SÖZENEGI BEJERÝÄN TÄZE TABLETKA
Eger ulanyş üçin tassyklanylsa, eýýäm aýallarda peşew ýollarynyň ýokançlygyny bejermekde ulanylýan bu derman serişdesi soňky 20 ýylyň içinde jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere garşy ilkinji täze antibiotik bolar.
GSK farmasewtik kompaniýasy tarapyndan oýlanylyp tapylan tabletka ylmy barlaglarda sözenegi (gonoreýa) bejermekde netijelilik görkezdi. "Blujepa" ady bilen satylýan bu tabletka mart aýynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy tarapyndan 12 ýaşdan uly aýal-gyzlarda peşew ýollarynyň ötüşmedik ýokançlyklaryny bejermek üçin tassyklanylypdy.
Ekspertleriň bellemegine görä, bu täze dermanyň çykarylmagy örän möhümdir. Çünki jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklary döredýän bakteriýalaryň adaty antibiotiklere bolan durnuklylygy barha güýçlenýär – ýagny adaty antibiotikler olary bejermekde barha ejizleşýärler.
BSGG-nyň sözenege seredýän bölüminiň müdiri Magnus Unemo bu täze dermanyň uly umyt berýändigini aýdyp, ýokançlygyň ýaýramasynyň öňüni almagyň hem (howpsuz jynsy gatnaşyklary we prezerwatiw ulanmagy öňe sürmek, özwagtynda barlagdan geçmek we ýokançlygy gözegçilikde saklamak) zerurdygyny nygtady.
Sözenek nähili ýokançlyk?
Sözenek öňüni alyp bolýan we antibiotikler bilen bejerip bolýan ýokançlyk bolup, Neisseria gonorrhoeae atly bakteriýa tarapyndan döreýär we esasan waginal, oral ýa-da anal jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşýar. Bu ýokançlyk göwreli eneden çagasyna hem ýokuşyp bilýär. Sözenek jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklaryň iň köp ýaýranlarynyň biri bolup, eger bejerilmese, aýallarda-da, erkeklerde-de önelgesizlige we beýleki jynsy gaýraüzülmelere eltip bilýär. Şeýle-de ol adamyň AIW keseline uçrama ähtimallygyny hem ýokarlandyrýar.
Sözenegiň aýalda we erkekde alamatlary tapawutly bolýar. Aýallar köplenç hiç hili alamatyny başdan geçirmeýärler, emma erkeklerde ujytdan bölünip çykmalara we buşukma wagtynda agyrylara hem awuşamalara syn edilip bilinýär. Sözenegiň köplenç prezerwatiwi yzygiderli we dogry ulanmak arkaly öňüni alyp bolýar.
Antibiotiklere durnuklylyk sözenegi bejermekde çynlakaý we barha ulalyp barýan päsgelçilikdir. Haçanda bar bolan antibiotikler keseli bejermekde ejiz gelseler, keseliň bejerilmezlik ähtimallygy artýar.