1970-nji ýylda alymlar birnäçe himiki maddalaryň Ýer togalagyny gorap saklaýan ozon gatlagyna edýän ýaramaz täsiri barada aladalanma bildirip bäşladylar. 80-nji ýyllaryň başynda bu aladalar Arktikanyň üstünde atmosferanyň stratosfera bolegindäki ozon gatlagynyň ýukalyp başlanmagy ýaly täze maglumatlar bilen tassyklandy. Ozon gatlagy doly ýitmedik bolsa-da, onuň juda ýukalýanlygynyň şaýady bolan "ozon deşikleri" barada gürrüňler peýda bolupdy.
Atmosferadaky ozon gatlagynyň ýukalmagy adamlar, haýwanlar we ösümlikler üçin howply bolan ultramelewşe şöhleleriniň ýere päsgelçiliksiz geçmegine şert döredýär. Günden gelýän şöhleleriň bir toparyna ultramelewşe şöhleleri diýilýär.
Okamany dowam et
Hormatly saýtymyzyň okyjylary!
Hormatly okuwçylar we talyplar!
Altynsow güýz paslynyň gelmegi bilen täze okuw ýyly hem ýetip geldi. Bu gün müňlerçe okuwçylar mekdep partasynyň başyna otursalar, müňlerçe körpejeler ilkinji gezek mekdebiň bosagasyndan ätlärler. Biziň ýaşlarymyzyň müňlerçesi orta we ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna öwrülip, jemgyýete we Watana peýda getirjek hünärmenlere öwrülmäge mümkinçilik alarlar.
Täze okuw ýylynda Siziň her biriňize saglyk, maşgalaňyza rowaçlyk, Ylymlar Dünýäsini öwrenip, özleşdirmek üçin zerur bolan takatlylyk, yhlaslylyk, bilesigelijilik arzuw edýäris.
Üstünlikler hemraňyz bolsun!
Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!
Halkyň saglygyny goramak ugrunda Siz her gün ummasyz işleri amala aşyryp we bahasyna ýetip bolmajak Adam Saglygyny dikeldip, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga kömek edýärsiňiz.
Siz üçin şanly bu günde biz Size saglyk, maşgala abadançylygyny, şähtiňiziň hemişe açyk bolmagyny, tutýan meýilleriňiziň amala aşmagyny, siziň aňsat bolmadyk, şeýle zerur zähmetiňizde uly kämillik ösüşlere ýetip, abraýyňyzyň, hormatyňyzyň mundan ötri hem ýokarlanmagyny, işleriňiziň rowaç almagyny arzuw edýäris.
BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!
Gutlag arzuwlary bilen,
saýtyň işgärler topary.
Şu gün www.saglyk.org saýtynyň öz işini başlanyna 3 ýyl boldy. Biz, saýtyň iş topary, bu saýty lukmançylyk ulgamyna degişli mowzuklar bilen tanyşdyrmak, möhüm lukmançylyk we sosial meselelere degişli soraglary beýan edip, okyjylarymyzy habardar etmek maksady bilen açmaga meýilleşdiripdik. Ýene bir esasy maksat – her bir mesele babatda biziň okyjylarymyzyň pikirlerini, garaýyşlaryny bilip, özara pikir alyşmalary, ýagny göni dialogy ýola goýmakdy. Saýt, Türkmen jemgyýetiniň saglyga degişli meselelerini galdyrýan we öwrenýän, jemgyýetçilik forumyna owürler diýip umyt edipdik.
Edilen işlere seredip, bu maksatlara ýetmek üçin ummasyz uly işleriň ýerine ýetirilendigini syn etseň bolýar. Geçen döwrüň içinde saýtda 360-a golaý makala taýynlanyp ýerleşdirildi, okyjylarymyzdan gelen dürli soraglaryň 343-ne lukmanlar tarapyndan jogap berildi, makalalarda galdyrylýan mesele barada öz pikirlerini we teswirlerini biziň okyjylarymyzyň 428 sanysy beýan etdiler. Şu döwrüň içinde işgärler topary "Maşgala saglygy", "Daşky gurşaw we adam saglygy" kitaplaryny, "Çagaňyzy neşe belasyndan halas ediň", "Inçekeselden goranmagy başar", "Prezerwatiw: saglygyň barada alada", "Arassa suw-sagdynlygyň gözbaşy" atly kitapçalary taýynlap okyjylarymyza ýetirmekde ägirt uly işi amala aşyrdylar.
Dowamy
HORMATLY SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATYNYŇ IŞGÄRLERI!
Biz sizi saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size jan saglyk, maşgala agzybirligini, hemme meýilleriňiziň rowaçlyk bilen amala aşyp, ynsanyň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly, abraýly sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýäris.
Gutlaglar bilen,
saýtyň işgärler topary.
{jcomments off}
Hirurgiýa bölümindäki näsag operasiýadan beter nämeden gorkýar? Lukmançylyk enjamlary öndürme ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ýokary derejeli agyrsyzlandyryjy usullaryň ulanylýan döwründe, operasiýa edilmeli näsaglar lukmançylyk gurallarynyň ýa-da donor ganynyň ýaramaz sterilizasiýa edilmegi zerarly ýüze çykjak dürli ýokançlyklaryndan howatyrlanýarlar.
Dowamy
|
Lukmanlar eýýäm 10 ýyl bäri Ora Quick toplumyna meňzeş testi ulanýarlar. Indi test Amerikada hemmeler üçin elýeter bolar. |
AIW-i öý şertlerinde anyklamak üçin ilkinji toplum ABŞ-nyň sazlaýjy guramalary tarapyndan tassyklanylyp, ýakyn günlerde satuwa çykarylar.
OraQuick ekspres testi tüýküligi barlap, onuň netijeler 20-40 minutdan belli bolýar.
ABŞ-nyň hökümetiniň baha bermegine görä, ýurduň AIW-li 1,2 million ilatynyň 20 % özleriniň bu kesele ýoluganlygyndan bihabardyr.
Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça Federal gullugy OraQuick testiniň dermannamasyz satylmagyna rugsat berdi. Bu AIW-i ýüze çykarmak üçin özbaşdak barlaglardan geçmek islemeýänler üçin örän wajypdyr.
Dowamy
Çaga näme üçin ýaramaz okaýar? Ol bir ýerde oturmaga asla kanagat etmeýär. Oňa bir zat öwretmek mümkin däl! Düşündirilýän zatlara-da üns bermeýär. Misli biri sapajyklardan çekýän ýaly, ol bir zatda-da ünsüni jemlemegi başarmaýar.
Ozallar şeýle çagalara garagol diýýän bolsalar, häzirki döwürde olara üns ýetmezçiliginiň we çenden aşa hereketjeňligiň sindromy (ÜÝHS) diýen kesgit goýulýar. Bu sindromyň aýdyň alamatlary çagalaryň arasynda 2,5% duş gelýär. Onuň ýeňil we aram görnüşleri bolsa iki esse artyk duşýar. Gyzlara garanda, oglanlar ÜÝHS has ýygy sezewar bolýar. Keseli psihologlar we psihiatrlar bejerýär. Ýörite dermanlar hem ulanylýar. Ýöne çagalaryň köpüsine iýmit, has takygy, çaganyň iýmitinde käbir zatlaryň bolmazlygy hem kömek edip biler. Bu bejeriş usulyny 1970 ýylda amerikaly allergolog Ben Feýngold oýlap tapdy.
Dowamy
"Piste dodaklaryň, bal agyzlaryň
Altyn piýaladyr, gandu-şekerli"
Mollanepes
Pynhan posalar... Uzak wagtlap didarlaşmadyk dostlaryň ýa joralaryň salamlaşyp ogşaşmasy... Eýsem bu zyýanlymy ýa-da peýdalymyka? Bu barada gapma-garşylyklaýyn pikirler bardyr. Geliň, dürli nukdaýnazarlara garap geçeliň.
Dowamy
|
Erkek adam üçin günüň dowamynda 1pintadan (0,567 litr) artyk piwo içmek howpludyr. |
Alymlar 1 pintadan (567 ml) artyk piwo içmegiň düwnük (rak) keseliniň döremek howpuny mese-mälim artdyrýar diýen netijä geldiler.
British Medical Journal (BMJ) lukmançylyk žurnalynda 363988 adam barada maglumatlary ýygnan ýewropa alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijeleri çap edildi. Olar erkek adamlaryň 10-dan biriniň we aýallaryň 33-den biriniň alkogolly içgileri öň ýa-da häzirki wagtda aşa köp içendikleri sebäpli düwnüge ýolugandygyna şaýatlyk edýärler.
Alkogol sebäpli erkeklerde dörän düwnük keselleriniň 18%, aýallarda bolsa 4% alkogolly içgileriň aşa kop içilmegi sebäpli döreýär.
Dowamy