• Makalalar
  • COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

tm covid hotline28-nji martda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça, ilat üçin sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35.

Biz bu liniýa jaň edip, onuň haçan işe girizilendigi, günde näçe adamyň jaň edýändigi we nähili sorag berýändikleri barada soradyk. Jogap beren zenan mylakatlylyk bilen, günde ortaça 20 adamyň jaň edýändigini aýtdy. Jaň edýänler esasan koronawirusyň öňüni alyş çärelerine degişli soraglary soraýan ekenler. Biz "Ministrligiň koronawirusa degişli saýty barmy?" diýip hem soradyk. Biz şeýle websaýt ilatyň maglumat almagyny döwrebaplaşdyrar we ýeňilleşdirer diýip pikir edýäris. Meselem, Gazagystanyň Saglyk ministrligi koronawirus barada ilata gazak we rus dillerinde maglumat we hasabat berýän ýörite websaýt açdy. Operator şeýle saýtyň ýokdugyny aýtdy we bu barada goşmaça soramak üçin bir telefon belgi berdi.

Dowamy

  • 2763 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

covid 19 surface stabilityÝakynda New England Journal of Medicine žurnalynda çap edilen ylmy barlaga görä, COVID-19 wirusy howada we zatlaryň ýüzünde birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli diri galyp bilýär. Bu ylmy barlag wirusyň plastiklerde 72 sagat, poslamaýan polatda 48 sagat, kartonda 24 sagat, misde 4 sagat, we howada 3 sagat saklanyp bilýändiginiň üstüni açdy.

Wirusyň plastikde 72 sagatlap saklanýandygy mediýanyň ünsüni çekýär we köp adamy gorkuzýar. Emma esasy bilmeli zat wirusyň möçberidir. 72 sagatdan soňra wirusyň başky möçberiniň diňe 0.1% galýar we ondan kesellemek mümkin däl diýen ýaly.

Dowamy

  • 2850 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

oksolin yagyRossiýanyň farmakologik klassifikasiýasyna görä, oksolin ýagy daşky ulanyş üçin niýetlenen antiwirus serişdeleriniň hataryna girýär. Bu ýag öň "Oksonaftilin" we "Tetraksolin" atlary bilen hem ýaýradyldy. Düzümi oksoliniňkä meňzeş derman serişdeleriniň öňki SSSR döwletlerinden daşarda hasaba alnandygy barada elýeter maglumat ýok.

Oksoliniň uzak wagtdan bäri wirusly riniti bejermekde we dümewiň öňüni almakda giňden ulanylýandygyna garamazdan, ol ylmy lukmançylykda täsiri subut edilmedik derman hasaplanylýar.

Dowamy

  • 3347 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

COVID sadaka toy

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, koronawirus üýşmeleňlerde we köpçülik ýerlerinde has çalt ýokuşýar we ýaýraýar. Çakylyk ugradan kişä wirusyň howplary barada mylakatlylyk bilen düşündiriň. Telefon arkaly begenjiňizi we gynanjyňyzy bildiriň. Koronawirusdan goranmak üçin öýden çykmajak boluň. Adamlar bilen araňyzda azyndan 1 metr aralyk saklaň. Keselli adamlara hijem ýakynlaşmaň.

A sen nädip goranýarsyň?

#koronavirus

  • 3020 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

alkogol we koronawirusAlkogolly içgileri içmek koronawirusyň ýokuşmagynyň öňüni almaýar. Alkogolly içgiler elmydama çeni-çaky bilen kabul edilmeli. Artykmaç alkogol kabul etmek immun ulgamyny gowşadyp, pnewmoniýa ýaly keselleriň döremegine getirip bilýär.

Dowamy

  • 2977 gezek okalan

ÝÜZÄRLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

yuzarlik harmala

Ýüzärlik (latynça: peganum harmala) takyr ýerde ösýän ak güllüje, ysly haşal ösümlik.

Halk lukmançylygynda:

▣  Orta Gündogarda, Merkezi Aziýada we Demirgazyk Afrikada ýaman gözden goranmak üçin ulanylýar.

▣  Ýaşaýyş ýerlerinde ýakymly ys beriji hökmünde tüsseledilýär.

▣  Agyry aýryjy, aýbaşynyň gelmegine we çaganyň düşmegine (abort) kömek ediji serişde hökmünde ulanylýar.

▣  Adamda bolup bilýän parazit gurçuklary ýok etmek üçin ulanylýar.

Dowamy

  • 4373 gezek okalan

"PANDEMIÝA" NÄME?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

pandemiya nameBSGG koronawirus infeksiýasynyň pandemiýa ýagdaýyna geçendigini yglan etdi. Seredäýmäne gorkunç zat ýaly, ýöne aslynda üýtgeşik bolan zat ýok.

Häzire çenli "pandemiýa" sözüniň anyk bir kesgitlemesi ýok.

2020-nji ýylyň 11-nji martynda BSGG (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) täze ýüze çykan koronawirus infeksiyasynyň pandemiýa ýagdaýyny yglan etdi. Bu 1948-nji ýylda döredilen guramanyň taryhynda ilkinji ýagdaý däl. Muňa garamazdan, BSGG-y anyk ölçeglere görä hereket edýär diýip bolanok. Umuman alanda, pandemiýa – bu "täze ýüze çykan keseliň dünýä möçberinde ýaýramagydyr". Emma bu kesgitlemä, kän bir pandemiýa hökmünde garalmaýan köpsanly keseller dogry gelýär (meselem, möwsümleýin dümew).

Dowamy

  • 3136 gezek okalan