• Makalalar
  • COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Covid 19 kondisionerZähmet gigiýenasy hünärmenleriniň "gözegçilik düzgünnamasyna" laýyklykda, kondisioner we wentilýasiýa ulgamlary köpçüligiň üýşýän ýapyk binalarynda infeksiýalaryň ýaýrama howpuny azaltmak üçin ulanylýan netijeli gözegçilik usuly hasaplanýar.

Dowamy

  • 1836 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

can we beat sars cov 2Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda keseliň öňüni alyş 3 termin arkaly suratlandyrylýar:

↪ Kontrolda saklamak bilen keseliň ýokuşmasy, howpy we ýaramaz täsirleri azaldylýar. Berk kontrolda saklanýan kesellere bürmek keseli (stolbnýak) we täjihoraz (difteriýa) degişli.

↪ Aradan aýyrmak – bu keseli kontrol astyna alyp, onuň belli bir ýere tebigy taýdan ýaýramasyna ýol bermezlikdir. Meselem, poliomiýelit keseli Amerika materiginde aradan aýryldy.

↪ Ýok etmek diýlip, wirus ýaly ýokuşýan keseli göterijini tebigatdan doly aýryp, global derejede soňuna çykylmagyna aýdylýar. Muňa mama keseli (ospa) mysal bolup biler.

Dowamy

  • 1622 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Massaçusets Uniwersitetiniň biologiýa professorycovid 19 owren we goran Erin Bromaž meşhurlyk gazanan blogunda okyjylara ýönekeý formulanyň üsti bilen wirusyň ýokuşma töwekgelçiligini düşündirdi: wirusly atmosferada bolmak × wagt = ýokuşma.

Keselli adamyň ýekeje gezek asgyrmagy wirusy uzak aralyklara syçradyp bilýär. Asgyrmaýan keselli adam bilen üýşmeleňde wagt geçirmek hem deň derejede howply. Emma welin, ylgap barýanyň ýa-da dükanda söwda edip ýöreniň deňinden geçip gitmek ullakan howp salmaýar.

Dowamy

  • 1737 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 dermanlary barlagdaBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) birnäçe dermanyň koronawirusa garşy üstünlikli göreşip biljekdigini aýtdy. Indi BSGG 4-5 sany iň gowy netije beren dermany has düýpli öwrenmegiň üstünde işlär. Dermanlaryň ady welin aýan edilmedi.

BSGG bilinýän dermanlaryň hijisiniň wirusy doly aýyrmaýandygyny, diňe keseliň döredýän kynçylyklaryny azaldýandygyny nygtady.

Dermanlardan başga-da, COVID-19 üçin waksinanyň üstünde hem işlenilýär. Emma onuň näwagt we nädip ýasaljagy näbelliligine galýar.

  • 1466 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

covid 19 gowrelilikLukmanlar henizem wirusyň düwünçegiň ösüşine edýän täsiri barada kän bilmeýärler. Koronawirus ýokuşan göwreli aýallarda keseliň alamatlary adaty adamlaryňkydan üýtgeşik bolmaýar – ýagny, koronawirus ýokuşan göwreli aýallar hem edil beýleki adamlar ýaly üsgülewük, gyzzyrma, demgysma, kelleagyry we yslary saýgarmakda kynçylyklary başdan geçirýärler. Aýallaryň köpüsi birnäçe günde sagalyp gidýärler.

Käbir wiruslar göwreli aýallara uly howp salýar, emma COVID-19 wirusynyň howply wiruslaryň sanawyna girýändigi barada hiç hili subutnama ýok.

Dowamy

  • 1908 gezek okalan

COVID-19 BARLAGLARY BARADA FAKTLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

covid 19 barlaglarCOVID-19 testleri (barlag) keseliň ýaýraýşyny ölçemekde we pandemiýa nähili çemeleşmegi kesgitlemekde örän möhüm rol oýnaýar. COVID-19 testleriň iki görnüşi bolup, olaryň ulanylyşynda tapawutlar we çäklendirmeler bar. Ilat saglygyna degişli iň gowy kararlara gelmek üçin bu barlaglar baradaky faktlary bilmek wajypdyr.

Okamany dowam et

  • 2042 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

covid 19 immunitet pasportyBSGG ilatyň saglygyny we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny nazarda tutup, COVID-19 bilen göreşmegiň indiki tapgyryna degişli gollanma çykardy. Käbir hökümetlere görä, COVID-19-a sebäp bolýan SARS-CoV-2 wirusyna garşy antibedenleriň anyklanmagy "immunitet pasportuna" esas bolup biler. Bu adamlaryň ikilenç kesellemen diýen pikir bilen daşaryk çykmagyna ýa-da işe gatnap başlamagyna getirer. Häzirki wagtda COVID-19-dan sagalyp, antibedenleri bar bolan kişilere keseliň gaýtadan ýokuşmajakdygyny tassyklaýan hiç hili delil ýok.

Çeşme: BSGG

  • 1571 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 caklendirmelerÝokanç keselleriň ýaýramagynyň ähtimal döwründe ilatyň saglygyny goramak üçin raýatlaryň hereketi çäklendirilýär. Şeýle çäklendirmeler olaryň daşaryk çykmagynyň gadagan edilmeginden başlap, edara-kärhanalaryň we mekdepleriň ýapylmagyny, adamlaryň öýlerinden çykmasyz edilmegini, lukmançylyk desgalarynda mejbury karantinde saklanmagy öz içine alýar.

Keseliň ýaýrandygy çaklanylýan döwürde ilatyň saglygyny goraýyş çärelerini geçirmegiň maksady erkinlik bilen bagly mejbury çäklendirmeler hem-de raýatyň erkinliginiň arasyndaky deňligi sazlamakdan ybaratdyr. Bu gelinýän kararlary köpçülikleýin we aýdyň delillendirmek we halkyň saglygyny kanunalaýyk goramak üçin edilýär.

Dowamy

  • 1582 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 garsy goresmekKoronawirusyň ilki ýaýran wagtlary nämäniň nämedigi näbellidi. Kesele garşy göreşmegiň käbir ýollary:

↪ Waksina taýýarlamak: Iň ileri tutulýan mesele şu bolmaly. Sanjymyň taýýarlanmagy azyndan bir ýyla çekäýende-de, ol keseliň ýaýramagynyň öňüni mazaly alyp biler. Şeýle hem, önümçiligiň dünýäniň dürli ýerlerinde meýilleşdirilmegi zerurdyr.

Dowamy

  • 1597 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

covid 19 bejergi yok bolsaTassyklanan bejergisi bolmasa-da, saglyk edaralary we hünärmenleri COVID-19 bilen kesellän näsaglara şu ýollar arkaly ideg edip, olaryň diri galmagyny gazanyp edip biler:

1. Keseliň alamatlaryna gözegçilik etmek: Gyzgyna, üsgülewüge we wirus bilen baglanyşykly beýleki umumy alamatlara gözegçilik edip, COVID-19 keselini ýeňilleşdiriji derman serişdelerini bermeli.

Dowamy

  • 1522 gezek okalan