Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÖZ SAGLYGYŇY NÄDIP GÜN ÄÝNEKLERI BILEN GORAP BILERSIŇ?
Tomsuň güneşli günlerinden gaçyp gutulma ýok. Tomusda esasy ünsümizi gün kremlerine, ýeňil egin-eşiklere we günden goraýan baş esbaplaryna berip, gün äýneklerini diňe gözellik ýa-da güneşli howada aýdyň görmek üçin kömekçi hasaplap, saglyk üçin zerur görmän bileris.
Emma, gün äýnekleri edil gün kremleri we bedeniňi örtýän eşikler kimin, ultramelewşe şöhlelerinden hem goraýarlar.
Gün gözüňe nädip zyýan berip bilýär?
Günüň ýetirýän zyýanyna günden gelýän ultramelewşe (UM) şöhleleri sebäp bolýarlar. UM şöhlelerini adam gözi bilen saýgaryp bolmaýar, emma olar ýeriň günden alýan energiýasynyň agramly bölegini düzýärler. Derimiz UM şöhlelerinde gözlerimizden has duýgur bolsa-da, gözlerimiziň gabaklary hem günden gelýän şöhlelere örän duýgur bolýarlar. Günüň gözlere ýetirip bilýän zyýanlary:
↪ Gabaklardaky bazal ýa-da goturly karsinoma: Bu gabaklaryň gün şöhlelerine aşa köp sezewar bolmagy bilen ýüze çykýar. Bu giňden ýaýran deri ragy ölüm howply bolmasa-da, agressiw bolup bilýär.
↪ Gözüň pterigium keseli: Muňa hem UM şöhleleri sebäp bolup, gözüň merkezinden gyrasyna çenli uzalyp gidýän ýarymaý şekilli düwün bilen häsiýetlendirilýär. Bu düwünler adatça kiçi bolsalar-da, käte ýaýrap göreje täsir edip we ynjalyksyzlyk döredip bilýärler.
↪ Fotokeratit: Bu kesel hem göz perdesiniň we gabaklaryň içiniň güne ýanmasy esasynda döreýär. Gözleriň duýgurlygynyň ýitelmegi, göz agyrylary, gyzarma, gözleriň ýaşarmasy, bulutlaşmasy we çişmesi ýaly alamatlary bolýar.
Gün äýnekleri nädip goraýar?
Gün äýnekleriniň hödürleýän goraglylygy olaryň linzalarynyň materialyna bagly bolýar. Polikarbonat linzalaryň düzüminde UM şöhlelerinden goraýan elementler bar, emma käbir aýna we ähli plastik linzalar UM şöhlelerini saklamak üçin ýörite örtük talap edýärler. Örtükler edil derä çalynýan gün kremi ýaly hereket edip, ýagtylygy we howany geçirýän, emma UM şöhleleriniň köpüsini ýa-da hemmesini yzyna serpikdirýän, dury gatlakdan ybarat bolýarlar.
Nädip dogry gün äýneklerini saýlamaly?
Gün äýnekleriniň ählisi gözleriňi günden we ýokarky göz kesellerinden gorap bilmeýärler. Şonuň üçin olary satyn alanyňda esasy häsiýetlerine üns bermek möhümdir:
↪ UM şöhlelerinden goraýjylyk göterimi: Ultramelewşe şöhlelerinden 95-100% goraýan ýa-da "UV 400" ýazgyly äýnekleri saýla.
↪ Linzalaryň reňki: Linzalaryň reňki hem möhüm rol oýnaýar. Goňur, ýaşyl we çal linzalar iň gowulary hasaplanylýar. Sary linzalaryň goraýjylygy pes bolýar.
↪ Polýarizlenen linzalar: Bu görnüşli linzalar ýalpyldyny we refleksiýany azaldýarlar, emma olar ekranly enjamlary ulanmak üçin oňaýsyz bolup biler.
Eger dakynýan gün äýnekleriň hödürleýän UM goraglylyk göterimini bilmeýän bolsaň, ony göz lukmanynyň otagynda ýa-da käbir gün äýneklerini satýan dükanlarda tapdyrýan fotometrleriň kömegi bilen ölçedip bilersiň.
Linzalardan daşary hem, gün äýneklerini satyn alanyňda olaryň durnuklylygyny, stilini we bahasyny göz öňünde tutup bilersiň.
Gün äýneklerini haçan dakynmaly?
Ýylyň ähli paslynda hem ultramelewşe şöhleleriniň ýere düşüp durýandygy sebäpli, gün äýneklerini daşarda wagtyň näçe ýygy ulanyp bilseň şonça peýdaly hasaplanylýar.
Gün äýneklerini ýaşlykdan ýygy dakynmak UM şöhleleriniň gözlere we olaryň töweregine ýetirip biljek zyýanyny azaltmakda netijeli hasaplanylýar.
Içerlerde gün äýneklerini dakynmalymy?
Dürli enjamlaryň ekranlaryndan çykýan gök şöhleler ukyňa täsir edip, gözlerde ýadawlyga we gurama sebäp bolup bilýär. Emma, gök şöhläniň gözlere zyýan berýändigi barada heniz subutnama ýok. Şeýle-de bolsa, gök şöhlelerden goraýan äýnekler okuwda ýa işde uzak wagtlap ekranyň öňünde oturmaly bolýanlar üçin gözleri ýadawlykdan gorap biler. Bu äýnekleriň uky bozulmalaryna garşy hem täsirlidigi ýa däldigi barada bolsa heniz ýeterlik delil ýok.
Hroniki migrenlerden ejir çekýänler üçin FL-41 (açyk gülgüne) äýnekler peýdaly bolup biler.
- 12 gezek okalan