1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

uzaga cekyan covidin towekgelcilikleriTäze uly ylmy gözleg COVID-iň uzak dowam edýän alamatlarynyň adamlaryň ep-esli böleginiň ýaşaýyş hiline uzak möhletleýin täsiri baradaky aladalary tassyklady.

Nature Communications žurnalynda ýakynda çap edilen ylmy barlagda SARS-CoV-2 ýokuşan 33,000+ adamdan ybarat toparyň 6% -iniň entek doly sagalmandygy we 42% -iniň wirus ýokuşanyndan 18 aý soň hem diňe bölekleýin sagalandygy anyklandy. Barlaga hiç wagt koronawirus ýokuşmadyk 63,000 töweregi adam hem gatnaşdy.

Dowamy

  • 556 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

psihiatrik bozulmalary owrenmek12-nji oktýabrda Nature žurnalynda çap edilen 7 ýyllyk ylmy-gözlegde adamyň kök öýjüklerinden (rusça: стволовая клетка; bedende islendik görnüşli öýjüge öwrülip bilýän ýönekeý öýjükler) ösdürilen strukturalar täze doglan alaka çagalarynyň beýnilerine, esasanam beýniniň duýujy organlar bilen aragatnaşyk edýän bölegine sanjym edildi.

Dowamy

  • 480 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistanda abort hukuklaryHindistanyň Ýokary kazyýeti durmuşa çykmadyklara aborty gadagan edýän 51 ýyllyk kanuny ýatyryp, nikada durandygyna ýa dälligine garamazdan ähli aýal-gyzlara howpsuz we kanuny abort etdirmäge hukuk berdi.

Täze karar her bir aýala göwreliligiň 24-nji hepdesine çenli abort etdirmek hukugyny kepillendirýär we aýallaryň "reproduktiw özbaşdaklygyna" üns çekip, üçünji tarap bilen maslahatlaşmazdan abort etdirmäge rugsat berýär.

Dowamy

  • 466 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alsgeýmeriňalsgeymeri bejermekde umyt irki döwrüni başdan geçirýän pasiýentlere ýakyndan gözegçilik edilen kliniki synagda lecanemab dermany kognitiw (akyl ýetirme) ukybyň peselmegini 27% haýallatdy.

Lecanemab dermanyny Ýaponiýanyň Eisai we ABŞ-nyň Biogen kompaniýalary bilelikde taýýarladylar. Derman entek ekspertleriň synyndan geçmese-de, kompaniýalar dermanyň görkezen netijesini "statistiki taýdan uly" hasaplaýarlar we dermanyň ulanyşa çykarylmagy üçin Azyk we Derman Serişdeleri Administrasiýasynyň (FDA) dessin tassyknamasyny almagy meýilleşdirýärler.

Dowamy

  • 546 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 beyni bozulmalaryÝene bir barlag COVID-19 infeksiýasyndan soň newrologik bozulmalaryň döreýändigini tassyklady.

Waşington uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň ylmy barlagçylarynyň geçiren täze barlagyna görä, infeksiýadan bir ýyl soň beýnide insult we ýatkeşlik meselelerinden başlap, depressiýa, dartgynlylyk we çakyza ýaly ençeme keselleriň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Dowamy

  • 495 gezek okalan

UNUDYLAN ÝOKANÇ DÄL KESELLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

unudylan yokanc dal kesellerÝokanç däl keseller (ÝDK) her 2 sekuntda bir adamy, ýylda 41 million adamy öldürýärler we dünýädäki ölümleriň 74%-ine sebäp bolýarlar.

BMG-nyň Baş Assambleýasynda BSGG-nyň beren täze hasabatyna görä, ÝDK-lar döwrümiziň iň uly saglyk we ösüş meselelerinden biri bolsa-da, olar ünsden düşürilýär we ýeterlik maliýeleşdirilmeýär.

Dowamy

  • 495 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

merkezi aziya gulculykAdam söwdasy boýunça global maglumat merkeziniň hasabatyna görä, 2005-2021 ýyllar aralygynda Merkezi Aziýanyň 6000-den gowrak raýaty jynsy, zähmet ýa-da başga görnüşli gulçulyga sezewar bolýarlar. Bularyň hem 525 sanysynyň Türkmenistanyň raýatlarydygy bellenilýär. Gulçulykdaky türkmenistanlylaryň 54%-i Türkiýede ýaşaýar we olaryň hem 60%-ne golaýyny aýallar düzýär.

Dowamy

  • 792 gezek okalan