Tamponlaryň zäherli düzümini barlan TikTok wideosy adamlary aýbaşy önümlerine esewan etmäge iterdi. Alymlar şol barlaglaryň käbiriniň dogrydygyny aýdýarlar.
Lukmanlar we resmiler tamponyň zäherli düzümi baradaky wideonyň ylmy taýdan subut edilmedigini aýtsalar-da, tampondaky maddalaryň zyýanlydygy barada käbir subutnamalar bar.
Dowamy
Geçen hepde, BSGG maýmyn mama keselini başgaça atlandyrmagy hödürledi: "mpox", ýagny mmamasy.
BSGG näme üçin keseliň adyny üýtgetdi? BSGG-nyň beýannamasyna görä, şu ýyl bütin dünýäde wirus ýaýrap başlandan soň "rasist we kemsidiji sözler" onlaýn we käbir jemgyýetlerde ulanylyp başlandy. Soňra, gurama keseliň adyny üýtgetmek barada haýyşlar gelip başlady.
Dowamy
BSGG-nyň habar bermegine görä
, geçen ýylda 40 million çaganyň waksinany sypdyranlygy sebäpli gyzamyk wirusy "howply derjede" ýaýraýar.
COVID-19 dünýäde iň ýokanç keselleriň biri bolan gyzamyga garşy waksinanyň sypdyrylmagyna we netijede, keseliň rekord derejede köpelmegine getirdi. Pandemiýa gyzamyga gözegçiligiň gowşamagyna sebäp boldy we jogap meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegine päsgel berdi.
Dowamy
BSGG-nyň täze gözlegine
görä, dünýä ilatynyň ýarysyna golaýy diş çüýreme (karies), ýiti diş eti keseli we agyz ragy ýaly agyz boşlugynyň keselleri bilen göreşýärler.
3.5 milliard adam (aglabasy pes we orta girdejili ýurtlardan) agyz boşlugynyň kesellerinden ejir çekýärler. Şolaryň 2.5 milliardynda bejerilmedik diş çüýremesi bar.
Dowamy
Soňky on ýylda, ABŞ-da maýadarlaryň dolandyrýan hususy toparlary lukmanlarynyň ofislerini, göz saglygynyň klinikalaryny, diş klinikalaryny we müňlerçe lukmançylyk merkezlerini satyn aldylar.
Kaiser Health News-yň derňew hasabatyna görä, bu üýtgeşme maýadarlaryň has köp girdeji gazanmagy üçin bahalary gymmatlatdy we idegiň hilini peseltdi.
Dowamy
Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň energiýa we ýyladyş infrastrukturasyna hüjümlerini dowam etdirýärkä, ýurduň saglygy goraýyş ulgamy ýowuz gyşa taýynlanýar.
Dowamy
Niger Deltasynda 60 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli çig nebit gazylyp çykarylýar. COP27-de bellenilmegine görä, bu daşky gurşawa we ýerli ýaşaýjylaryň saglygyna "weýrançylykly" zeper ýetirýär.
Dowamy
ABŞ-da köpçülikleýin ýaragly atyşyklar we gündelik ýaraglar bilen öldürmeleriň ýyly soňlanyp barýar.
19-njy noýabrda, Koloradoda LGTBQ gijeki klubyna edilen hüjümde 5 adam öldi we 25 adam ýaralandy. Koloradonyň polisiýasy entegem ýigrenç jenaýatyň motiwini we sebäbini tapmak üçin derňew geçirýär.
Dowamy

BILIM bilen biliňe täzeçe çemeleş!
Indi biliň aladasyny etmek hasam ýeňilleşdi!
BILIM priloženiýesiniň täzelenen görnüşini ýükläp al we aýbaşyň, saglygyň, hukuklaryň barada gözýetimiňi giňelt!
Dowamy
Eýran häkimýeti köpçülikleýin gozgalaňy basyp ýatyrmaga synanyşýarka, hökümet bir protestçä ilkinji ölüm jezasyny berdi. Bu "jeza tolkunynyň" başlangyjygy bolmagy mümkindigini hukuk goraýjy toparlary duýdurýarlar.
Sentýabryň ortalarynda, 22 ýaşly Mahsa Amini polisiýa edarasynda ölenden soň, ýurtda möwç alan protestlerde 300-den gowrak eýranly öldi we müňlerçe adam tussag edildi.
Dowamy