• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜREK NÄME ÜÇIN GYSYLÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

Stenokardiýa (tutgaýly ýüregagyry keseli) – ýürek myşsasynyň (miokardyň) gan aýlanyşygynyň ýiti ýetmezçiligi netijesinde, döşde duýdansyz döreýän agyryly tutgaýlardyr.

"Ýüregiň infarkty" diýen düşünje kesgitlenýänçä, 140 ýyldan hem köp wagtlap stenokardiýa ýüregiň işemiýa (ýerli gan ýetmezçiligi) keseliniň ýeke-täk häsiýetlendirijisi hökmünde kesgitlenipdir.

Stenokardiýanyň alamatlary Gippokrata we Galena hem belli bolupdyr. Birinji gezek "stenokardiýa" ýa-da "döş gurbagasy" (onuň başga sinonimy) diýen düşünjäni 1768-nji ýylda B. Gaberden ulanýar. 1772-nji ýylda bolsa onuň alamatlaryny doly we düşnükli beýan edýär.

Dowamy

  • 17209 gezek okalan

RADIKULIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Radikulit – daşky nerw ulgamynyň oňurga ýiliginden gaýdýan nerw süýmleriniň çogdamjyklaryny  şikeslendirýän keseldir. Radikulitiň iň ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri oňurga keseli osteohondrozdyr.

Osteohondrozda oňurgara kitirdewük diskleri çeýelegini ýitirip, nerw çogdamjyklaryny gysýar. Diskleri üýtgän oňurga birikmelerinde duz ýygnanýar.  Munuň netijesinde döreýän çykytlar agram salnanda nerw  çogdamjyklary gysyp, agyryny döredýärler. Birden çalt hereket edilende, oňurgada ýiti agyrylar döredýär.

Dowamy

  • 8566 gezek okalan

GIPOTIREOZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Gipotireoz (miksedema) – köp duş gelýän kliniki alamatlar toplumy bolup, galkan şekilli mäziň (GŞM) gormonlarynyň täsiriniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýandyr.

GŞM-iň işläp çykarýan gormonlaryna tiroksin (T4) we triýodtironin (T3) degişlidir. T4 we T3 gormonlarynyň beden öýjüklerindäki biohimiki alyş-çalyş ýagdaýlaryna gatnaşyp, bedeniň ösüşine we kämilleşmegine täsirini ýetirýänligi üçin, olaryň ýetmezçiligi beden ulgamlarynyň köpsanly bozulmalaryna getirip biler. Gipotireozyň öte geçen görnüşleri zähmete bolan ukyplylygy peseldip, köp ýagdaýlarda näsagy maýyplyga getirýändir. Keseli irki möhletlerde anyklamak bilen, ony doly bejerip hem-de agyr görnüşleriniň öňüni alyp boljakdygyny bellemek wajypdyr.

Dowamy

  • 7252 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (15 Ses)

Glaukoma – gözüň dowamly agyr keseli bolup, göz içindäki basyşyň hemişelik ýa-da wagtal-wagtal galmagy, görüş nerwiniň atrofiýasy we görüş meýdanynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär.

Glaukoma – grekçe deňiz suwunyň reňki diýmekdir. Sebäbi keseliň ýiti tutgaýly döwründe giňän we hereketsiz görejiň reňki ýaşylymtyl reňke öwrülýär.

Bu kesel islendik ýaşda döräp biler. Ýöne kesel garrylyk döwründe has köp duş gelýändir. Dogabitdi glaukoma täze doglan 10-20 müň çaganyň arasynda diňe bir çagada duş gelmegi ahmal. 40-45 ýaş aralygynda birinji gezek ýüze çykýan glaukoma ilatyň 0,1%-de duş gelýär, 50-60 ýaş aralykda – 1,5%, 75 ýaşdan uly adamlarda-3% ýagdaýlarda duş gelýändir. Bu kesel bejerip bolmaýan körlügiň sebäpleriniň biri bolup, möhüm sosial ähmiýete eýedir.

Dowamy

  • 10206 gezek okalan

KÖRIÇEGE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Gurçuk görnüşli ösüntginiň (appendiks) yagdaýlaryny beýan edýän maglumatlar XVI asyrda Leonardo da Winçiniň hem-da Andreasa Wezaliniň ylmy işlerinde hem duş gelýär.

Birnäçe wagtdan soň Ýewropa lukmanlary hem jesetleri kesip açan halatlarynda, gurçuk görnüşli ösüntginiň sowuklama ýagdaýlaryna duş gelýändiklerini beýan edipdirler. Köriçege (appendisit) kör içegäniň sowuklamagynyň netijesi saýylyp, ol ýagdaýa kän bir üns hem berilmändir. (Kör içegäniň sowuklamagyna "typhlitis" diýilýär). XIX asyrda iňlis hirurglary Braýt we Addison ýiti köriçegäniň alamatlaryny has takyk beýan edip, ony aýratyn kesel hökmünde häsiýetlendiripdirler. Bu bolsa ýiti köriçegeli näsaglaryň bejergisinde operatiw usuly birinji orna çykarmaga itergi beripdir.

Dowamy

  • 9024 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.46 (24 Ses)

Peşew çykaryş we jyns ýollarynyň nemli örtügine zeper ýetirýän kömelekli keselleri (urogenital kandidozy) kandida maşgalasyna degişli bolan heň kömelejikleri döredýär. Urogenital kandidozy giňden ýaýran bolup, ol dowamly häsiýete eýedir. Bu kesele gaýtalanyp durma ýagdaýy mahsusdyr.

Candida maşgalasyna kömelejikleriň 150 golaý görnüşi degişlidir. Olaryň birnäçesi adamda keselçilik döretmäge ukyplydyr: C. albicans, C. tropikalis, C. krusei, C. guiellermondi, C. parap-silosis, C. psewdotropikalis. Sanalyp geçilenleriň arasynda C. albikans görnüşiniň kesel döredijilik ukyby has hem ýokarydyr.

Dowamy

  • 12036 gezek okalan

BABASYL KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.31 (36 Ses)

Babasyl (gemorroý) keseli  köp duş gelýän, adama köp oňaýsyzlyklary döredýän keseldir. Ol göni içegäniň aşaky böleginde ýerleşýän wena damarlarynda (babasyl düwünleri)  gan aýlanşygynyň bozulyp, olaryň ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Ilatyň 10%-i babasyl keselinden ejir çekýändir. Keseliň döremegine gan aýlanşygy kynlaşdyrýan dürli faktorlar sebäp bolup biler. Ol faktorlara aşakdakylar degişlidir:

Dowamy

  • 14784 gezek okalan

PROSTATIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (12 Ses)

Prostatit – erkeklik jyns mäziniň sowuklamagy bolup, 20-50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda iň köp duş gelýän urologiki keseldir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, 30 ýaşdan soň prostatitden erkekleriň 30%-i, 40 ýaşdan soň 40%-i we 50 ýaşdan soň 50%-i ejir çekýändir.

Erkeklik jyns mäzi (prostata) jyns ulgamynyň wajyp agzasy bolup, ýörite suwuklyk işläp çykarýandyr. Bu suwuklyk dürli dispersli böleklerden ybarat bolup, öz düzüminde beloklary, elektrolitleri, ýaglary we gormonlary saklaýandyr. Ol erkeklik jyns öýjükleriniň (spermotozoidleriň) hereketliligini amala aşyrmak üçin tohumlylygy suwuklandyrýandyr. Ondan başga-da, jyns mäzi testosteronyň kadaly işläp çykmagyna gatnaşýan esasy agzadyr. Jyns mäziň we tohum haltajygynyň myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde, peşew çykaryjy kanala tohumlygyň zyňylmagy amala aşyrylýar. Bu ýagdaý başgaça "eýakulýasiýa" diýlip atlandyrylýar.

Dowamy

  • 10972 gezek okalan

ÝATGYNYŇ MIOMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Ýatgynyň miomasy aýal jyns agzalarynyň köp duş gelýän howply däl täze döremesidir. Olar öz düzümi boýunça myşsadan ýa-da birleşdiriji dokumadan ybarat bolup bilýärler. Agdyllyk edýän dokumanyň görnüşine baglylykda howply däl täze döreme fibromioma (birleşdiriji dokuma köp – bu seýrek ýagdaý) ýa-da mioma (myşsa dokumasy köp – 5:1 gatnaşykda) diýip atlandyrylýar. Onuň düzüminiň 75-85% yagdaýlarda myşsadan ybaratlygyny göz öňüne tutup, soňky ýyllar ony "mioma" diýip atlandyrmak dogry bilindi.

Ýatgynyň miomasy 20-40 ýaş aralygynda emele gelýändir. Operatiw bejergi köplenç 30-50 ýaş aralygyndaky aýallarda geçirilýär. Soňky ýyllarda miomanyň "ýaşarandygyny" belläp geçmelidir.

Dowamy

  • 9571 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (19 Ses)

Häzirki zaman lukmançylygyna geçen asyrlarda millionlarça adamlaryň ömrüni alyp giden kesellerden üstün çykma başartsada, oňa kiçijik möjekleri ýok etmek entek başardanok. Bu kesel adamzada gadymy asyrlardan bäri bellidir. Ol barada birinji maglumatlar Aristoteliň işlerinde duş gelýär (b.e. öň IV asyr). Gurap galan bitleri gadymy hindi, peru, indeýleriň gonamçylyklaryndaky jesetlerden hem tapypdyrlar. Olar Grenlandiýa we  Aleut adalarynda (XV asyr) tapylan mumiýalaşan jesetlerde hem duş gelýär.

B.e. 500 ýyl öň Gerodot: "Olar hudaýa gulluk edenlerinde hiç hili bit ýa-da başga mör-möjek ýapyşmaz ýaly..." diýip, müsür dindarlarynyň kellesiniň hemişe arassa syrylanlygyny belläp geçýär. Baryp 200 ýylyň dowamynda Ýewropa ýurtlarynda pedikulezyň köpçilikleýin ýaýramagy ýüze çykyar. ABŞ-da her ýylda kelle pedikulezynyň 6-12 mln ýagdaýy duş gelýändir.

Dowamy

  • 10944 gezek okalan