• Makalalar
  • COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 bowrek dializCOVID-19 wirusynyň öýkenden başga organlara-da täsir edýändigi baradaky subutnamalar gün-günden artýar. Koronawirusdan agyr kesellän näsaglarda esasan respirator ulgamy ýaramazlaşýar ýa-da togtaýar. Emma köp näsaglar ýürek, böwrek, merkezi nerw ulgamy we bedeniň beýleki bölekleri bilen baglanyşykly näsazlyklary hem başdan geçirýärler. Esasan hem, COVID-19 näsaglarynyň arasyndaky böwrek ýetmezçiligi dialize we böwrek çalyşmak terapiýasyna talaby artdyrýar. Böwrek ýetmezçiligi dürli faktorlaryň netijesinde döräp bilýär. Meselem, COVID-19 näsaglary üçin ulanylýan bejergiler ýa-da näsaglaryň immun ulgamlary artykmaç işläp (sitokin ştormy) organlara we muskullara zeper ýetirip bilýär. Emma bu zeperlere wirusyň özüniň sebäp bolup bilýändigi barada subutnamalar çykyp başlady. COVID-19 wirusynyň kliniki ösüşini we alamatlaryny doly suratlandyrmak üçin goşmaça ylmy barlaglar zerur. Häzirlikçe bolsa, COVID-19 wirusy köp dürli öýjüklere ýokuşyp, bedene köp dürli zyýan ýetirip bilýän ýaly görünýär.

Çeşme: John Hopkins Bloomberg Sсhool of Public Health

  • 1675 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 gartasan garyndasCovid-19-yň ilki dörän ýeri bolan Hytaýda geçirilen barlaglar, koronawirus ýokuşan adamyň ýaşy uly boldukça, onuň üçin howpuň artýandygyny görkezýär.

Netijede, gartaşan adamlar we olaryň ýakynlary näme çäreler görmeli?

BBC Londondaky Saint-George Uniwersitetiniň wirusology, professor doktor Elizabetta Groppelliden gartaşan adamlary nädip goramalydygyny sorap ýüzlendi.

Dowamy

  • 2680 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 mowsumleyinlikJohns Hopkins Uniwersitetiniň immunology Andrew Pekosz koronawirus bilen bagly derwaýys meseleler hakda gürrüň etdi.

Häzirki wagtda immunitet we COVID-19 barada näme bilýäris?

Alamatlarynyň dümewe meňzeşdigi we dümewiň köp duşýan möwsümi bolan gyşda dörändigi sebäpli, COVID-19 köplenç dümew bilen deňeşdirilýär. Emma immunitete gezek gelende, dümew we COVID-19 arasynda uly tapawut bar. Dümew meselesinde, ilatyň belli bir bölegi eýýäm dümewläp, sanjym alandygy üçin, oňa garşy immunitetli bolýar we şol ýyl täzeden dümewlemeýär. Ilatyň köp bölegi bolsa, güýçli bolmasa-da ýeterlik immunitetlidigi sebäpli dümewi ýeňil geçirýär.

Dowamy

  • 2944 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 yasama dermanÖsüp barýan ýurtlarda koronawirus bilen baglanyşykly ýasama dermanlaryň gün-günden köpelýändigini BSGG habar berýär. BSGG bu dermanlary kabul etmegiň howply gaýraüzülmelere eltip bilýändigini aýdýar.

COVID-19 krizisiniň içinde ýasama dermanlar we serişdeler ösüp barýan döwletlerde sil bolup akýar. Bu ýagdaý galp önümleriň "parallel pandemiýasyny" döredip biler.

Dowamy

  • 3002 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

Euronewscovid 19 bsz täzelikler saýty "Bir asyra golaý ulanylyp gelinýän inçekesel waksinasy COVID-19 wirusyndan goranmaga hem biraz kömek edip biler" diýip belleýär.

MedRxiv saýtyna görä, ylmy barlagçylar inçekesel waksinasy (BSZ) mejbury däl ýurtlara (Italiýa we ABŞ hem girýär) waksinany almak mejbury ýurtlara garanda koronawirusyň has agyr degendigini aýdýarlar.

Dowamy

  • 2426 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 yasa goraBaşda Hytaýdan gelen maglumatlar COVID-19 wirusynyň esasan agyr kesellerden ejir çekýän garry adamlara has uly howp salýandygyny aýdýardy. Wirus ABŞ-a ýaýrap başlanda bolsa, ol garrylara we düýpli saglyk kemçilikleri bolan adamlara has uly howp salýan ýaly göründi.

Häzirki wagtda ABŞ-da kesellänleriň köpelmegi we barlaglaryň artmagy bilen ýagdaý has hem aýdyňlaşýar.

Dowamy

  • 2687 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gun covid 19Günüň aşagynda durmak ýa-da 25°C ýokary temperaturada bolmak koronawirusdan (COVID-19) goramaýar.

Howanyň nä derejede güneşli ýa gyzgyndygyna garamazdan, COVID-19 bilen keselläp bolýar. Gyzgyn howaly ýurtlarda hem COVID-19 ýokuşan adamlar hasaba alyndy. Wirusdan goranmak üçin eliňi ýygy-ýygydan gowy edip ýuwmaly; gözüňi, agzyňy we burnuňy ellemekden saklanmaly.

Dowamy

  • 2601 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

ibuprofen covid 19Häzirki maglumatlara görä, BSGG ibuprofeniň ulanylmagyna garşylyk görkezmeýär. BSGG koronawirusly adamlaryň gyzgynyny peseltmek üçin ibuprofen ulanmakdan ýaýdanylýandygyndan habarly. Olar näsaglara seredýän lukmanlar bilen habarlaşyp durýarlar we häzire çenli ibuprofeniň zyýanly täsirlerine duş gelmediler.

Çeşme: BSSG/WHO

  • 2370 gezek okalan

SINOFOBIÝA NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

sinofobiyaKoronawirusyň Hytaýda tiz ýaýrap başlaly bäri dürli ýurtlarda sinofobiýa möwç alyp başlady. Sinofobiýa – bu Hytaýa, hytaýlylara, olaryň diline we medeniýetine bolan ýigrenç we gorkudyr. Sinofobiýa zerarly Hytaýa we hytaýlylara garşy rehimsiz hereketlere baş goşup başlan köp adam wirusy günäkärleýär. Käbir synçylar sinofobiýanyň ýaýramagynda mediýany ýazgarýarlar.

"Ylmy taýdan nädogry maglumatlar, syýasatçylaryň jokapkärçiliksiz tassyklamalary we wirusyň ýaýramagyna garşy geçirilýän düşnüksiz çäreler sinofobiýanyň biabraýçylykly ýagdaýda ýaýramagyna getirdi".

Dowamy

  • 2601 gezek okalan