HAPA SAGLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

BSGG/ÝUNISEFhapa saglyk-iň ýakynda çap eden hasabatyna görä, hapa saglygy goraýyş edaralary dünýäde 3,85 milliard adamy kesel we infeksiýa ýokuşma töwekgelçiligine salýar. Bu ýagdaýy gowulandyrmak pandemiýadan soňky dikeldiş we taýýarlyk üçin zerurdyr.

Dowamy

  • 614 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yagys mowsuminin getiren betbagtcylygyPäkistandaky elhenç siller obalary we myhmanhanalary weýran etdi:

↪ 8 hepdeläp yzly-yzyna güýçli ýagyş ýagdy;

↪ 1100 adam öldi we bu sanyň artmagyna garaşylýar;

↪ 1 million öý we 3540 km ýol weýran boldy;

↪ ~ 500,000 adam göçüş lagerinde we ençemeleriň gitmäge ýeri ýok.

Dowamy

  • 640 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

icgi icmek we rakSeulyň Milli uniwersitet hassahanasynyň ylmy barlagçylary içgi içmek endikleriniň rak keseliniň töwekgelçiligine täsiri baradaky düşünjäni ösdürmek maksady bilen ylmy barlag işini geçirdiler.

2009-2011-nji ýyllarda 4.5 milliondan gowrak koreýaly içgi içmek endikleri babatda sowalnama jogap berdiler. Sowalnamanyň netijeleri içgi içmek endiklerini üýtgetmediklere seredeniňde, alkogol içmegi artdyran adamlarda rak keseliniň ähli görnüşleriniň, şol sanda alkogol bilen bagly rak keselleriniň töwekgelçiliginiň ýokarlanandygyny görkezdi. Şeýle-de, içmeýänler bilen deňeşdireniňde, alkogoly az, orta ýa-da köp mukdarda içýänleriň ählisiniň rak bilen keselleme ähtimallygynyň ýokarydygy ýüze çykaryldy.

Dowamy

  • 695 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

iymit marketingi we cagalarHäzirki wagtda telewizordan we sosial mediýadan başlap, sport ýyldyzlaryna, oýunlara, söwda merkezlerine çenli çagalara saglyga zyýanly iýmitleri aşa köp mahabatlandyrýarlar we bu çagalaryň hukuklaryny goraýan halkara kanunlara ters gelýär.

BSGG görä, şeýle azyk marketingleriniň çagalaryň saglygyna zyýan ýetirýändigi barada ummasyz subutnamalara garamazdan, hiç bir ýurt oňa gözegçilik etmek üçin köptaraplaýyn syýasaty kabul etmedi. BSGG muny üýtgetmegi umyt edinip, ýurtlara çagalara baryp ýetýän azyk mahabatlaryny çäklendirmäge ýardam etmek üçin gollanmalaryň taslamasyny taýýarlamagyň ugruna çykdy.

Dowamy

  • 664 gezek okalan

ORTA ASYRLARYŇ MELHEMLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

orta asyrlaryn melhemleriKatarakta operasiýasyna girmek ýakymly zat däl. Ýöne towşanyň öt haltasyny bal bilen garyp, garyndyny ýelek bilen üç gije gözüňe sürtmek bilen deňeşdireniňde operasiýa has göwnejaý görnüp biler.

Bu melhem Kembrij uniwersitetiniň Kitaphanasynyň "Curious Cures" atly sanly golýazmasy üçin ýygnalýan 8000 sany orta asyr bejergilerinden biridir. Kitaphana XIV-XV asyrlaryň (käbirleri has köne) lukmançylyk golýazmalarynyň 180 sanysyny ilata elýeterli etmegi maksat edinýär.

Dowamy

  • 640 gezek okalan

ABORTA GARŞY INDIKI GÖREŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aborta garsy indiki goresABŞ-nyň ştatlarynyň ýarysy aborta gadaganlyk girizdi, emma aborta garşy toparlar heniz hem kanagatlanmaýarlar.

Bu toparlaryň indiki maksadynyň çaga düwünçegine kanuny goraglylygy üpjün edýän "düwünçek şahsyýeti" kanunynyň kabul edilmegini gazanmakdygyny The New York Times gazeti habar berýär.

Dowamy

  • 762 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

abs esidis enjamlaryHukuk goraýjylaryň, lukmanlaryň we kanun çykaryjylaryň ýyllardyr basyş etmegi esasynda, Azyk we derman serişdeler administrasiýasy (FDA) 16-njy awgustda eşidiş enjamlaryny millionlarça amerikalylara elýeterli etmek barada düzgüni kabul etdi.

Oktýabryň ortalaryndan başlap ulular eşidiş enjamlaryny onlaýn ýa-da dermanhanalardan dermannamasyz satyn alyp bilerler.

Dowamy

  • 584 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

patogenlerin taze yayrayys yollaryAdatdan daşary howa ýagdaýlary suw joşmasyndan soň çybynlardan döreýän kesellerden başlap, Sibiriň erän doňaklyklaryndaky haýwan maslyklaryndan döreýän sarybaş keseline çenli ýüzlerçe ýokanç keselleri ýitileşdirýär.

Dowamy

  • 582 gezek okalan