• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (33 Ses)

Iç gatama-dürli sebäplere görä içegeleriň boşap bilmezligi ýa-da olaryň seýrek boşamagy bilen baglanşykly kynçylyk bolup, ol çagalarda hem, uly adamlarda hem deň derejede duş gelýändir. Iç gatamanyň ýüze çykmagy, esasan, nädogry iýmitlenme we ýaramaz ýaşaýyş endikleri bilen bagly bolup biler. Bu ýagdaý köplenç, iýmit siňdiriş agzalaryň keselleriniň alamaty höküminde hem ýüze çykyp bilýändir. Iç gatamada garyndaky agyry, içiň jugurdamagy, ýellenmegi we bedeniň agramynyň kemelmegi ýaly oňaýsyzlyklar ýüze çykýar. Iç gatama dürli usullar bilen bejerilip, ýörite berhiz saklamak we işjeň ýaşaýyş-durmuş tertibini alyp barmak bu kynçylygy bejermegiň iň wajyp şertleridir.

Dowamy

  • 19641 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Neýrodermit – gijeme, galyňlaşan deride düwünçejikleriň döremegi bilen häsiýetlendirilýän dowamly, gaýtalanyp durýan deri keselidir. Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran bu kesel, ähli deri keselleriniň umumy sanynyň 40%-ni eýeläp, ol esasan çagalyk döwründe ýygy duş gelýändir.

NEÝRODERMIT KESELINIŇ GÖRNÜŞLERI

Keseliň alamatlarynyň dörän ýerine we ýaýraýyş häsiýetine baglylykda birnäçe görnüşini tapawutlandyrýarlar:

Dowamy

  • 8111 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (17 Ses)

Köp adamlar üçin iş, has hem söýgüli iş, wagtyň geçmegi bilen belli bir derejede durmuşynyň akymyna, gözýetimine we özüni alyp barmaklygyň ýörelgesine öwrülýär. Işine durky bilen berlen adama nazar salanyňda onuň haýsy kärde işleýänligini çaklap bolýar. Ýöne gynansak hem, kär bilen bagly endikler we häsiýetler bilen bir hatarda, her bir hünär bilen bagly keselleri gazanmak howpy döreýändir.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 100000-den gowrak biologiki faktorlar, 50 golaý fiziki we takmynan 20 golaý önümçilik şertleri we fiziki agramlylygyň görnüşleri, dürli psihologiki we sosial meseleler ýaramaz faktorlar bolup, keselçilige ýa-da ruhy dartgynlylyga getirýär. Şeýle-de, meşgullanýan zähmetinden nägile bolmaklyga, içki ruhy deňagramlylygyň bozulmagyna sebäp bolýar we saglyga zyýan ýetirýär.

Dowamy

  • 7336 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (19 Ses)

Tomus paslynda iýmit önümleriň çalt zaýalanmagy, teşneligi gandyrmak maksady bilen arassalygy belli bolmadyk suw satylýan söwda nokatlaryndan suwuň kabul edilmegi, ýaplarda, howdanlarda zyýansyzlandyrylmadyk suwda suwa düşülmegi, mazaly bişmedik ir-iýmişleriň iýilmegi iýmit siňdiriş ulgamyň işinde näsazlyklary döredip, içiň geçmegi ýaly kynçylygy döredip biler.

Bir gije-gündiziň dowamynda uly adamlarda täret etmäniň 2 gezekden artyk ýygjamlaşmagyna içgeçme (diareýa) ýagdaýy höküminde seredip, täretiň hem suwuk görnüşe eýe bolýandygyny nazara almalydyr.

Biziň köpümiz köplenç bu oňaýsyz ýagdaýa çynlakaý seretmeýän hem bolsak, özwagtynda öňi alynmadyk içgeçmäniň bütin bedeniň işinde bökdençlik döredip biljekdigini bilmelidiris.

Dowamy

  • 6903 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (28 Ses)

Guragyry keseli adamzada gadym döwürden bäri bellidir. Eýýäm Gadymy Hytaý ylmy  işlerinde we Gippokratyň işlerinde bu keseliň alamatlary beýan edilipdir. Biziň döwrümizde guragyry keseli diýilende, çişen, ezýet berýän bogunlar ýada düşýär. Hakykatda bolsa, bu kesel köp beden ulgamlaryny zeperlendiriji hem-de gaýraüzülmelere getirýän kesel hökmünde häsiýetlendirilýändir.

Guragyry – baglaýyjy dokumalaryň we bogunlaryň  ulgamlaýyn çişme keseli bolup, köplenç ýüregiň zeperlenmegine getirýär. Bu kesel esasan çagalarda, ýetginjeklerde, ýaş adamlarda duş gelýär. Zenan maşgalalarda erkek kişilere garanyňda guragyry 3 esse ýygy ýüze çykýp,  ýaşyň ýokarlanmagy bilen bu san deňleşýändir.

Dowamy

  • 11812 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.16 (49 Ses)

Salam, Lukman aga! Witiligo keseli haýsy sebäplere görä döreýär? Bu kesel nähili geçýär? Oňa garşy nädip göreşmeli? Bejerginiň ygtybarly usullary barmy? Biziň ýurdumyzda bu kesel nirede, nähili usulda bejerilýär? Bu keseli öý şertlerinde nähili derman serişdeleri bilen bejerip bolýar? Umuman, şu kesel barada maglumat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Witiligo (gazanylan leýkoderma, leýkopatiýa ýa-da pis açma) – dowamly  kesel bolup, deriniň ýüzünde  tegmilleriň peýda bolmagy we ulalyp ýaýramagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu kesel gadym zamanlardan bäri belli bolup, latyn diliniň "vitium" sözünden gelip çykýar we ýetmezçilik, "göz degme" diýmegi aňladýar. Witiligo örän agyr we döreýiş sebäplerini  düşündirmesi kyn bolan keselleriň biridir. Ol adamyň ýaşyna, durmuş şertlerine, ýaşaýan sebidine garamazdan  ýüze çykyp bilýändir.

Dowamy

  • 16519 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (18 Ses)

Enterokolitler inçe we ýogyn içegäniň nemli bardasynyň sowuklama hadysasy bilen häsiýetlendirilýän keseller toplumydyr. Keseliň  gidişi boýunça onuň ýiti we dowamly görnüşi tapawutlandyrylýar.

Ýiti enterokolit  köplenç ýiti gastrit bilen (gastroenterokolit) utgaşyp gelýär we gelip çykyşyna görä ýokanç we ýokanç däl enterokolitlere bölünýär. Käte içegäniň nemli örtüginiň zeperlenmesi  allergiýanyň netijesinde ýüze çykýar. Dürli zäherler we derman serişdeleri bilen zäherlenmek hem ýiti enterokolidiň döremegine getirip bilýär. Keseliň ýiti görnüşinde sowuklama hadysasy diňe nemli bardany zeperlendirýär we has çuň gatlaklara geçmeýär.

Dowamly enterokolit köplenç içegäniň ýiti sowuklama ýagdaýynyň talaba laýyk geçirilmedik bejergisiniň netijesi bolýar. Ol arasynda ýitileşip, soňra wagtlaýynça gowşaýar we  uzak wagta çekýär. Wagtyň geçmegi bilen nemli bardanyň destruktiw üýtgemesi ýüze çykýar we zeperlenme içegäniň nemli bardasynyň aşaky gatlaklaryna geçýär. Uzaga çekýän dowamly enterokolit içegäniň hereketiniň, iýmit siňdiriş ýagdaýlaryň bozulmagyna getirýär.

Dowamy

  • 10862 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (13 Ses)

Wegeto-damar distoniýasy iň ýygy duş gelýän we alamatlaryň köpdürliligi bilen tapawutlanýan nerw ulgamynyň bozulmasy bolup, onuň dürli beden kesellerini güman etmäge esas döredýän alamatlar toplumy bilen ýüze çykmagy, bizi "aldawa" duçar edip biler. Bu kesel babatda döräp biljek esasy soraglaryň üstünde durup geçeliň.

Wegeto-damar distoniýasy näme?

Wegeto-damar distoniýasy (neýrosirkulýator distoniýa) – bu bedende iki sany esasy fiziologiki hadysalary  amala aşyrýan wegetatiw nerw ulgamynyň işiniň bozulmagydyr. Ol esasy beden hadysalary aşakdakylardan ybaratdyr:

Dowamy

  • 7745 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (16 Ses)

Leýkoz (akganlylyk) – gany köpeldýän öýjüklerde döräp, süňk ýiligini zeperlendirýän çiş keselleriniň umumy ady. Keseliň sebäpleri we döreýiş şertleri belli bolman, onuň ösüşi howply çişi ýada salýar. Leýkozyň gelip çykyşynyň wirusly (ýokançly) häsiýeti bar diýen çaklamalar hem bar.  Ol süňk ýiligini, dalagy we limfatik düwünleri zeperlendirýär.

Leýkoz keselinde ganda diňe süňk ýiliginde we limfatik düwünlerinde köp mukdarda doly ýetişmedik leýkositleri (ak gan öýjükleri) görüp bolýar. Belli bir ýagdaýlarda gandaky leýkositleriň umumy mukdary köpelmän, diňe hil taýdan üýtgeşme bolup geçýär. Bular ýaly leýkozlar aleýkemiki diýip atlandyrýarlar. 

Leýkozyň ýiti we dowamly görnüşleri bar.

Dowamy

  • 11295 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (34 Ses)

Bagryň sirrozy – dowamly kesel bolup, ol bagryň dokumasynyň düýpli üýtgemegi we birleşdiriji dokumanyň emele gelmegi, bagyr öýjükleriniň işiniň ýetmezçiligi, bagyrda gan, limfa, öt aýlanyşygynyň üýtgemegi, bagryň işiniň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bagryň sirrozy alkogol içgileriň uzak wagtyň dowamynda kabul edilmegi, soňabaka dowamly gepatite öwrülýän wirusly gepatite ýolukmaklyk, autoimmun häsiýetli bozulmalaryň döremegi, öt çykaryş ýollaryň uzak wagtyň dowamyndan dykylmagy hem-de öt durgunlylygynyň ýüze çykmagy, toksiki maddalaryň uzakmöhletleýin täsiri zerarly ýüze çykýp biler. Seýrek ýagdaýlarda bagryň sirrozy dowamly ýürek ýetmezçiligi, gemohromotoz we bagra täsir edýän mugthorlar (meselem, ehinokokkoz)  zerarly döräp biler.

Dowamy

  • 19886 gezek okalan