdirişiň bozulmagy, aşaky garynda agyrylar, içgeçme, içiň gatamagy.

Içege mikrofloramyň saglygyny barladyp bilerinmi?

Döwrebap laboratoriýalaryň köpüsi içege mikroflorasynyň barlagyny hödürleýärler. Sen olara täretiň nusgasyny berýärsiň we olar täretiňi barlagdan geçirip, seniň içege mikrofloranyň düzümi barada biraz maglumat berip bilýärler. Emma welin, kliniki hünärmenler adatça bu barlaglary ulanmaýarlar we maslahat bermeýärler. Çünki biz henize çenli hem içege mikroflorasynyň dürli görnüşleri we olaryň saglyga edýän täsiri barada ýeterlik derejede öwrenip bilmedik. Bu ugurdan ençeme täze ylmy barlaglar alnyp barylýar, emma entek aýgytlaýjy barlaglary geçirmek üçin ýoluň biraz uzakdygy aýdylýar.

Onda lukmanlar içege mikroflorasynyň bozulmalaryny nädip barlaýarlar?

Lukmanlar köplenç içege mikroflorasynyň bozulandygyndan habar berýän alamatlara üns berýärler (ýokançlyklar ýa-da bakteriýalaryň aşa köpelmegi). Goşmaça olar gan barlaglaryny, täret we dem barlaglaryny hem geçirip bilerler. Meselem, dem barlagy içegäňdäki belli bakteriýalaryň bölüp çykarýan dürli gazlaryny anyklaýar.

Mikrofloranyň bozulmalary nädip bejerilýär?

Lukmanlar içege mikroflorasyny dikeltmek üçin birnäçe bejergi usullaryny ulanýarlar. Eger seniň içege bozulmalaryň iýmitlenişiň sebäpli bolsa, onda lukman wagtlaýynça ýakymsyz alamatlara sebäp bolýan iýmitleri iýmezligi maslahat berip biler. Infeksiýalary ýa-da belli bakteriýalaryň aşa köpelmesini bejermek üçin adatça antibiotikler ýazlyp berilýär. Haçanda antibiotikler dogry ulanylanda, içege mikroflorasy soňra sagdyn halyna dolanyp bilýär. Emma, käbir adamlaryň mikroflorasynyň sagdynlaşmagy üçin prebiotikleriň we probiotokleriň kömegi gerek bolup biler. Seýrek ýagdaýlarda bolsa, aşa zeperlenen içege mikroflorasyny gaýtadan dikeltmek üçin täret transplanty (sagdyn adamyň içege mikroflorasynyň nusgasyny näsaga geçirmek) has netijeli çözgüt hasaplanylýar.

Içege mikrofloramyň sagdyn bolmasy üçin näme edip bilerin?

Sagdyn iýmitleniş we ýaşaýyş usullary garyn-içege mikrobiomynyň hem sagdyn bolmasyna itergi berýär.

Ösümliklere baý bolan önümler bilen içege saglygyňy tebigy taýdan berkit. Gündelik berhiziňde bitin dänelere, gök-önümlere we miwelere baý iýmitleri saýla. Olar garyn mikrofloraňa köp görnüşli kletçatkalary üpjün etmek bilen, bedeniňe zerur witaminleridir minerallary hem ýetirýärler we garyn-içegäňde alawlamalary azaltýarlar. Aşa işlenen iýmit önümleri bolsa bularyň tersini edýär.

↪ Probiotikleri we prebiotikleri hem kabul etmek arkaly, içege mikrofloraňy aýap bilersiň. Probiotikler içegeleriňe ýerleşip, mikrofloraňy baýlaşdyrýan peýdaly mikroblardyrlar. Sen olary suplementlerden we fermentlenen iýmitlerden alyp bilersiň. Prebiotikler bolsa peýdaly içege bakteriýalaryňy iýmitlendirýän kletçatkalardyr.

Antibiotikleri dogry ulan. Antibiotikleri diňe zerur bolanda we lukmanyň görkezmesi bilen ulan. Antibiotikleri nädogry ýa-da aşa ulanmak bütin ilatda antibiotiklere durnuklylygy artdyrýar. Çünki antibiotikler içegedäki zyýanly bakteriýalar bilen bilelikde peýdalylaryny hem ýok edip bilýärler – seresaply ulanylmasa, mikrofloranyň sazlaşygy bozulyp, zyýanly bakteriýalar soňra has güýçlenip, yzyna gaýdyp gelýärler.

Çeşme

  • 11 gezek okalan