Häsiýetleriň fiziki we akyl saglygyndaky ornuny öwrenen ylmy barlagçylar "gowy bolmagyň özüňe peýdalydygyny" aýdýarlar. Garward uniwersitetiniň Human Flourishing we SHINE programmalarynyň 1200-den gowrak kämillik ýaşyndaky amerikanlylaryň gatnaşmagynda geçiren barlagynda ýokary ahlakly hereketleriň depressiýanyň töwekgelçiligini azaldýandygy we ýürek-damara peýdasynyň bolup biljekdigi anyklanyldy.
BSGG/ÝUNISEF-iň ýakynda çap eden hasabatyna görä, hapa saglygy goraýyş edaralary dünýäde 3,85 milliard adamy kesel we infeksiýa ýokuşma töwekgelçiligine salýar. Bu ýagdaýy gowulandyrmak pandemiýadan soňky dikeldiş we taýýarlyk üçin zerurdyr.
Seulyň Milli uniwersitet hassahanasynyň ylmy barlagçylary içgi içmek endikleriniň rak keseliniň töwekgelçiligine täsiri baradaky düşünjäni ösdürmek maksady bilen ylmy barlag işini geçirdiler.
2009-2011-nji ýyllarda 4.5 milliondan gowrak koreýaly içgi içmek endikleri babatda sowalnama jogap berdiler. Sowalnamanyň netijeleri içgi içmek endiklerini üýtgetmediklere seredeniňde, alkogol içmegi artdyran adamlarda rak keseliniň ähli görnüşleriniň, şol sanda alkogol bilen bagly rak keselleriniň töwekgelçiliginiň ýokarlanandygyny görkezdi. Şeýle-de, içmeýänler bilen deňeşdireniňde, alkogoly az, orta ýa-da köp mukdarda içýänleriň ählisiniň rak bilen keselleme ähtimallygynyň ýokarydygy ýüze çykaryldy.
Häzirki wagtda telewizordan we sosial mediýadan başlap, sport ýyldyzlaryna, oýunlara, söwda merkezlerine çenli çagalara saglyga zyýanly iýmitleri aşa köp mahabatlandyrýarlar we bu çagalaryň hukuklaryny goraýan halkara kanunlara ters gelýär.
BSGG görä, şeýle azyk marketingleriniň çagalaryň saglygyna zyýan ýetirýändigi barada ummasyz subutnamalara garamazdan, hiç bir ýurt oňa gözegçilik etmek üçin köptaraplaýyn syýasaty kabul etmedi. BSGG muny üýtgetmegi umyt edinip, ýurtlara çagalara baryp ýetýän azyk mahabatlaryny çäklendirmäge ýardam etmek üçin gollanmalaryň taslamasyny taýýarlamagyň ugruna çykdy.
Katarakta operasiýasyna girmek ýakymly zat däl. Ýöne towşanyň öt haltasyny bal bilen garyp, garyndyny ýelek bilen üç gije gözüňe sürtmek bilen deňeşdireniňde operasiýa has göwnejaý görnüp biler.
Bu melhem Kembrij uniwersitetiniň Kitaphanasynyň "Curious Cures" atly sanly golýazmasy üçin ýygnalýan 8000 sany orta asyr bejergilerinden biridir. Kitaphana XIV-XV asyrlaryň (käbirleri has köne) lukmançylyk golýazmalarynyň 180 sanysyny ilata elýeterli etmegi maksat edinýär.
Ýakynda neşir edilen global ylmy barlaga görä, dünýädäki rak ölümleriniň ýarysyna golaýy öňüni alyp bolýan töwekgellik faktorlary bilen baglanyşyklydyr we şeýle ölümleriň sany barha artýar.
ABŞ-nyň ştatlarynyň ýarysy aborta gadaganlyk girizdi, emma aborta garşy toparlar heniz hem kanagatlanmaýarlar.
Bu toparlaryň indiki maksadynyň çaga düwünçegine kanuny goraglylygy üpjün edýän "düwünçek şahsyýeti" kanunynyň kabul edilmegini gazanmakdygyny The New York Times gazeti habar berýär.
Hukuk goraýjylaryň, lukmanlaryň we kanun çykaryjylaryň ýyllardyr basyş etmegi esasynda, Azyk we derman serişdeler administrasiýasy (FDA) 16-njy awgustda eşidiş enjamlaryny millionlarça amerikalylara elýeterli etmek barada düzgüni kabul etdi.
Oktýabryň ortalaryndan başlap ulular eşidiş enjamlaryny onlaýn ýa-da dermanhanalardan dermannamasyz satyn alyp bilerler.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.