Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PROBIOTIKLER PEÝDALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

probiotikler"Salam lukman! Gyş aýlary ýygy keselläp uzak antibiotik dermanlary ulanmaly boldum. Şondan soň haýsy probiotik serişdeleri ulanmak peýdaly bolarka?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy,

Probiotikler – adam üçin zyýansyz bolup, içegäniň kadaly mikroflorasyny dikeltmäge, şeýle hem kesel dörediji bakteriýalara garşy göreşmäge kömek edýän "peýdaly" bakteriýalardyr. Başgaça aýdanyňda, olar kadada sag adamyň içegesinde ýaşap, onuň kadaly işini alyp barýan diri bakteriýalardyr.

Häzirki wagtda probiotiklere indiki bakteriýalar degişli edilýär: laktobakteriýalaryň dürli görnüşi, bifidobakteriýalar, içege taýajygynyň we enterokokklaryň kesel döretmeýän görnüşleri, süýtturşuly streptokokk, heň kömelekleri. Probiotikli serişdeleriň käbir görnüşleri bakteriýalaryň bir görnüşini (meselem, gefilus, florasorbin, lineks, bifidumbakterin) saklasa, başgalary birnäçe görnüşini (meselem, bifistim-forte, bifiborn, prebiolog) saklap bilýändir.

Probiotik serişdelere ýörite bildirilýän talaplar bardyr:

↪ Dermandaky bakteriýalar içegäniň kadaly mikroflorasynyň düzümine degişli bolmalydyr;

↪ Geçirlen barlaglarda adam bedenine ýaramly täsirini bidirmelidir;

↪ Ulanylanda keselçilik döretmeli däldir;

↪ Immun ulgamy üçin ýaramly bolmalydyr;

↪ Dowamly ulanyşda ýaramaz täsirleri döretmeli däldir.

Probiotikler süýt önümlerinde ýa-da "peýdaly" bakteriýalaryň dürli görnüşleri bilen baýlaşdyrylan ýönekeý süýt önümlerinde hem saklanýandyr.

Probiotiklerden başga-da, prebiotikler barada hem bilmek peýdaly bolar. Prebiotiklere degişli edilýän maddalar aşgazanda we içegede yzyna sorulmaýar we işlenilmeýär, ýöne içegede peýdaly bakteriýalaryň ösmegi we köpelmegi üçin şertleri döredýär. Esasy prebiotiklere laktuloza, inulin, oligofruktoza, pektinler, witaminleriň käbir görnüşleri (witamin A, E, C) degişli edilýär. Şu maddalar derman serişdelerini ýa-da biologiki işjeň goşundylary taýynlamakda ulanylýar. Prebiotikler käbir iýmit önümlerinde hem saklanýar. Meselem, süýt önümlerinde, dänelilerde, mekgejöwende, çörekde, soganda, sarymsakda. Prebiotikler tutuş iýmit-siňdiriş ulgamynyň bölümlerini geçip, ýogyn içegede kadaly mikroflora degişli bakteriýalary iýmitlendirmäge we olaryň ösüşi üçin şert döretmäge kömek edýärler. Häzirki wagtda düzüminde prebiotikler we probiotikler bolan serişdeler hem ulanylýar.

Hemme derman serişdelerine degişli bolşy ýaly, probiotik serişdeleri hem adamynyň ýaşyny, iýmit-siňdiriş ulgamynyň ýagdaýyny, bolup biljek ýaramaz täsirleri nazara alyp, lukmanyň barlagyndan soň bellenilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 104 gezek okalan