• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • 24-30 APREL – HALKARA IMMUNIZASIÝA HEPDELIGI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

24-30 APREL – HALKARA IMMUNIZASIÝA HEPDELIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

waksinasiya#WaksinalarHemmäPeýdaly

Waksinasiýa – çagalary infeksion kesellerden goramagyň iň zerur we howpsuz çäreleriniň biridir. Öňüni alyş sanjymlary (immunizasiýa, waksinasiýa) – emeli ýol bilen bedene kesellere garşy göreşmek ukybyny berýär. Onuň üçin kesel dörediji bakteriýalaryň we wiruslaryň howply bolmadyk bir bölegi ulanylýar. Waksinasiýa dünýäde çaga ölümini azaltmakda uly rol oýnaýar.

↪ Häzirki wagta Türkmenistanyň milli kalendary 14 infeksiýa garşy waksina bar.

↪ Türkmenistanda ilatyň immunizasivasyna degişli resmi sanlary BSSG guramasynyň web sahypasynda görüp bolýar. Hasabat sahypasyna görä, ilatyň 99% waksinasiýadan geçen.

↪ Türkmenistanda soňky üç ýylyň içinde diňe hapgyrtma we gökbogma bilen kesellänleriň sanlary görkezilýär: Hapgyrtma (swinka) keseline duçar bolanlar: 2017-nji ýylda 24 adam, 2018-nji ýylda 15 adam; Gökbogma (koklýuş) keseline duçar bolanlar: 2016-nji ýylda 2 adam.

↪ Türkmenistanda ähli çagalara waksina sanjymlary tölegsiz berilýär. 24-35 aýlyk çagalaryň 95% bir ýaşa ýetmänkäler maslahat berlen waksinalary alýarlar.

2016-2020 ýyllar aralygynda hökümet ilaty waksina bilen öňüni alyp bolýan kesellerden goramak üçin 40 million ABŞ dollardan gowrak harçlady.

↪ Şeýle-de, hökümet ýene 3 infeksiýa (pnewmokok, rotawirus, gepatit A) garşy waksina satyn almak üçin goşmaça 17 million ABŞ dollaryny harçlady.

Çagalaryň wagtly-wagtynda we dogry waksina almagyna gözegçilik ediň. Waksinasiýanyň tertibi meýilnama boýunça alnyp barylýar. Bu babatda hemişe öz lukmanyňyz bilen habarlaşyp we maslahatlaşyp duruň!

Sen ene-ata hökmünde Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlarynyň tertibini, düşündirişini, soraglaryňa jogaplary haýsy çeşmelerden/kimden alýarsyň, öwrenýärsiň? Türkmen dilinde waksinalar we olary näme üçin almalydygy barada maglumat berýän online çeşme barmy?

Saglygyň immunizasiýa degişli makalalary:

  • 463 gezek okalan